Ysnyşýan türkmen-rus gatnaşyklary Moskwanyň öz täsir güýjüni saklamak tagallalaryndan habar berýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi. Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda ilkinji gezek Aşgabada sapar edýär. Galyberse-de, Russiýanyň Döwlet dumasynyň wekiliýeti üstümizdäki aýyň dowamynda Türkmenistana barýar.

Hökümetçi türkmen neşirleri Russiýanyň prezident administrasiýasynyň resmi websaýtyna salgylanyp, türkmen we rus prezidentleriniň telefon söhbetdeşliginde esasan energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär.

Putin 17-nji ýanwarda ýokary derejeli rus resmileri bilen geçiren bir wideo maslahatynda türkmen prezidenti bilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistandaky howanyň ýagdaýy bilen tanyş bolandygyny äşgär etdi.

“Bolýan zatlara serediň: Ýewropada maýyl howa, ýöne Türkmenistanda – şu gün prezident [Serdar Berdimuhamedow] bilen gepleşdim – minus 25. Türkmenistanda! Özbegistanda minus 23. Bizde, bu ýerde, näme bolar?” diýip, Putin rus resmileri bilen geçiren wideo maslahatynda aýtdy.

Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedow rus mejlisinde çykyş edip, rus diliniň Türkmenistanda sylanýandygyny aýtdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, türkmen we rus prezidentleriniň telefon söhbetdeşliginiň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda rus premýer-ministri Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Aşgabada amala aşyrjak sapary maslahat edildi.

“Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär” diýip, TDH ýazýar.

Hökümetçi Turkmenportal.com neşiri Mişustiniň Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumyna we “Russiýanyň söwda öýi” söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny habar berdi.

Bu aralykda, rus parlamentiniň aşaky palatasynyň, Russiýanyň Döwlet dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin üstümizdäki aýyň dowamynda rus kanun çykaryjylaryndan ybarat wekiliýetiň Türkmenistana we Eýrana sapar etjekdigini aýtdy.

"Ýazky sessiýada, parlament ölçegleriniň çäginde, daşary ýurtdaky kärdeşlerimiz bilen edilmeli uly işler bar. ...Esasy hyzmatdaşlar bilen aradaky gatnaşyklary täze derejede gurmagyň gürrüňi edilýär” diýip, “Nowosti” habar gullugy Wolodiniň sözlerini sitirleýär.

Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň Moskwa saparyndan soň goşa raýatlygy bar adamlara pasport berlip başlandy

Eýsem, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda barha ýygjamlaşýan ysnyşykly gatnaşyklar nämelerden habar berýär?

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer Russiýanyň hususan-da Ukrainada dowam etdirýän urşunyň arasynda, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary, sebitde öz täsir güýjüni saklap galmaga ymtylýandygyny gürrüň berdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirilýän ses berişliklerde halkara jemgyýetçiligi Moskwanyň Ukraina esassyz çozuşyny ýazgarýar. Merkezi Aziýa ýurtlary şeýle ses berişliklerde ýa ses bermekden saklanýar, ýa-da ses berişliklere gatnaşmaýar.

Brýus Panniýer Azatlyk bilen söhbetdeşlikde rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainada çozuşa girişeli bäri, Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparlaryny ýygjamlaşdyrandygyny gürrüň berdi.

Putin iýulda Täjigistana we Türkmenistana, sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde Özegistana, oktýabrda Gazagystana, dekabrda Ýewraziýa Ykdysady Birleşigine agza ýurtlaryň duşuşygynyň çäklerinde Gyrgyzystana sapar etdi. Merkezi Aziýa synçysy Panniýer Putiniň şeýle tagallalar bilen sebitde, şol sanda Türkmenistanda rus täsirini güýçli saklap galmaga ymtylýandygyny belledi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny ýazgaryp, Moskwa garşy yzly-yzyna ykdysady sanksiýalary girizdi. Rus resmileri Günbatary Russiýany halkara jemgyýetçiliginden üzňeleşdirmäge synanyşmakda aýyplaýarlar.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 18-nji ýanwarda geçiren metbugat ýygnagynda Günbataryň Merkezi Aziýa ýurtlaryna Moskwa garşy sanksiýalara goşulmak babatda basyş görkezýändigini aýtdy. Bu barada rus metbugaty habar berýär.

Degişli maglumat Berdimuhamedow TASS-a häkimiýeti 'ýokary jogapkärçilik' hasaplaýandygyny aýtdy

Merkezi Aziýa boýunça synçy Bruýs Panniýer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde rus prezidenti Wladimir Putiniň türkmen kärdeşi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň-de, rus premýer-ministri Mihail Mişustiniň Aşgabada amala aşyrjak saparynyň-da, rus kanun çykaryjylar toparynyň üstümizdäki aýyň dowamynda Türkmenistana etjek saparynyň-da bir maksada gulluk edýändigini gürrüň berdi. Ol Moskwanyň bar maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryny, şol sanda Türkmenistany öz täsir güýjüniň astynda saklap galmakdan ybaratdygyny nygtady.

Ol Russiýanyň şeýle tagallalarynyň diňe soňky aýlara mahsus bolman, eýsem, rus goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň 2016-njy ýylda Aşgabada amala aşyran garaşylmadyk saparynda ýüze çykap başlandygyny gürrüň berdi. Rus goranmak ministri 2016-njy ýylyň tomsunda Aşgabada öňünden yglan edilmedik sapar amala aşyryp, regional howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet emeldarlary, hökümet resmileri Russiýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini nygtaýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow noýabrda Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde, Russiýanyň Federasiýa Geňeşinde eden çykyşynda Türkmenistanda rus diline hormat goýulýandygyny nygtady. Şeýle-de, türkmen we rus resmileri Aşgabatda Rus-türkmen ýokary okuw jaýyny gurmak barada ylalaşdy. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň ilkinji daşary ýurt resmi saparyny Moskwa amala aşyrdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň içinde hem rus dilini we medeniýetini propaganda etmek boýunça iş alyp barýarlar.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sungat işgärlerine rus dilinde spektakllary ýerine ýetirmek, rus dilinde çeper filmleri görkezmek barada ýanwaryň başynda Aşgabatdan tabşyrygyň gelip gowşandygy habar berýär.

Degişli maglumat Irki prezident saýlawlaryny geçirýän Aşgabat Moskwa bilen howpsuzlygy maslahatlaşdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.