Türkmenistanda VPN-e garşy göreş güýçlenýär

Internet-kafe. Aşgabat

Türkmenistanda internet çäkliligine galýar we gözegçilik güýçlendirilýär. VPN hyzmatlarynyň köpçülikleýin petiklenmeginiň fonunda, olary gurup berýän hünärmenleriň yzarlanýan ýagdaýlary köpeldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ýurtda VPN hyzmatlaryny üpjün eýän IT hünärmenler tussag edilýär. Tutha-tutluk bir hepde öň başlanyp, ussalara hakyky türme möhleti bilen haýbat atylýar.

"Gurup berýänleriň hemmesi aragatnaşykdan ýitdi. Görnüşinden, olar gorkýarlar. VPN-ler işlemeýär. Hiç bir VPN telefonda işlemeýär. Tanyşlarymyň hiç biri-de mesenjerlerdäki aragatnaşykda görünmeýär" - diýip Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 27-nji iýulda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Maryda ilatyň internet üpjünçiligi ýene ýiti çäklendirilýär

Ulanyjylar iýul aýynyň ortalarynda VPN hyzmatlarynyň köpçülikleýin we uzak wagtlap petiklenmegine duçar boldular. Internetiň petiklenmeginden aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän serwerler birnäçe günläp işlemedi we öň VPN-siz açylýan saýtlar hem elýeterli bolmady.

Habarçynyň sözlerine görä, IP adresleriniň petiklenmegi sebäpli ýurtda işleýän birnäçe daşary ýurt kompaniýasy birbada daşary ýurt serwerlerine girmek mümkinçiligini ýitiripdir. Bu kompaniýalar beýleki ýurtlardaky uzak serwerlerde saklanýan proýekt dokumentleriniň elýeterliligini ýitiripdir, kimdir biri buhgalteriýa hasabatlaryny we işgärlere aýlyk geçirmek mümkinçiligini ýitiripdir.

"VPN guraýjylaryň tassyklamagyna görä, işleýän ýerini we IP-sini tapmak ýeterlik, bir ýarym sagadyň içinde bloklaýarlar. Gaty çalt işlemegi öwrendiler. Görnüşinden, trafigi çuňňur öwrenmek üçin täze ulgam işe girizildi. Köplenç petiklemek işi 5-10 minutda bolup geçýär "- diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Bu aralykda, käbir edaralarda we ministrliklerde howsala döräpdir, işgärler öz telefonlarynyň barlanmagyndan howatyrlanýarlar ýa-da eýýäm barlanandygy sebäpli aladalanýarlar.

Ygtybarly çeşmeler bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy häkimiýetleriň ilat üçin interneti düýbünden ýapmak meselesine seredýändigini aýdýar. Bilermenleriň pikirine görä diňe ýerli websaýtlar we poçta hyzmatlary işlär. "Indi olar muňa taýynlyk görýärler" -diýip çeşme belleýär.

Başga bir çeşmäniň habaryna görä, häkimiýetler ulanyjylara gözegçilik etmek üçin ýörite ýerli ulgam döretmegi köpden bäri planlaşdyrýarlar.

Degişli maglumat Türkmenistanda VPN ýene-de işlemeýär

"Ýerli merkez döretmek köpden bäri planlaşdyrylypdy. Bu şeýle bir sistema, ol, mysal üçin Facebookdaky ähli mazmuny ýerli serwere göçürip alýar. Kimdir biri Facebook-a girmek islese, halkara traffigine däl-de, ýerli merkeze gidýär. Ýerli serwer wagtal-wagtal halkara serweri bilen sinhronlaşýar we häzirki wagtda kimiň näme ýazýandygyny yzarlamagy aňsat edýär"- diýip, anonim gürleşen çeşme aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri, türkmen häkimiýetleriniň halkara jemgyýetçiliginiň negatiw reaksiýasyndan çekinip, häkimiýetleriň interneti doly petiklemekden saklanýandyklaryny, şonuň üçin dürli usullar arkaly internetiň işlemegini kem-kemden çäklendirmegi makul bilýändiklerini öňe sürýärler.

"Häkimiýetler çäge baryp ýetendigine düşündiler - ýa hakykatdanam interneti doly ýapmaly ýa-da VPN gurup berijileri gorkuzmaly, ony kölegeli hyzmat ýa-da maglumat syzdyrýan ulgam we raýatlaryň maglumat elýeterliliginiň çeşmesi hökmünde ýok etmeli" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Türkmenistan dünýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň biridir. Ýurduň hökümeti ilat üçin garaşsyz maglumat elýeterliliginiň öňüni alýar, internete gözegçiligi güýçlendirýär we VPN hyzmatlaryny ulanyjylary hem-de guraýjylary yzygiderli yzarlaýar.

Degişli maglumat Lebapda 20 telekeçä Internet gadagançylygy girizildi, häkimiýetler nägilelik listowkalarynyň çap edilmeginden aladalanýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.