Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM VPN söweşini güýçlendirýär. Balkanlylar ýapyk saýtlara girmekde Aşgabatdan soň ikinji boldy


Arhiw suraty. Goparylan çanak antennalarynyň döreden maglumat elýeterliliginiň yzynda galan boşlugy dolduramly internet 'tamany ödemeýär'.
Arhiw suraty. Goparylan çanak antennalarynyň döreden maglumat elýeterliliginiň yzynda galan boşlugy dolduramly internet 'tamany ödemeýär'.

Türkmenbaşyda häkimiýetler bikanun VPN we dollar söwdasyna garşy reýd geçirmäge başlady, ýöne olary ykdysady çökgünligiň fonunda güýçlenýän maglumat açlygy has kän ynjalykdan gaçyrýana meňzeýär; bu tijenmeler wise-premýer Serdar Berdimuhamamedowyň 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi. Şu aralykda hökümet başlygy Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek barada edilen teklibi makullady. Emma bu merkeziň haçan döredilip, nähili işlediljegi entek sorag bolmagynda galýar.

Internet tizligini has peselden Turkmentelecom we TM Cell, hemişe-de bolşy ýaly, öz müşderileriniň tasdan ähli VPN sanawyny, şol sanda günde 200 mb-den köp internet ulanan müşderileriniň sanawyny Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň degişli işgärlerine tabşyrdy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Çagyrylan abunaçylaryň tas ählisiniň VPN ulanan elektron enjamlaryny, bir hepdeden yzyna bereris diýip, ellerinden alýarlar.

Diňe abunaçylar däl, ýerli VPN ussalary hem uly alada galdylar. Olar öz müşderilerine we tanyşlaryna, MHM çagyrsa, telefonlaryndaky ýa planşetlerindäki gerekli maglumatlary derrew SD karta göçürmegi hem-de enjamyň ähli programmasyny doly öçürmelidigini duýdurýarlar.

Şol bir wagtda, ýerli hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Тurkmentelecom VPN ulanýan müşderileriniň ählisiniň VPN ulananda haýsy döwletiň serwerine birigendigini bilip bilse-de, häzirlikçe beýle mümkinçiligi bolmansoň, VPN-e girilende ugradylan maglumatlary bilip ýa okap bilmeýär.

Emma muňa garamazdan, müşderileriniň ulanan telefonlaryny ele salsalar, olarda elujy öçürilen maglumatlary dikeldip, görüp bilmek mümkinçiligi bar diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Häkimiýetleriň internet ulanyjylara edilýän gözegçiligi güýçlendirmegi, daşary ýurtlardaky 'halanmaýan' saýtlara girýänleri mümkin boldugyça gorkuzmak we azaltmak synanyşyklary häzirki wagtda Azatlyk radiosynyň habarlary we Youtube kanalynda çap edilýän 'türkmen wideolary' bilen gyzyklanýan raýatlaryň sanynyň yzygiderli köpelmegi bilen düşündirilýär.

Häzir YouTube kanalyna, Azatlygyň saýtyna girýän ýaşaýjylaryň sany has köpelene meňzeýär, Turkmentelecom balkanlylaryň Azatlygyň saýtyna girmekde we aktiwistleriň çykyşlaryna tomaşa etmekde, umumy sany boýunça, aşgabatlylardan soň ikinji orny eýeländigini anyklapdyr; ýapyk saýtlary döwüp girýän adamlaryň sany Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde her gün 3 müňden geçýär diýip, ýagdaýdan habarly resmi habarçy bilen ikiçäk söhbetdeşlikde aýtdy.

Emma smart telefonly raýatlar bilen söhbetdeş bolýan MHM işgärleri öz aladalaryny Azatlygyň habarlary ýa hökümeti tankytlaýan aktiwistleriň YouTube kanalynda edýän çykyşlary bilen baglaman, müşderileriň telefonlarynyň barlanmagynyň sebäbini häzir, hamala, pornografiki saýtlara girýän türkmenistanlylaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Olar smart telefonlaryny alyp gelen adamlardan ozaly pornografiki saýtlara giri-girmeýändigini soraýarlar we gürrüň arasynda häzir şeýle saýtlara girýänleriň köpelendigini öňe sürýärler, emma bu barada hiç bir anyk zat aýtmaýarlar. MHM işgärleriniň abunaça berýän ikinji soragy köplenç VPN enjamynyň töleglidigi ýa tölegli däldigi hakynda bolýar. Eger VPN enjamy tölegli bolsa, onuň haýsy ussadan alnandygy soralýar.

"Eger-de ussanyň adyny aýtmajak bolup, gümmi-sümmä ursaň, 'seniň aýdanyňy aýtmarys, ussanyň adyny aýt, öz aramyzda galar' diýip, saňa ýuwaşlyk bilen basyş edýärler diýip, bu hili söhbetdeşlige çagyrylan ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şu aralykda Turkmentelecomyň Balkanabatdaky we Türkmenbaşydaky internet tizligi has peseldi, VPN bilen ýa-da VPN-siz, IMO messenjerinde wideo çagyryş edip gürleşmek asla mümkin däl, 2,5 hepde bäri VPN işlemeýär, eger birden işlese-de, elektron enjama wirus bilen hüjüm edilýär diýip, Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy 30-njy oktýabrda aýtdy.

Ýatlatsak, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy on gün öň ýerli hünärmene salgylanyp, Türkmentelekomyň internet tizligini haýalladyp, raýatlaryň VPN hyzmatlary arkaly petiklenen saýtlardan, şol sanda YouTube-den, Telegram ýaly messenjerlerden maglumat almak mümkinçilikleriniň öňüni almaga synanyşýandygyny habar berdi.

Onlarça ýyl bäri metbugat azatlygyny çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda garaşsyz habar saýtlary, şol sanda Azatlygyň websaýty, iri sosial ulgamlar petikli bolmagynda galýar. Giň halk köpçüligine esasan soňky onýyllykda elýeterli bolan, örän haýal we gymmat interneti ulanýan türkmenistanlylar, başga pikirlilere we tankyda çydamaýan häkimiýetleriň gözüne ilmän habar almak üçin, maşgala býujetine artykmaç agram bolsa-da, ýerli ussalara pul töläp, VPN hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

Mundan öň Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň raýatlary VPN ulanmazlyk barda Gurhandan ant içmäge mejbur etmek ýaly praktikalary hem ulanandygyny habar beripdi.

Emma muňa garamazdan, 28-nji oktýabrda geçirilen hökümet mejlisinde yglan edilen Maglumata elýeterlilik merkezi meselesi resmi Aşgabadyň bu ugurda Gurhandan başga çözgütleri hem gözleýändigini yşarat edýär.

TDH-nyň anyklaşdyrmazdan beren maglumatyna görä, Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň ýokary tizlikli internet ulgamyny gurnamak üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuter serişdeleri, zerur serwerler, tor we programma önümleri bilen üpjün edilen Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklibi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem makullandy. Emma bu teklibiň haçan we nähili miwe berjekdigi belli däl.

Türkmen MHM-siniň VPN söweşiniň güýçlenmegi Türkiýede ýaşaýan hökümet tankytçylarynyň yzarlanmalarynyň dowam etdirilýän wagtyna gabat geldi.

Şu aralykda, garaşsyz italiýan žurnalisti we derňewçisi Dawid Kankarini ÝHGG-niň Bişkekdäki Akademiýasy we Norwegiýanyň Halkara gatnaşyklary instituty bilen hyzmatdaşlykda hasabat taýýarlap, türk-türmen gatnaşyklarynyň otuz ýyllyk taryhyndaky boş propaganda ünsi çekdi we Ankarany Aşgabatdaky häkimiýetleriň tankytçylary babatda howandarlyk hereketlerine çagyrdy. Bu habarlaryň fonunda Stambulda, Türkiýedäki Türkmen ilçihanasynyň başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň dostluk, kömek we hyzmatdaşlyk bileleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi (Türkmenistan Dostluk Yardımlaşma İşbirliği Derneği (TDYID). Bileleşigiň prezidenti, ozalky polisiýa resmisi Ýesugaý Aksakal dabarada sözlän sözünde 1991-nji ýyldan bäri gaýtalanýan dogan-gardaşlyk gürrüňlerini edip, bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylaryň öz kynçylyklary bilen başa-baş galdyrylmajagyny ynandyrmaga synanyşdy. Emma synçylar bu bileleşige Aşgabadyň we Ankaranyň ozal syýasatdan çeke duran türkmen migrantlarynyň işjeňligine bildiren reaksiýasy hökmünde seredýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG