Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident alty günüň dowamynda üçünji gezek Mara bardy. Bu saparlar ilaty howatyrlandyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. "Altyn Asyr" döwlet telekanalyndan alnan surat
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow. "Altyn Asyr" döwlet telekanalyndan alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow soňky bir hepdeden hem az wagtyň dowamynda indi üçünji gezek Mary welaýatyna sapar etdi. Döwlet baştutany ýene ilat arasynda Mary GRES diýilýän Mary döwlet elektrik stansiýasyna baryp gördi. Resmi metbugatda bu saparlar barada maglumat berilmeýän mahaly, ýerli ýaşaýjylar prezidentiň sebite yzygiderli barmagynyň özlerini aladalandyrýandygyny aýdýarlar.

"31-nji ýanwarda prezident Mara gelende, Mary aeroportundan başlap, GRES şäherçesiniň golaýyndaky elektrik stansiýa çenli aralykdaky ýollar ýapyldy. Hatda prezident aeroportdan elektrik stansiýa tarap ýola düşende, 'Galkynyş' we 'Maru şahu jahan' bazarlaryny hem ýapdylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Ýatlatsak, döwlet baştutany bu elektrik stansiýa 29-njy ýanwarda hem baryp gördi. Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri prezidentiň ne 29-njy ýanwardaky, ne-de 31-nji ýanwardaky saparlary barada maglumat berýärler.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda bu saparlar we olaryň sebäpleri barada ýerli häkimiýetlerden, Energetika ministrliginden hem resmi maglumat almak başartmady.

Ýöne Azatlygyň sebitdäki çeşmeleri prezidentiň soňky saparlarynyň, häkimiýetleriň Garagum we Murgap derýalarynyň suwunyň doňmagy zerarly Mary döwlet elektrik stansiýasynyň işiniň togtatmagy bilen baglylykdaky aladalary bilen ilteşiklidigini aýdypdylar.

Olaryň sözüne görä, derýalaryň suwy doňansoň, stansiýa ätiýaçdaky suw saklaýjy kölden suw alyp, uly suw nasoslary arkaly emeli usulda elektrik öndürip başlady.

Türkmenistanda ýanwar aýynda höküm süren aşa sowuk howa ýurduň çäginden geçýän Amyderýada we Garagum derýasynda buzluklary emele getirdi. Soňky günlerde howanyň maýlap, buzluklaryň eräp başlamagy bilen, Garagum derýasy öz akymyny üýtgedip, bölekleýin çölüň içine akmaga başlady.

Çeşmelerimiz derýada kadaly suw akymy üpjün edilmese, onda munuň stansiýanyň işine oňaýsyz täsir ýetirjekdigini hem aýtdylar.

Bellesek, ozal "Mary GRES" atlandyrylan Mary döwlet elektrik stansiýasy "Türkmenenergo" döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan dolandyrylýar. Görnüşinden, bu stansiýa elektrik energiýasyny öndürmek üçin birleşdirilen gaz we bug stansiýasyny ulanýar. Munuň üçin stansiýa suwa zerurlyk duýýar.

Hünärmenler stansiýanyň işi togtan ýagdaýynda tutuş welaýatyň we Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edýän ýurtlaryň toksuz galjakdygyny duýdurýarlar.

Halk köpçüligine elýeterli bolan maglumatlarda 1973-nji ýylda ulanyşa girizilen stansiýanyň ýylda 12 milliard kWt-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydygy aýdylýar. Stansiýanyň gündelik elektrik önümçiligi 38 million kWt-sagada barabar bolup, onuň 18 million kWt-sagady Owganystana, Özbegistana we Eýrana eksport edilýär.

Bu aralykda, häkimiýetler Garagum derýasynda kadaly suw akymyny almak, onuň kenarlaryny berkitmek işlerini heniz-de güýçli depginde dowam etdirýärler. Olar derýanyň öz hanasyny üýtgedip, çölüň içine akýan bölegini ýapmaga çalyşýarlar.

"Türkmengala etrabynda ýerleşýän "Zähmet" daýhan birleşiginden geçýän bölegindäki "Üçajy" atly ýerde Garagum derýasynyň suwy joşup, çölüň içine akyp dur. Onuň öňüne gum haltalary oklanýar. Ýöne bu, suwuň öňüni böwetlemäge ýeterlik bolmaýar" diýip, habarçy aýtdy.

Şu günler häkimiýetler derýada gurnalan, suwuň üstünde gaýyp duran paromlary hem söküp aýyrýarlar. Olar derýanyň çöle akýan bölegi böwetlense, onda suwuň gaýtadan köpelip, batly gelip, paromlary öz ugruna akdyryp äkitmeginden aladalanýarlar.

"Garagum we Wekilbazar etraplarynyň ýaşaýjylary bu paromlardan pyýada hem-de ulagly geçip, ýollaryny gysgaldýardylar. Häzir ýaşaýjylar aýlawly, uzak ýollardan geçmeli bolýarlar" diýip, habarçy belledi.

Bu aralykda, çeşmelerimiz häkimiýetleriň howsala düşýändigini, ýöne bu ýagdaýlary halka ýetirmekden saklanýandygyny aýdýan mahaly, ýerli ýaşaýjylar prezidentiň sebite yzygiderli edýän saparlarynyň özlerini aladalandyrýandygyny belleýärler.

"Bir zat gowy däl, emma halkdan gizlenýär. Eger gorkara zat ýok bolsa, onda yzygider gelmezdi. Bu biziňem aladalanmagymyza sebäp bolýar. Watan habarlarynda hemme zady aç-açan aýtsalar bolmaýarmy?! Halkdan gizlemän, halky arka tutynyp, hakykaty aýdyp, halky kömege çagyrsalar bolmaýarmy?!" diýip, bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Döwlet baştutany 19-njy we 26-njy ýanwarda hem Maryda iş saparynda bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG