Maryda Garagum derýasynyň joşup hanasyny üýtgeden bölegini ýapmak synanyşyklary dowam etdirilýär. Bu işleriň çäginde döwlet edaralarynyň erkek işgärleri Türkmengalanyň "Üçajy" atly sebitine ýatymlyk ugradylýarlar. Olar goşmaça hak tölenmezden mejbury işledilýändiklerini we iş şertleriniň ýaramazdygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda ýanwaryň aýaklaryna aralaşan aşa sowuk howa ýurduň çäginden geçýän Amyderýada we Garagum derýasynda buzluklary emele getirdi. Soňky günlerde howanyň maýlap, buzluklaryň eräp başlamagy bilen, Marynyň çäginden geçýän derýa öz akymyny üýtgetdi. Häkimiýetler ilatly nokatlary suw almak howpunyň bardygyny duýduryp, böwsüp çykan suwuň öňüni almaga çalyşýarlar.
“Mary welaýatynyň tas ähli döwlet edaralarynyň erkek işgärlerini dört gün möhlet bilen ‘Uçajy’ stansiýasyna ýatymlyk ugradýarlar. Her gün 10 awtobusy işgärlerden dolduryp iberýärler. Häzir ol sebitde birdenkä bir müňden hem köp adam zähmet çekýär” diýip, ýakynda bu sebitde nobatçylyk çekip gelen mugallymlaryň biri 3-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol baran pursatlary ellerinden mobil telefonlarynyň alynýandygyny we günüň dowamynda diňe ýeke gezek ýakynlary bilen 1-2 minut gürleşmäge rugsat berilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, derýanyň böwsen ýerini ýapmak işleri gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar.
“Biz haltalary gumdan dolduryp, olary derýanyň böwsen ýerine zyňýarys. Nobat her dört sagatdan çalşyrylýar. Häkimiýetler kenaryň boýunda durup, diňe gygyrýarlar we buýruk berýärler. Olar gijesine sebiti terk edýärler. Bizi bolsa gije diýmän, sowuk diýmän işledýärler. Iýmit ýagdaýy hem juda ýaramaz. Bişirilýän nahar ähli kişä ýetmeýär, şol sebäpli onuň mukdaryny azaldyp paýlaýarlar. Öýe jaň edenimizde, kimdir biri bilen iň bolmanynda çörek ugratmaklaryny soraýarys” diýip, anonimlik şertinde gürleşen söhbetdeşimiz aýtdy.
Ol derýanyň üýtgän akymynyň suwunyň çöle goýberilýändigini, şol bir wagtda suwuň böwsen ýerini eýýäm ençeme gün bäri ýapyp bilmeýändiklerini sözüne goşdy.
Bu sebite býujetçiler bilen birlikde, polisiýa we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri hem ugradylýar. Mundan başga-da, sebite edara-kärhanalaryň we hususy firmalaryň resminamalary düzüw bolmadyk, hiç ýerde ulanylmaýan tehnikalary hem iberilýär.
Bu aralykda, Garagum derýasyndan Marynyň merkezi sebitlerine akýan suwuň mukdary hem günsaýyn azalýar. Habarçymyz derýanyň käbir ýerlerinde suwuň aryk derejesine çenli azalandygyna hem ünsi çekýär.
Häkimiýetler Garagum derýasynyň golaýynda ýerleşýän hojalyklara öýlerini wagtlaýyn terk etmegi tabşyrdylar. Ýöne resmiler olary ýaşar ýaly wagtlaýyn jaý bilen üpjün etmediler.
Sebit ýa ýurt resmileri, şeýle-de berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu çäreler barada aç-açan maglumat bermeýärler.
Bularyň arasynda prezident Serdar Berdimuhamedow bir hepdäniň dowamynda Mara üç gezek sapar etdi. Ol mundan öň, bar meseleleri aýdyňlaşdyrmazdan, Garagum derýasynda buz gatlagynyň dörändigini, şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýdypdy.
Marynyň Garagum derýasynyň kenaryndaky ýaly çäreler Amyderýanyň Lebap welaýatynyň Dargatana etrabyndan geçýän böleginde hem geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum