Türkmenistanyň çetki obalarynyň ýaşaýjylary suw, elektrik togy we gaz üpjünçiligi ýaly zerurlyklarda ýyllarboýy kynçylyk çekýärler. Häkimiýetlere ýüz tutup problemalaryň çüzülmegine garaşýan obalylar tersine energiýa we suw serişdeleriniň elýeterliliginiň gowşaýandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welýatynyň käbir obalaryndaky şu günki ýagdaý barada habar berýärler.
Şu günler Mary welaýatynyñ Türkmengala etrabynyň käbir çetki obalary gaz, elektrik togy, agyz suwy bilen gaty gowşak üpjün edilýär. Ýerli çeşmeler mundan 10 ýyl ozal dörän, ýagny täze hasaplanýan ýaşaýyş nokatlaryň birnäçesindäki durmuş barada gürrüň berýärler.
Türkmengalanyň oba ýaşaýjylary 2012-nji ýylda özlerine berlen mellekleri düýbünden boş takyr ýerden özleşdirip başlandyklaryny we hatda ýollary-da özleriniň gurmaly bolandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Darganata: gyşyň aýazly günlerinde oba ilatyna gaz berilmeýär, elektrik yzygiderli kesilýär"Bizde ilki başda ýer ýetmezçiligi boldy, soňra 2012- nji ýylda her adam obanyň çetinden ýer alyp ýaşaýyş jaý gurmaga başlady, obamyzyň başlygy obamyzyň çetinden ýer bölüp satyp, başlady. Emma ýaşap oturan ýerlerimize gara ýol hem çekilmedi, biz näme gursak öz hasabymyza gurduk, ýolumyzam özümiz çekdik" diýip, anonim şertde gürlan ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.
Oba ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ilatyň çykdajy edip, öz hasabyna bialaç guran ýollary adatça gyşyna batga bolýar, hiç bir awtoulag ýöräp bilmeýär, tomusyna bolsa, gum basyp, tozap durýar.
Obalaryň birinde şu günki güne çenli hatda gaz, tok we agyz suwy çekilmändir.
"Biz tok, suw, gaz bilen üpjün ediň diýip, obamyzyň başlygyna ýüz tutdyk we etrap häkimliginden şu meseläni çözüp bermegi haýyş etdik. Biz ilki başda ýer satyn alanymyzda bize başlyklar ine basym oba bolar, suw, gaz, tok, gara ýol hem çekiler diýip begendirdiler, emma aradan ýyllaryň geçmegi bilen adamlar özbaşdak gaz, tok çekmäge başladylar şonuñ bilenem bize hökümet tarapynda hiç zat berilmedi" diýip, ýerli ýaşaýjy öz obasyndaky ýagdaý barada gürrüň berýär.
Türkmengala etrabyndaky "täze" obalary gören habarçylara görä, käbir jaýlara ýaşaýlylaryň öz hasabyna elektrik, gaz we suw belli bir derejede çekilen bolsa, beýleki jaýlara eýeleriniň maddy mümkinçiligi bolmansoň, düýpden çekilmändir. Adamlaryň güýjüniň ýetmegine görä çekilen gaz we suw turbalary we elektrik simeri ýygy-ýygyndan sandan çykýar we adamlaryň gündeki durmuşyny agyrlaşdyrýar.
Degişli maglumat Maryda yzygiderli tok kesilýär. Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär"Öz gabadynda tapan köne-küşil tok sim ulanmaly bolduk, emma biz tok simini obanyň çetindäki hojalygyň deňinden täze mellege çekmeli bolduk, aýratyn transformator gurulmansoň togyň güýji gaty haýal. Köplenç bir hojalyk swarka aparatyny ulansa tutuş köçämiziň togy oýnaýar biziň hojalyk elektronika enjamlarymyzyň ýanmagy mümkin" diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, obalarda jaýlary, ýollary we ýaşamak üçin zerur beýleki infrastrukturany öz hasabyna guran ýaşaýjylar häkimiýetlerden indi suw, gaz we elektrik serişdeleriniň üpjünçiliginiň kadalaşdyrylmagyna garaşýarlar. Emma olaryň sözlerine görä, häkimiýetler ýaşaýjylardan öň gurlan pes hilli turbalary we simleri tazelemegi talap edýärler.
Oba ýaşaýjylar häzirki gidişine gitse, on ýyl bäri çözülmedik infrastruktura problemalarynyň indiki onýyllykda hem çözülmejeginden howatyr edýärler. Olaryň sözlerine görä, şol bir wagtda-da olardan gaz, elektrik togy we suw üçin aýlyk tölegler wagtynda talap edilýär. Sandan çykýan turbalary we simleri ýaşaýjylar öz hasabyna bejerýär.
Türkmenistanyň köp ýerlerinde, esasan obalarynda tomsuna agyz suw gytçylygy hasam güýçlenýär, gyşyna gaz we elektrik togunyň ýetmezçiligi gündeki durmuşy kynlaşdyrýar. Köp hojalyk odun ýakyp jaýlaryny ýylaltmaly bolýar.
Energiýa resurslaryna bas Türkmenistan tebigy gazyny we elektrik energiýasyny daşary ýurtlara satýar. Owganystan, Eýran we Özbegistan öz ilatynyň energiýa bilen üpjünçiligini belli bir bölegini türkmen elektrik togunyň hasabyna amala aşyrýar.
Öz ilatynyň energiýa üpjünçiligindäki problemalary resmi derejede boýun almaýan türkmen hökümeti 2019-njy ýyldan bäri elektroenergiýanyň eksportyny 2 esseden gowrak artdyrandygyny mälim etdi we 2024-nji ýyla çenli ýylda 33 milliard kWt elektrik energiýasyny öndürmegi planlaşdyrýar.
Degişli maglumat Tok, gaz we suw üpjünçiligi kadasyzlygynda galýar: FarapGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.