Prezident Berdimuhamedow ýene Mara bardy

Prezidentiň portreti taksilerde hökman bolmaly. Türkmenistan

Mary welaýaty döwlet baştutanynyň üns merkezinde galýar. 7-nji fewralda prezident Serdar Berdimuhamedow ýene-de sebite bardy. Bu, onuň soňky 10 günde Mara edýän dördünji saparydyr. Döwlet metbugaty bu sapar barada habar bermeýär.

Prezident Berdimuhamedowyň saparynyň maksady belli däl. Sapar barada resmi maglumat berilmeýän wagtynda, Azatlygyň habarçylary prezidentiň 7-nji fewralda irden Mary barandygyny we dessine Üçaja gidendigini mälim etdi.

"Prezidentiň dikuçary ýaňy gitdi. Oňa 4 gün bäri garaşylypdy. Ol Üçaja uçdy. Ýokary wezipeli adamlaryň ählisi Uçajyda birnäçe hepde bäri boldular. Zähmet obasynda ot ýakmak gadagan edildi, köçä çykmak mümkin däl diýen ýaly. Üçajy şäherine barýan ähli ýollar ýapyk" diýip, habarçymyz 7-nji fewralda irden gürrüň berdi.

Degişli maglumat Lebapda we Maryda suw joşmagyna garşy gyssagly işler alnyp barylýar    

Häzirki ady Bagtyýarlyk Üçajy obasy we şol bir atly demirýol stansiýasy Mary welaýatynyň gündogar böleginde ýerleşýär. Şäherçe suw joşmasy howpuny döredýän Garagum kanalynyň golaýynda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary adatdan daşary aýazlardan soň buzuň eremegi sebäpli sebitiň iki hepde bäri suw basmak howpy astynda galýandygyny habar berdiler. Geçen hepdeden bäri Mary welaýatynda suw joşmalaryna gözegçilik işleri dowam etdirilýär, muňa ilat gatnaşdyrylýar.

3-nji fewralda Azatlygyň habarçysy Marynyň ähli döwlet edaralarynyň erkek işgärleriniň suw joşýan derýanyň kenarlaryny berkitmek üçin Üçaja ýatymlyk iberilýändigini habar berdi.

6-njy fewralda Marydaky habarçymyz ýurduň beýleki sebitlerinden ençeme otlynyň Jojukly stansiýasyna gelýändigini habar berdi. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Kaka, Duşak, Sarahs etraplaryndan Jojukly demir ýol stansiýasyna getirilen çagyl we uly daşlar Garagum kanalynyň kenaryna daşalýar. Daşlar kenar ýakasyny berkitmek we suwuň daşmagynyň öňüni almak üçin ulanylýar. Olary ýüklemek we daşamak üçin Mary welaýatynyň ähli sebitlerinden agyr enjamlar we ulaglar, şol sanda hususy hojalyklaryň ýük ulaglary gatnaşýar we goňşy Lebap welaýatyndan iberlen ulaglar hem ulanylýar.

3-nji fewralda prezident Serdar Berdimuhamedow Garagum kanalynyň kenarlaryny berkitmek boýunça birnäçe buýruk berdi.

Degişli maglumat Maryly býujetçiler böwsen derýanyň öňüni almak üçin ‘gije-gündiz işledilýär’

Döwlet habar gullugy TDH-nyň maglumatyna görä, prezident "Garagum derýasynyň kenarlaryny täzeden gurmak we berkitmek üçin taýýarlyk işlerine başlamagyň, göz öňünde tutulýan işler üçin taslama taýýarlamagyň we durmuşa geçirmek üçin potratçy tapmagyň zerurdygyny" aýtdy. Berdimuhamedow şeýle hem "suw pudagynyň ýagdaýyny seljermek" we "derýalary we kanallary barlamagy hem zerur bolsa olary arassalamagy we çuňlaşdyrmagy" buýurdy. Resmi habarda suw joşmagynyň howpy agzalmady.

Prezidentiň häzir Mara barmagy onuň 10 günde Mary welaýatyna eden dördünji, ýylyň başyndan bäri bäşinji saparydyr. Soňky dört sapar barada resmi metbugatda habar berilmedi. Diňe geçen bir hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti suw joşmagy howpuna duçar bolan Mary welaýatyna üç gezek baryp gaýtdy, saparlaryň maksady resmi taýdan aýdyňlaşdyrylmady. ​

Degişli maglumat Prezident ýene Mara bardy. Häkimiýetler sebitdäki elektrik stansiýasynyň işiniň togtatmagyndan aladalanýar

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 31-nji ýanwarda prezidentiň Mara barandygyny, onuň Mary aeroportundan başlap, GRES şäherçesiniň golaýyndaky elektrik stansiýa çenli aralykdaky ýollaryň ýapylandygyny aýtdylar. Bu sapalar barada resmi maglumatyň ýetmezçiligi ýerli ilat arasynda aladalary artdyrdy.

Türkmenistanda suw joşmagy problemasynyň döremegi, ýerli häkimiýetleriň şu günler alyp barýan çäreleri we hökümetiň meseleni çözmek üçin göz öňünde tutýan kararlary barada ýerli habar beriş serişdelerinde habar berilmeýär, bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite diskussiýalar geçirilmeýär.

Bu aralykda, suw joşmalarynyň öňüni almak üçin goňşy Lebap welaýatynda Amyderýanyň kenarlarynda hem işler alnyp barylýar.

23-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary sebitde suw joşmagy howpy bilen bagly adatdan daşary ýagdaýyň saklanýandygyny habar beripdi. Şonda Gabakly obasynyň serhetlerini öz içine alýan Amyderýa goraghanasynyň bir bölegini suw basandygy, derýanyň kenarlarynda suwuň derejesi obalaryň ýerleşýän beýikligine çenli ýokarlanandygy aýdyldy.

Garaşsyz Türkmen.news neşiri Türkmenistanda sus joşan kenarlarda üýşürlen agyr tehnikany we geçirilýän işleri görkezýän wideony çap etdi. Wideonyň nirede alnandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.