Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy

Aşgabadyň suw çüwdürimleri sany we göwrümi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Aşgabatda ilat üçin suwuň elýeterliligi meselesi hasam ýitileşdi. Ýaşaýyş jaýlarynda gijelerine suw üpjünçiligi kesilýär, gündizine berilýän suwuň basyşynyň derejesi gaty pes bolýar. Azatlygyň habarçylary bu barada 8-nji we 9-njy iýunda habar berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, Aşgabadyň merkezindäki ýaşaýyş jaýlarda suw üpjünçiligindäki köpçülikleýin bökdençlik 8-nji iýunda gije başlandy. Gijelerine asla suw ýokdy, gündizine basyş adaty güýjüň 20 göterimine deňdi, akýan suwuň güýji ujypsyzdy. Günüň dowamynda, sagat 18: 00-den soň ýagdaý biraz gowulaşdy, käbir etraplarda suw üpjünçiligi belli bir wagtda berlip başlandy. 9-njy iýunda hem şäherde suw üpjünçiligi çäkli tertipde üpjün edildi, gündizine suwuň birnäçe sagatlap kesilendigi we gijelerine suwuň doly ýapylandygy habar berildi.

"Ýagdaýyň iň erbet tarapy, häkimiýetler suw üpjünçiliginiň bes edilmegi we gaýtadan dikeldilmeginiň takyk wagty barada ilata habar bermek jogapkärçiligini öz üstüne almaýar" -diýip, habarçy, maglumat ýetmezçiligi sebäpli adamlaryň öz zerurlyklary üçin suwy bar wagtynda alyp ýetişmeýändigini belledi.

Onuň sözlerine görä, suwuň berilýän sagatlarynyň arasyndaky uzak arakesmelerde ýaşaýyş ýerlerine tehniki suw getirilýär, ýaşaýjylar öz zerurlyklary üçin gaplara suw guýduryp bilýär.

Degişli maglumat Tomsuň gelmegi bilen Lebapda agyz suw ýetmezçiligi güýçlenýär

Habarçy "Suw erbet, palçyk we ysly. Bu ilatyň zerurlyklaryny äsgermezlikdir" - diýýär.

Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiliginiň kesilmegi, şeýle hem suw üpjünçiliginiň dikeldilmeginiň wagty barada düşündiriş bermeýärler.

Bilermenler ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligindäki häzirki bökdençlikler abatlaýyş işleri ýa-da tygşytlamak düzgüni bilen baglanyşykly bolup biler diýip pikir edýärler.

"Belki-de abatlaýyş ýa-da suw turbalaryny täze suw çeşmelerine birikdirmek bilen bagly bolmagy mümkin, Aşgabata täze bir turba- Hazar deňzinden süýjedilen suwy akdyrmak üçin guruldy" -diýip, Azatlyk Radiosy bilen efirde adynyň tutulmazlygy şertinde gürleşen aşgabatly gidrogeolog aýtdy we Hazar deňzinden suw getirmek üçin ilkinji suw geçirijisi turbanyň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň jemleýji böleginiň 2020-nji ýyldan bäri alnyp barylýandygyny belledi.

Aşgabatda merkezleşdirilen suw üpjünçiligi yzygiderli kesilýär. Ýaşaýyş jaýlarynda suwuň köpçülikleýin kesilmegi ýylyň dowamynda her aýda ýüze çykýar, tomsuň dowamynda ýagdaý hasam erbetleşýär. Geçen ýylyň tomus aýlarynda Aşgabadyň ýaşaýjylary yssyda uzak wagtlap suwsuz galdy.

Bilermenleriň pikiriçe, suw ýetmezçiligine sebäp bolýan esasy mesele suw üpjünçilik ulgamlarynyň, suw turbalarynyň könelişmegi bilen bagly. Şäherdäki esasy suw geçirijiler döwrebaplaşdyrylan ýa-da düýbünden täzelenen bolsa, belli bir sarp edijilere suw akdyrýan ulgam esasanam köne jaýlaryň ýerleşýän ýerlerinde gaty köneldi. Aşgabadyň çäginde 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soň gurlan "plan jaýlar" diýilýän hususy jaýlaryň ýeleşýän ýerleri, şeýle hem Howdan we Parahat etrapçalaryndan başga-da sowet döwründe gurlan beýleki ähli etraplar bar.

Bilermenleriň pikiriçe, bu ýerlerdäki suw üpjünçiligi ulgamynda suwuň 40% çemesi bisarpa ýitýär. Agyz suwunyň bir bölegi şahsy ýerleri suwarmak üçin ulanylýar, hatda jemagat hyzmatlarynyň işgärleri hem bu suwy ýörite guýular ýok ýerlerinde şäheriň içindäki ösümlikleri suwarmak üçin ulanýarlar.

"Adalatlylyk üçin, soňky ýyllarda suwy sarp etmek meselesinde problemalaryň ep-esli azalandygyny aýtmak gerek. Hawa, şäherde problemalaryň galýan ýerleri bar - suw basyşynyň gowşaklygy we çäkli wagtda berilmegi, ýöne şu günki ýagdaý suw diňe gijelerine berlen 90-njy ýyllar bilen deňeşdirip bolmaýar, şonda krizis hasam güýçlüdi - gündizine suw önümçilik we şäher ykdysadyýeti üçin ulanylýardy, gijelerine ilata berilýärdi" - diýip, aşgabatly gidrogeolog aýdýar.

Onuň sözlerine görä, suw üçin tölegleriň girizilmeginden soň suwy tygşytlamak bilen bagly ýagdaýy gowulaşdy. Ilat tarapyndan sarp edilýän suwuň möçberi ep-esli azaldy, adamlar maddy sebäplere görä suwy tygşytlap başladylar. Emma soňky 2-3 ýylda güýçli guraklyk sebäpli, Garagum kanalyny öz içine alýan suw çeşmeleriniň hemmesi şäheriň zerurlygy üçin ýeterlik bolmady.

Degişli maglumat Suw üpjünçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, türkmen prezidenti suw resmisine käýedi

Bilermenleriň pikiriçe, suw ýetmezçiliginiň ýene bir sebäbi şäherde köp sanly suwa düşülýän baseýnleriň gurulmagyna degişli. Olar üçin uly mukdarda agyz suwuny ulanýarlar we her hepdede täzeleýärler.

Aşgabadyň suw çüwdürimleri hem köp suwy sarp edýär. Türkmenistanda ýyllarboýy ilat üçin agyz suwunyň ýetmezçiliginiň fonunda ýüzlerçe suw çüwdürimi guruldy, gurluşyk henizem dowam edýär. Aşgabadyň suw çüwdürimleri sany we göwrümi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Aşgabatda şäher zerurlyklary üçin agyz suwunyň iki çeşmesi bardy. Bular “Ýanbaş” suw çeşmesi we Garagum kanaly. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Garagum kanalynyň suwuny arassalamak we şäher ulgamyna ýetirmek üçin has köp desga işe girizildi. 2021-nji ýylda Hazar deňziniň kenaryndan bir sekuntda 1 kub metr tizligi bilen şähere suw çekmek we onuň golaýyndaky täze ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze suw geçirijisi guruldy. Ýene-de birnäçe ýerli çeşmeler "skwažinalar" bar, ýöne olar adatça suwaryş üçin ulanylýar.

8-nji iýunda ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň suw üpjünçiligini üpjün etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet metbugaty, hususan-da, Amyderýadan we Garagum kanalyndan gelýän suw akymyna päsgel berýän sebäpleri öwrenmek we Hazar deňzinden Aşgabat şäherine çekilýän suwy süýjediji zawodlaryň gurluşygyna başlamak barada prezident tarapynda görkezme berlendigini habar berdi.

BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Özbegistan bilen birlikde suwdan peýdalanmakda krizis derejesine ýetendigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde halkara guramanyň hasabatynda yssy howaly Türkmenistanyň ilatynyň ençeme ýyl bäri agyz suwunyň ýetmezçiligini başdan geçirýändigi bellenýär.

2019-njy ýylda Türkmenistan suw ýetmezçiligini başdan geçirýän dünýädäki esasy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edildi. Bütindünýä baýlyklar instituty (WRI) tarapyndan şonda neşir edilen suw töwekgelçiligi baradaky hasabata görä, Türkmenistan aşa suw ýetmezçiligini başdan geçirýän 17 ýurduň sanawyna girizilipdir.

Degişli maglumat Türkmenabatda suw turbasy ýaryldy, 12 sagatlap suw bolmady

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär