Türkmenistanda aşa yssy howada gök önümler guraýar, azyk gymmatlaýar

Gök-önüm söwdasy, Aşgabat (arhiw suraty) 

Şu tomus Türkmenistanda saklanýan aşa yssy howa ilatyň gündeki durmuşyna dürli täsir ýetirýär. Günüň hatda yssy klimatly ýurt üçinem aşa gyzmagy zerarly ösümlikler guraýar we bu ýetişýän gök önümleriň gymmatlamagyna sebäp bolýar.

Türkmenistandaky habarçylaryň maglumatlaryna görä, soňky iki hepdäniň dowamynda howanyň gyzgynlygy ekinleriň köpçülikleýin guramagyna getiripdir, hususan-da bakja önümlerine zyýan ýetipdir.

"Köp ýerlerde suw ýetmezçiliginiň üstüne ýiti ýalyn ekinleri düýbünden guratdy. Ekin ekip oz günlerini aýlaýan hojalyklar eklençsiz galdy. Daýhanlaryň gürruň bermegine görä, mellek ekinlerini wagtynda suwaryp bilmeýändiklerini, ýaplarda suwuň ýoklugy uly sebäpleriň biri bolandygyny aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Balkan: Howa gyzýar, mallar gyrylýar

Habarçymyz bilen gürleşen daýhanlar ýiti yssyda ekinlere ýeterlik suw goýberlen halatynda olaryň belli bir bölegini halas edip boljakdygyny belleýärler.

Ekinleriň, sol sanda gök we bakja önümleriniň guramagy azyk bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi.

"Bazarlarda iki manatdan bahalanýan pomidorlar indi 3-4 manatdan satylýar, ýaş soganyň bir bogdagy 10 manada barabar boldy. Bazar satyjylary ähli bakja önümleriniň geçen hepdäniň dowamynda gymmatlandygyny we satuwa gelýän ekinleriň hiliniň pesdigini, emma muňa garamazdan, olary satmak üçin almaly bolýandygyny gürrüň berýärler" diýip, habarçymyz aýtdy.

Bahalaryň galmagy hem satyjylary hem-de alyjylary kyn ýagdaýa goýýar. Habarçymyz gök-önümleriň häzirki gymmatçylygynyň maşgalalaryň indiki tomusa çenli azyk üpjünçiligine täsir ýetirjekdigini aýdýar: "Tomsuň gelmegi bilen gök önümlerden dürli görnüşli salatlary, pomidordan tomat we umuman gyşda iýip boljak bankalary ýapýarlar. Bakja önümleriniň gymmatlamagy bilen köp hojalyklar banka ýapmagy häzirlikçe goýbolsun edýär. Köp maşgalalar harytlar arzanlamasa gyşa taýynlyksyz boljakdygyny aýdýarlar".

Türkmenistanda adaty bolmadyk yssy howa ikinji tomus dowam edýär. Yssy howa maldarçylyga, pagta, şaly we galla önümçiligine hem täsir etdi. Geçen aýda habarçylar Balkanda mallaryň gyrylýandygyny habar berdi.

Bilermenler howanyň üýtgemegini, şol sanda günüň öňküsinden hem aşa gyzmagyny ekologiýanyň ýaramazlaşmagy bilen belli bir derejede baglanyşdyrýarlar.

Türkmen hökümeti tebigaty goramagy ileri tutýan meseleleriniň arasynda agzaýan hem bolsa, halkara barlaglarynda Türkmenistan dünýäde klimata erbet täsir ýetirýän we howa zyýanly maddalary iň köp taşlaýan ýurtlaryň arasynda agzalýar.

Degişli maglumat Yssy howa gowaçalara zarba urýar, suwsuz daýhan hojalyklar resmileriň 'göwnüni tapmaga' çalyşýar

Halkara energiýa agentliginiň 2022-nji ýylyň fewralynda çap eden soňky hasabatyna görä, dünýäniň global energiýa pudagynda Türkmenistandan metan syzmalarynyň hakyky möçberi ýurduň berýän resmi sanlaryndan tas 70% ýokary bolup çykdy.

Mundan öň “Bloomberg” neşiriniň 2021-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda çap eden "Türkmenistanyň hapa syry" atly makalasynda ýurduň çäginden atmosfera zyňylýan metanyň mukdar taýdan dünýäde ABŞ-dan we Russiýadan soň üçünji orunda durýandygy görkezilipdi.

Türkmenistanly bilermenler ýurduň senagat pudagynyň ekologiýa täsir ýetirmegine gözegçiligiň gowşakdygyny belleýärler. Azatlyk Radiosy bilen anonim söhbetdeş bolan bilermen nebit-gaza, elektrik energiýasynyň önümçiligine degişli esasy senagat pudaklaryndan başga-da, dag-magdançylyk, dökün önümlerini öndürýän kärhanalaryň işiniň hem tebigata täsir ýetirýändigine ünsi çekýär.

"Howa ýaramaz zyýanly metan gazyny zyňýan, ýa-da dökün çykarýan zawodlar welaýatlarda ýerleşýär. Welaýatlarda olaryň howa goýberýän tüsseleriniň zyýanyny hiç hili edara barlamaýar. Üstesine, welaýatlarda zir-zibil ýygnanýan we ýok edilýän uly poligonlarda, hapany zyýansyz ýok etmek üçin ony owradýan ýörite enjam oturdylmaýar, zir-zibili ýöne ýakyp, kül edýärler. Hökümet bu uly problemany çözjek bolsa oňa pul ýatyrmaly" diýip bilermen aýdýar we zil-zibilleri gaýtadan işlemek ýaly dünýä tejribeleriniň ýurtda ornaşdyrylmaýandygyny belleýär.

Bilermen zibilleri diňe ýakyp ýok etmek tejribesiniň özüniň-de ekologiýa ägirt zeper ýetirýändigine ünsi çekýär: "Ýylyň dowamynda 365 gün bar bolsa, olaryň ählisiniň dowamynda her gün gije 22.00-den ir 6:00 çenli ähli welaýatyň zir-zibil ýygnanýan uly poligonlarynda hapa ýakylýar. Bu ýerdäki dürli galyndylaryň, şol sanda plastigiň atmosfera çykaýan zäherli tüssesiniň mukdaryny göz öňüne getirip görüň".

Yssy we gurak klimatly çöllük Türkmenistanda ýagyn we gar seýrek bolýar.

Degişli maglumat ÝDÖB  Türkmenistana "Dowzah derwezesini" ýapmak kömegini hödürleýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.