Türkmenistan daşary ýurt maýasyny çekip, ýerli ýaşaýjylaryň dat edýän dökün zawodlarynyň birini düýpli täzelemegiň pikirini edýär, emma ýurduň himiýa, elektrik, nebit-gaz önümçiliginiň howa goýberýän zyýanly galyndylary barada bildirilýän aladalary agzamaýar. Wise-premýer Çarymyrat Pürçekowyň 16-njy sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde tassyklamagyna görä, eksport edilýän dökünleriň mukdaryny artdyrmak üçin karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak zerur.
Hökümet mejlislerinde berilýän önümçilik hasabatlary ýurduň kärhanalarynyň döwlet tabşyryklaryny hemişe diýen ýaly 100%-den ýokarda ýerine ýetirýändigini görkezýär, emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milliardlarça dollar döwlet serişdesine gurlan kärhanalaryň doly taslama kuwwatynda işlemeýändigini seýregem bolsa boýun alýar, kärendeçiler bolsa döküniň özlerine ýeterlik berilmeýändigini aýdýarlar.
Wise-premýer häzir “Tejenkarbamidiň” enjamlarynda we desgalarynda tehniki seljerme işleriniň geçirilýändigini, zawody taslama kuwwatyna çykarmak üçin görülmeli çäreleriň sanawynyň düzülýändigini aýtdy, emma bu desganyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň, synçylaryň ekologiýa, saglyk aladalary barada söz açmady.
2005-nji ýylda işe girizilen zawodyň durky daşary ýurt maýasynyň hasabyna täzelenmeli we edilen bergi-borç goşmaça öndürilen önümiň hasabyna üzülmeli.
Bu zawod taslama kuwwaty boýunça ýylda 350 müň tonna dökün öndürmeli, emma prezident şu ýylyň aprelinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini tankytlanda, onuň bary-ýogy 53% kuwwatynda işleýändigini dilinden sypdyrdy.
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ähli şertiň döredilendigini tekrarlaýan prezident “Marykarbamid” zawodynyň hem 62,5% kuwwatynda işleýändigini aýtdy, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň bolsa, bary- ýogy 23% kuwwatynda işleýändigini boýun aldy.
Ýatlatsak, geçen ýylyň tomsunda hem oňa, sentýabryň ortasynda bolşy ýaly, “Marykarbamid”, “Tejenkarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlarynyň içerki bazary doly üpjün edýändigi we öz öndürýän dökünleriniň esasy bölegini daşary ýurtlara eksport edýändigi aýdylypdy. Emma “Trend” neşiri 2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda Orsýetiň Türkmenistana esasy dökün eksportçysy bolup galýandygyny habar berdi.
Ýogsa Türkmenistan Garlykdaky dag-magdan kärhanasyny işe girizende, Hytaýa we Hindistana kaliý dökünlerini eksport etmek planlaryny yglan edipdi.
Şol bir wagtda mejlislerde dökün kärhanalarynyň hakyky ýagdaýy, olaryň taslama kuwwatynda işlemek mümkinçiligi we pudaklardaky kadr ýetmezçiligi ýaly çynlakaý meseleler gozgalmaýar. Eger Garlykda gurlan dökün zawodynyň töwereginde turan dawalaryň çäginde syzyp çykan maglumatlardan çen tutulsa, Türkmenistanyň önümçilik kärhanalaryndaky esasy meseleleriň biri bilimli hünärmenleriň düýpli ýetmezçiligi, şol sanda Belarus ýaly ýurtlara okuwa iberilen ýaşlaryň hem köpüsiniň okamak, öwrenmek, yzlaryna gelip, zawodda işlemek islemezligi bilen bagly.
Ýerli synçylar bu meseläni soňky ýyllarda ýurduň bilim pudagynda dörän agyr ýagdaý, okamak, öwrenmek medeniýetiniň pese gaçmagy we korrupsiýanyň juda ýokary derejelerde ösmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Türkmenistandaky himiýa, dökün kärhanalarynyň ýene bir meselesi bolsa, ýerli hünärmenleriň we ýaşaýjylaryň sözlerine görä, howa goýberilýän zyýanly galyndylar we bu desgalaryň golaýynda ýaşaýan raýatlaryň saglygy bilen bagly.
Azatlygyň Marydaky habarçysy geçen aý sebitdäki agyr näsaglaryň sanynyň görnetin köpelýändigini aýdyp, ilat arasynda Mary GRES diýilýän elektrik stansiýasynyň, himiýa zawodynyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň gürrüňleri esasynda, bu ýiti meselä ýene bir gezek ünsi çekdi.
Ýerli ýaşaýjylar bu desgalaryň diňe adamlaryň saglygyna däl, ekin-dikine hem juda ýaramaz täsir edýändigini öňe sürýärler. Emma türkmen häkimiýetleri, şol sanda saglyk ministrliginiň wekilleri Azatlygyň diňleýjilerinde we okyjylarynda döreýän aladaly sowallara jogap bermeýär.
Şu aralykda Kayrros geo-seljeriş kompaniýasy Türkmenistanyň tebigy gaz ýataklarynyň we iri gaz geçirijileriniň golaýynda uly metan syzmalaryny tapdy diýip, “Bloomberge” habar berdi.
Iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar diýip, habarda bellenýär.
“Bloomberg” neşiriniň Kayrrosyň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, 31-nji awgustda Türkmenistanyň gaz öndürýän ýataklarynyň we Merkezi Aziýa gaz geçiriji ulgamynyň golaýynda sagatda takmynan 172 tonna möçberinde metan galyndysynyň howa syzýandygy mälim boldy.
Bu geçiriji ulgam Türkmenistandaky, Gazagystandaky we Özbegistandaky gaz ýataklaryny birleşdirýär we Russiýa gaz iberýär.
Başga bir metan syzmasy bolsa şol gün Hytaý üçin gaz öndürýän ýatagyň we geçirijiniň golaýynda tapyldy, bu ýerde sagatda 50 tonna möçberindäki metan howa syzdyrylýar diýip, Kayrros SAS habar berýär.
Emma “Bloomberg” neşiriniň düşündiriş almak üçin eden telefon jaňlaryna "Türkmengaz" döwlet kompaniýasynda hem, ýurduň DIM-inde hem jogap beren tapylmandyr. Şeýle-de neşir Hytaýyň CNPC kompaniýasyna hat ýazyp, soragyna jogap alyp bilmändigini aýdýar.
Nebit we gaz pudagynyň kömürturşy gazy we metan zyňyndylaryny goşmak bilen, parnik/ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga çalyşýan wagtynda, Türkmenistan metan zyňyndylarynyň we metan syzmalarynyň möçberi hem ýygjamlygy boýunça dünýäniň gaz öndürýän ýurtlarynyň arasynda iň ýokary derejelerde durýar diýip, habarda bellenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.