Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ilat köp garaşyp satyn alan ununy iýip bilmeýär


Aşgabadyň döwlet dükanynda satyn alnan unuň reňki we düzümi erbet, ysy agyr
Aşgabadyň döwlet dükanynda satyn alnan unuň reňki we düzümi erbet, ysy agyr

Türkmenistanda ilata un paýlarynyň satylyp başlamagy ilat üçin uly waka bolmagynda galýar. Adamlar bazar nyrhyndan biraz arzanrak satylýan undan aýlyk paýyna henizem birnäçe hepdeläp, käte birnäçe aýlap garaşmaly bolýarlar. Emma, şeýdip satyn alnan unuň iýmite ýaramaýan halatlary seýrek däl. Soňky günlerde Mary welaýatynda käbir döwlet dükanlarynda ilata satylan un çig we çüýrük bolup çykdy.

Mary welaýatynyň Baýramaly, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda şu günler "paýok" diýlip ilata satylýan unuň hiliniň juda pesdigini ýerli habarçylar 15-nji noýabrda maglumat berdiler.

Soňky günlerde döwlet dükanynda satylan uny özi hem alan habarçy ondan çörek bişirip bolmaýandygyny, onuň ysynyň porsydygyny aýdýar: "Diňe mala beräýmeseň, başga zada ýaranok. Halka näme sebäpden beýle harytlaryň goýberilýändigi belli däl. Özüni oňarýan hojalyklar ony mala berýärler, ýöne garyp daýhan bu berilýän paýok una gözüni dikip oturýar, paýok un bilen oňjak bolýar".

Habarçy, ilata un paýlaryny satmak üçin ýerli döwlet dükanlaryna ortaça 30 haltadan goýberilýändigini ýerli söwda wekillerine salgylanyp habar berdi.

Köpçülik subsidirlenen azyk önümleriniň hiline garamazdan, olaryň satylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Oba ýerlerinde ilatyň azyk üpjünçiligi hasam agyr bolup, un paýlaryň söwdasy birnäçe aýlap gijikdirilýär. Maryda soňky gezek un oktýabrda, bahar aýlarynyň un paýlarynyň hasabyna satyldy.

Ýerli habarçylar indi noýabrda satylýan unuň hiliniň erbetligi oňa sabyrsyzlyk bilen garaşan adamlaryň gününi agyrlaşdyrdy, açlyk aladasyny güýçlendirdi diýýärler.

"Un porsy ys berse-de, adamlar ondan çörek bişirip iýmäge mejbur. Diňe uly adamlar däl, eýsem çagalar hem şol çörekden iýmeli, bu çaganyň aşgazany üçin gaty uly zyýan" diýip habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda hökümet tarapyndan kesgitlenýän nyrhdan, arzanlandyrlan diýlip adam başyna çäkli möçberde satylýan azyk önümleri ilatyň uly bölegi üçin ýeke-täk iýmit çeşmesi bolmagynda galýar.

Döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 1 manatdan satylýan un her adam başyna bir aýda 5 kilogram diýlip hasaplanýar. Muny satyn almak üçin her maşgala ýylyň başynda agzalarynyň sany boýunça resminama alyp, belli bir dükana tabşyrmaly. Her aýyň un paýlarynyň satylýan wagty üýtgäp durýar, uzak wagtlap satylmaýan pursatlary hem bolýar.

Adam başyna 5 kilogramdan ybarat aýlyk paýy iýmitlenmek üçin ýetmeýär, köpçülik bazar nyrhyndan goşmaça un satyn almaga mejbur bolýar. Häzirki wagtda Marynyň bazarlarynda açyk söwdada satylýan unuň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 300 manada ýetdi.

Marynyň döwlet dükanlarynda satylan unuň hiliniň pesdiginiň sebäbi bilen gyzyklanan habarçymyz onuň bişmän ýygnalan we ammarlarda çig alan galladandygyny habar berýär: "Ýygym döwründe plany dolmak üçin çig bugdaý ýygylyp ambarlara basylýar, soňam ambarlarda zaýalanýar. Bu bugdaý soň degirmenlerde üwelip halka paýok hökmünde berilýär".

Türkmenistan galla hasylyny tomsuň başynda ýygnady. Resmi maglumatlarda şu ýyl ýurtda 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalandygy habar berildi. Şonda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan daýhanlar bugdaý oragynyň bosagasynda gallanyň heniz doly bişmändigini gürrüň beripdi.

Türkmen hökümeti we döwlet habar serişdeleri ilatyň azyk üpjünçiligine degişli agyr meseleleri görmezlige salýarlar. Döwlet resmileri ýyllarboýy bugdaý hasylynyň şol bir uly mukdarly planyny kesgitleýärler we soň onuň artykmajy bilen dolandygyny yglan edýärler.

"Ýurduň içinde çärelerde in köp ulanylýan şygarda 'Döwlet adam üçindir' diýilýär, ýöne soň edilýän işler halky horlaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda un we çörek gytçylygy, azyk krizisi 2017-nji ýyluň aýagyndan bäri dowam edýär.

Bäş ýyl töweregi wagt bäri türkmen hökümeti azyk ýetmezçiligini resmi taýdan boýun alman gelýär. Tersine ýurduň häkimiýetleri barha artýan kynçylyklary çözmegiň ýerine ilata gözegçiligini yzygiderli güýçlendirýär. Noýabryň başynda Türkmenbaşyda ilatyň un we ýag paýlary satylanda, dükanlaryň ýöredýän sanawlarynyň üstesine, alyjylardan azyk kartoçkalary we pasport talap edilip başlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG