Mary welaýatynyň ýaşaýjylary zir-zibil çelekleriniň öz wagtynda arassalanmazlygyndan şikaýat edýärler. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ençeme ýaşaýjy çelekleriň we onuň daşynyň zir-zibilden dolýandygyny aýdýar. Munuň bilen bagly, töwerekde ýakymsyz ys ýaýraýar we bu ýerlerde dürli mör-möjekler, şol sanda siňekler, itler hem-de pişikler üýşýär. Ýaşaýjylar bu ýagdaýlar barada häkimliklere edýän şikaýatlarynyň netijesiz galýandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, çelekleriň öz wagtynda arassalanmazlygy bilen bagly ýagdaýa welaýatyň tas ähli etrapdyr şäherlerinde duş gelse bolýar.
"Mary şäheriniň merkezi etrapçalaryndaky zir-zibil çelekleri hepdede üç gezek arassalansa-da, beýleki çelekler dolup, gaty ýaramaz ys töwerege ýaýraýar. Çelekleriň töwereginde ýaşaýan adamlar öýleriniň içini şemallatmak üçin penjirelerini açyp bilmeýärler. Penjiräni açmankaň, daşardan ýaramaz ys gelýär. Bu ys adamlaryň üstüne we öýlerine ornaýar" diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat 'Bize mermerden bina däl, zir-zibil döker ýaly çelek gerek'Şäheriň Muhadow obasynyň ýaşaýjylary hem şuňa meňzeş oňaýsyzlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Oba ýaşaýjylary çelekleriň arassalanmaýandygyny, zir-zibilleriň köçäniň üstüne dökülýändigi sebäpli bu ýerden zordan geçip bolýandygyny aýdýarlar.
"Köçeden her gün onlarça, belki-de bir-iki ýüz adam geçmäge mejbur bolýar. Sebäbi bu köp adamyň işe, okuwçylaryň mekdebe gatnamagy üçin ýeke-täk köçe bolup durýar. Köçedäki zir-zibil çelekleriniň töwereginde hapalar üýşmek bolup dur. Adamlar olaryň üstünden basyp geçmeli bolýarlar. Gaty ýakymsyz ys uzakdan hem duýulýar. Ol ýerde ululy-kiçili aç itler we pişikler hem üýşüp, gezmäne başladylar. Gijelerine itleriň we pişikleriň özara uruş seslerinden ýaňa ýatyp, dynç hem alyp bolmaýar. Çagalar hem olaryň uruşlaryndan we seslerinden gorkýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran oba ýaşaýjysy aýtdy.
Ýaşaýjylar çelekleriň arassalanmagyny sorap, etrap we şäher häkimliklerine ençeme gezek ýüz tutandyklaryny, ýöne netije bolmandygyny aýdýarlar. Şondan soňra olar welaýat häkimligine hem ýüzlenendiklerini, ýöne bu ýerden hem oňaýly netije alyp bilmändikleri sebäpli, özleriniň çözgüt tapmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.
"Golaýdaky angaryň eýesinden zir-zibil çeleklerini we onuň töweregini arassalap bermegi soradyk. Ol bir gezek bar hapalary aýyrtdy. Ýöne hapa-hupa ýene köpeldi. Nirä ýüzlensek, 'erte-birgün aýyrarlar' diýýärler, emma hiç kim aýyrmaýar" diýip, başga bir ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, käbir oba ýaşaýjylary gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibilleri nirä dökjeklerini bilmän, olary ýakýarlar. Olar ýakyp bolmaýan hapalary bolsa, zeý kanallarynyň gapdalyna dökýärler.
Degişli maglumat Marynyň ençeme obasynda zir-zibil dökülýän çelekler ýok"Bu çäre bolmaýar. Sebäbi zeý kanallaryň golaýyndaky hojalyklaryň zir-zibilleriň ýakymsyz ysyndan kösenýär. Şeýle-de, ýakylan hapalar hem azyndan iki gün tüsseläp durýar we doly ýanmaýar. Ýerli häkimiýetler bu zatlara göz ýumýar" diýip, oba ýaşaýjysy belledi.
Häkimiýetler bu ýagdaýlaryň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň bu aýdylanlar barada Marynyň häkimliklerinden we Jemagat hojalygy müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi. Ýöne Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri habarçymyza beren maglumatynda çelekleriň arassalanmazlygynyň sebäplerini işgärleriň ýiti ýetmezçiligi bilen düşündirdi.
"Ykdysady kynçylyklar sebäpli edaralarda işgär we tehnika sany yzygiderli kemeldilýär. Bu bolsa, şäheriň arassaçylygyna ýaramaz täsir ýetirýär. Ýolbaşçylar muny bilse-de, az işgärden adaty bolmadyk möçberdäki işi ýerine ýetirmegi talap edýärler. Ýöne bu talap nogsanlyklaryň döremeginiň öňüni alyp bilmeýär" diýip, işgär belledi.
Soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetler döwlet edara-kärhanalaryndaky işgär sanyny azaldýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli habar berýärler. Şeýle-de, ýurduň edara-kärhanalarynda könelişen tehnikalara ideg etmek üçin ýeterlik maliýe serişdesi goýberilmeýär. Şol sebäpli olaryň hatardan çykyp, ulanyşdan galýandygy we netijede tehnika ýetmezçiliginiň hem döreýändigi barada hünärmenler yzygiderli habar berýärler.
Türkmenistanda zir-zibil çelekleriniň arassalanmaýandygy we olaryň ýetmezçiligi barada Azatlyk soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat taýýarlady. 2019-njy ýylyň güýzünde habarçylarymyz Marynyň Baýramaly, Wekilbazar we Mary etraplarynyň obalarynda, hususan-da, Zarpçy daýhan birleşiginde zir-zibil çelekleriniň ýokdugyny gürrüň berdiler.
Degişli maglumat Türkmenabadyň ýag zawody üç aý bäri işlemeýär, işgärler tölegsiz rugsada ugradyldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.