Türkmenistanda howanyň gyzgynynyň ýene-de adatdan daşary derejelere ýetmegi sebäpli, Mary welaýatynda iri we ownuk şahly mallar köpçülikleýin haram ölýärler, şeýle-de bal arylary gyrylýarlar. Ýerli weterinarlar bu ‘pajygaly’ ýagdaýlara çykalga tapyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Galyberse-de, aşa yssy howa adamlaryň, jandarlaryň saglygyna ýaramaz täsir etmek bilen birlikde, meýdandaky oba-hojalyk tehnikalaryny hem sandan çykarýar.
Tomsuň gelmegi bilen soňky günler Türkmenistanyň tas ähli künjeklerinde diýen ýaly howanyň temperaturasy kölegede 50 gradusa çenli golaýlaýar.
“Soňky bir hepdäniň dowamynda Marynyň Türkmengala we Ýolöten etraplarynda iri we ownuk şahly mallar keselläp, birnäçe günüň içinde hiç zat iýmän, içmän, ýerinden galman haram ölýärler. Olaryň köplenç içi hem geçýär” diýip, adynyň efirde üýtgedilip Babanazar aga diýlip tutulmagyny soran 50 ýaşlaryndaky maryly çopan habarçymyza gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmezligi soran söhbetdeşimiz mallaryna dowamly zerur sanjymlary urdurandygyna hem garamazdan, soňky hepdedäki pajygaly ýagdaýlary nazarda tutup, sürüsindäki mallaryň doly gyrylyp gutarmagyndan alada galýandygyny belledi.
“Weterinar lukmanlar bilen habarlaşyp, ‘näme çykdajysy bolsa etjek, näçe hak tölemeli bolsa-da tölejek, her gün gowurdak iýdirjek, ýöne gaýrat et mallarymyzy halas et’ diýsek hem, mal lukmany ‘bu günler öz öýümize myhman bolduk, ol goşdan bu goşa gatnaýarys. Häzir mallar gan keseline uçraýarlar’ diýýärler we munuň howanyň aşa gyzmagy bilen baglydygyny aýdýarlar” diýip, 30 ýyldan aşa wagt bäri çopançylyk bilen meşgullanýandygyny aýdýan Babanazar aga nygtady.
Ýerli weterinaryň Babanazar aga beren maglumatyna görä, howanyň aşa gyzmagy sebäpli süňňi gowşak mallaryň içinden ýalyn geçýär we bu olarda gan keseliniň döremegine sebäp bolýar. Mal lukmany muňa özlerinde bar bolan hiç bir däri-dermanyň kömek etmeýändigini aýdyp, soňky wagtlar mallaryň doka-garna iýmitlenip bilmändigi sebäpli hem, olaryň immunitetiniň-de gowşandygyny sözüne goşdy.
Babanazar aga diňe bir çopan goşundaky mallaryň däl, eýse hojalyklardaky haýwanlaryň hem ýokardaky ýagdaýlara duçar bolup haram ölýändigini aýtdy. Ol munuň netijesinde mallaryň bahalarynyň hem tas ýarpy esse arzanladygyny belledi.
“Her kim mallarynyň ertire çykyp-çykmajagyndan alada galýar. Mundan birnäçe aý ozal bir göleli sygyr 14-15 müň manada bahalanan bolsa, häzir olar 5-6 müň manada çenli aşak düşdi. Beýle nyrh hiç-haçan bolmandy. Satyjylar mallaryny bazara elteninden soň, olary yzyna alyp gaýdaslary gelmeýär. Şol sebäpli, janawerleri geçen ýerinden ýerleýärler. Aşgabatdan we beýleki sebitlerden gelýän et jellaplary hem, bu ýagdaýlardan peýdalanyp, semiz mallary-da deger-degmeze alyp gidýärler” diýip, Babanazar aga 26-njy iýunda Marynyň Ýolöten etrabynyň mal bazaryna aýlanyp göreninden soň, habarçymyza gürrüň berdi.
Babanazar aga bu ýagdaýlaryň arasynda çopanlaryň täze mallary sürüsine almakdan ýüz öwürýändiklerini hem gürrüň berdi. Ol diňe mal eýeleriniň mallary birden haram öläýse, onda çopana hiç hili arz-şikaýatynyň ýokdugy barada dil haty ýazanyndan soň, ol mallaryň sürä goşuljakdygyny belledi.
Bu aralykda, maryly habarçymyz soňky günlerde bar arylarynyň hem köpçülikleýin gyrylýandygyny anyklady. Bal arylary saklaýan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, yssy howanyň meýdanlardaky ýandaklary we beýleki ösümlikleri guratmagy netijesinde, arylar bal toplap bilmeýärler, we netijede açlykdan ölýärler.
Ol muňa çykalga hökmünde şekeri gaýnadyp, onuň şiresini arylara berýändiklerini aýtdy. Emma ol ýurtdaky ýiti azyk krizisiň arasynda bir halta şekeriň 700-900 manat aralygynda bahalanýandygy sebäpli, köpleriň muňa gurbunyň çatmaýandygyny hem sözüne goşdy.
Mundan başga-da, ýurduň dürli künjeklerindäki habarçylarymyz aşa yssy howada gün urmasy, gan basyşynyň ýokarlanmasy ýa-da öňden bar bolan hroniki ýarawsyzlyklarynyň ýitileşmegi ýaly saglyk meselelerine duçar bolýan adamlaryň has köpelýändigi belleýärler. Şol bir wagtda, ýollaryň asfaltyna çenli eredýän yssynyň ulaglary, şol sanda meýdanlardaky oba-hojalyk tehnikalaryny hem sandan çykarýandygy bellenilýär.
Balkandaky habarçymyz soňky iki hepdäniň dowamynda welaýatyň Serdar we Bereket etraplarynyň ekin meýdanlarynda azyndan üç ýangynyň dörendigini, bir hadysada bolsa bugdaý ýygnaýan kombaýnyň hem ot alandygyny gürrüň berdi.
24-nji iýunda Serdar etrabynyň kärende bugdaý meýdanynda galla orýan mahaly bir kombaýn ot aldy. Azatlykda ýalyna bürelen kombaýnyň suraty bolsa-da, ony düşüreniň howpsuzlygy jähtinden, şekili çap etmekden saklanaýarys.
Bu ýagdaýlara şaýan bolan ýaşaýjylaryň anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, onlarça müň dollarlyk kombaýn oda tutaşandan soň, sebite ýangyn söndürijiler gelýänçä, doly ýanyp gutarypdyr. Tehnika bilen birlikde ýygnalan 2 tonna golaý bugdaý hem ýanypdyr. Onuň tölegini hem kärendeçä tölemeli edilipdir. Mundan başga-da, Bereket etrabynda 30 sotok töwregi bugdaý meýdany ot aldy.
Türkmen mediasynda iýunyň aýagynda howanyň temperaturasynyň çenden aşa gyzjakdygy barada duýdurylsa-da, gün urup keselhana düşýän raýatlar, şol sanda çagalar, köpçülikleýin gyrylýan mallar, şeýle-de jokrama yssyda ilatyň ýitileşýän elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy barada hiç zat aýdylmaýar.
Howa şertlerine gözegçilik edýän Meteožurnal internet neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda ýyllaryň aşa yssy gelmegi ýygjamlaşýar we 100-135 ýyl aralygyndaky iň yssy ýyllaryň köpüsi soňky birnäçe ýyla düşýär.
2015, 2018, 2019 we 2021-nji ýyllaryň tomus aýlary Türkmenistan üçin iň yssy aýlar boldy. Mundan ozal ýyllaryň yssy gelmeginde beýle ýygylyk görülmändi diýip, maglumatda bellenýär.
Aşa yssy howanyň sebitiň beýleki ýurtlaryndan hem sowa geçmejekdigi, Eýranyň käbir ýerlerinde howanyň temperaturasynyň 50 derejä, Owganystanda we Pakistanda - 49, Özbegistanda 47, Yragyň günortasynda 50 derejelerine çenli ýetip biljekdigi duýdurylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.