Türkmenistanda dürli kosmetiki hyzmatlaryň gadagan edilmegi olara bolan islegi azaltmady. Paýtagtda we welaýatlarda, ilat gizlin işlemäge mejbur bolan ussalara ýüzlenmegini dowam etdirýär. Tutulmak we jerimä sezewar bolmak töwekgelçiligi müşderileri-de hünärmenleri-de saklamaýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky ýagdaýlar barada gürrüň berýärler.
Aşgabatda käbir salonlar açyk işleýär. Hususan-da, "Berkarar" söwda merkezinde gözellik salonlary işleýär, ýöne olar esasan saç bejermek ýaly gadagan edilmedik hyzmatlary hödürleýärler. Şeýle hem manikýur we pedikýur edýärler.
Aşgabatdaky habarçynyň 23-nji maýda aýtmagyna görä, aprel aýynda girizilen gadagançylygyň yzýany jezadan gorkan müşderiler hyzmatlardan peýdalanmakdan köpçülikleýin saklanypdyr, öň salonlarda işlän ussatlar şonda işsiz galypdyr, indi bolsa köpüsi gizlinlikde işleýär we ynamdar müşderilerini öýde kabul edýär.
Azatlygyň başga bir habarçysy hem diňe saç kesmäge we bejermäge rugsat berilýändigini aýdýar. Ol käbir salonlaryň gizlin öňünden "jaňlaşyp" işleýändigini, müşderileriň yzky gapydan ýa-da özara ylalaşylan tertipde işleýändigini gürrüň berdi.
Degişli maglumat "Boýag çalmazlyga söz berýärin ". Býujet işgärlerinden "emeli gözellikden" ýüz öwürmek hakynda dilhaty alynýarAprel aýynyň başynda botoks we emeli dyrnak edinmek gadagançylygyndan başlanan gözellik gadaganlygy soň ençeme kosmetiki hyzmatlara giňeldilipdi. Salonlaryň köpçülikleýin ýapylmagy bilen birlikde aýal-gyzlara ahlak we tebigy gözelligi wagyz etmek işi bat aldy, döwlet edaralarynda we okuw jaýlarynda ýygnaklar geçirildi, aýal-gyzlardan özüne çekijiligi artdyrmak üçin dürli serişdelerden meýletin ýüz öwürmek barada dilhaty alyndy.
Habarçylar köpçülikleýin barlaglaryň we gadaganlyklaryň ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň aprel aýynda has güýçli bolup, göräýmäge maý aýynda birneme gowşandygyny aýdýarlar. Emma olar, şeýle-de bolsa, polisiýanyň we salgyt gullugynyň gadagançylygy bozanlary tussag etmekde we jerime salmakda işjeňligini dowam etdirýändigini aýdýarlar.
"Köplenç bu ahlak ugrunda däl-de, jübini galyňlatmak üçin edilýär. Salgyt gullugy bu gadagançylykdan ep-esli girdeji alýar. Reýdleri diňe polisiýa geçirmeýär, oňa salgyt gözegçileri hem gatnaşýar" -diýip ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, 24-25-nji maýda orta mekdeplerde soňky jaňyň öňüsyrasynda kosmetiki hyzmatlary ýerine ýetirýän ussalara we olaryň müşderilerine köpçülikleýin reýdleriň geçirilmegine garaşylýar.
"Iň soňky jaňyň öňüsyrasynda, saç kesýänler we meýkap edýän ussalar köp işleýärler. Muňa isleg köp bolýar. 'Raýat eşikli' adamlar [howpsuzlyk işgärleri] salonlaryň ýanynda nobatçylyk etmäge we ussalary hem-de olaryň müşderilerini iş başynda tutmaga taýynlanýar"- diýip, gizlin şertlerinde gürleşen çeşme aýdýar.
Çeşmelere görä, ortaça jerime 300 manada barabar bolýar.
Welaýatlardaky gözellik salonlary hem gizlin işläp, gazanç etmäge synanyşýarlar.
Welaýatlardaky habarçylaryň sözlerine görä, kosmetologlar, dyrnak bejerýän we beýleki kosmetiki amallary edýän ussalar sebitlerde gizlin işleýär, sebäbi olaryň hyzmatlaryna islegler henizem ýokary bolmagyna galýar. Köpüsi jerimeleri we enjamlarynyň elinden alynmagy ýaly ýagdaýlary başdan geçirip, zordan gün görýär we işini dowam etdirmekden başga çykalga görmeýär. Gadaganlyklar sebäpli köpüsi işsiz galdy, ýitgi çekdi, käbirleri işini dowam etdirmekden ýüz öwürýändigi hakynda dilhaty ýazmaga mejbur edildi.
Degişli maglumat Balkanda gözellik salonlary we gijeki klublar ýapylyp, ilatyň geýimine gözegçilik güýçlendiAzatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ussalaryň sözlerine görä, sebit merkezlerinde hem, paýtagtda bolşy ýaly kosmetologlar we dyrnak bejerýän ussalar köplenç müşderileriň öýlerine baryp işleýärler. Olar emeli dyrnaklara we emeli kirpiklere bolan islegiň hem ýokary bolmagyna galýandygyny aýdýarlar, ýöne gadaganlyklar sebäpli köp müşderi indi açyk reňklerden gaça durýar, köp göze ilmeýän reňkleri saýlaýar, kirpikleri uzaltmakda-da aramlyga ýykgyn edilýär.
Hyzmatlaryň iň meşhur görnüşlerinden biri toýlara taýýarlyk bolup durýar. Gelniň taýýarlanmagy adatça salonlarda, gizlin ýagdaýda amala aşyrylýar. Ussalardan we müşderiden başga-da, taýýarlyk işlerine ýene birnäçe adam gatnaşýar, olar polisiýa peýda bolan halatynda zerur çäreleri görmek üçin hüşgärlik üçin köçede nobata durýarlar.
Salonlaryň eýeleri we işgärleri umytsyz ýagdaýdadygyny aýdýarlar. Bir tarapdan işini bes edip, girdejisiz galan adamlar, başga bir tarapdan işlejek bolsalar tutulmak we jerime tölemek howpy astynda işläp, her gezek uly stresy başdan geçirýärler. Köpüsi ýerli häkimiýetlere we polisiýa işgärlerine para berip gutulmaga synanyşýarlar.
Bu aralykda, kosmetiki hyzmatlaryň gadagan edilmegi ýurtda aýal maşgalalaryň arasynda nägilelik döredýär. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly aýal-gyzlar özüne ideg etmekden we serenjam bermekden el çekmejegini we munuň üçin dürli mümkinçilik gözlejegini aýdýarlar.
Türkmenistanyň hökümeti bu gadagançylygy resmi taýdan yglan etmedi we onuň sebäpleri barada ilata düşündiriş bermedi.
Degişli maglumat Lebapda we Maryda býujet işgärleriniň daşky keşbi barlanýar, "tebigy gözellik" propaganda edilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.