Türkmenistanda kosmetiki hyzmatlary hödürleýän gözellik salonlarynyň işine girizilen gadaganlyk Balkan welaýatyna hem baryp ýetdi. Ýurduň günbatar welaýatynda gözellik salonlary köpçülikleýin ýapyldy. Mundan başga-da, häkimiýetleriň jynsy balak geýýän gelin-gyzlara we şorty, gysga balak geýýän erkek adamlara gözegçiligi güýçlendi. Sebitde gijeki klublaryň käbiri hem ýapyldy.
Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, gözellik salonlarynda kosmetiki hyzmatlaryň we proseduralaryň hemmesi diýen ýaly gadagan edildi.
"Şu günler gözellik hyzmatlaryny, şol sanda goşmaça kirpik goýmak, dodagyňy çişirtmek hyzmatlaryny hödürleýän kosmetologlar işsiz galdy. Polisiýa olaryň işini gadagan edip, olary soragy çekýär we olardan dilhat alýar" diýip, balkanly çeşmämiz 19-njy aprelde gürrüň berdi.
Ýerli resmiler gadagançylygyň sebäbini düşündirip, bu baradaky resmi karary görkezmeýärler. Ýöne ýerli kanun goraýjy edaralaryň birnäçe işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyz bu çäreleriň Balkanabat şäherinde dodagyny çişirden dört okuwçy gyzda soňy bilen saglyk problemalarynyň döremegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
"Balkanda dört sany okuwçy gyz şäheriň bir gözellik salonundaky kosmetologa dodagyna botoks etdirip, ony çişirdýär. Soňra olaryň dodaklaryna mikrob aralaşyp, erbetleşýär we gangrena emele gelýär. Şondan soňra bu barada Aşgabada şikaýat ýetýär" diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenistanda gözellik hyzmatlarynyň aglabasynyň gadagan edilendigi baradaky habarlar geçen hepdäniň başynda peýda boldy. 11-nji aprelde Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň gözellik salonlaryna aýlanandygyny habar berdiler. Şonda olar gelin-gyzlaryň ýüzlerine botoks etmegiň, ýüzleriniň ýygyrtlaryny tekizlemegiň, gözlerine kirpik oturtmagyň, dodaklaryny çişirmegiň we olara goşmaça dyrnak dakmagyň gadagandygyny aýtdylar. Gadagançylygy bozanlara pul jerimesiniň salynjakdygy we olaryň 15 gün türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi hem duýduryldy.
15-nji aprelde bolsa, Aşgabatdaky habarçylarymyz bu gadaganlygyň paýtagta hem baryp ýetendigini, gözellik salonlarynyň köpçülikleýin ýapylýandygyny habar berdiler. Şonda habarçylarymyz kosmetiki hyzmatlaryň we proseduralaryň hemmesiniň diýen ýaly gadagan edilendigini, diňe dellekhanalaryň açyk galýandygyny we olaryň işiniň diňe saç gyrkmak bilen çäklenýändigini hem aýtdylar.
Mundan başga-da, Balkandaky habarçylarymyz sebitde ilatyň geýimine-de gözegçiligiň güýçlenendigini habar berýärler. "Şu günler Türkmenbaşyda aýal-gyzlara jynsy lybasda, şol sanda balakda gezmek gadagan edilýär. Şeýle-de, erkeklere şorty, gysga balak geýmek hem gadagan edilýär" diýip, çeşmämiz belledi.
Bu habarlaryň arasynda, ýurduň günbatar welaýatynda gijeki klublaryň käbiri hem ýapyldy. Habarçymyz bularyň ýapylmagynyň sebitdäki käbir gijeki klublarda dörän uruş-dawalaryň yz ýanyna gabat gelendigini aýdýar.
"Golaýda Aşgabat-Tejen awtobanyň ugrunda ýerleşýän myhmanhananyň disko-barynda uruş boldy. Iki ýigit bilen üç gyzyň gatnaşmagyndaky uruşda pyçaklaşyk hem boldy. Erbet jenaýaty amal eden ýaşlaryň ýokary döwlet wezipelerinde tanyşlary bar. Şol sebäpli olar şikes ýetenleriň sesi çykmaz ýaly edip, bu jenaýatyň üstüni ýapdylar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.
Azatlykda gürrüňi edilýän myhmanhananyň ady barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşy netije bermedi.
Ýurtda kosmetiki hyzmatlaryň gadagan edilip, gözellik salonlarynyň we käbir gijeki klublaryň ýapylmagy, şeýle-de, ilatyň geýimine gözegçiligiň güýçlenmegi we munuň bilen bagly alnyp barylýan çäreler barada ýurduň resmi media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.
Türkmenistanda aýal-gyzlar dar köýnek geýmekden, makiýaždan ýüz öwürmek, saçyny sary reňke boýamazlyk ýaly talaplar bilen ilkinji gezek 2018-nji ýylyň bahar aýlarynda köpçülikleýin ýüzbe-ýüz bolupdylar.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, köpler häkimiýetleriň häzirki çärelerini ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň konserwatiw garaýyşlary bilen baglanyşdyrýarlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wezipä girişenden gysga wagt soň Içeri işler ministrliginiň başlygyny täzeledi. Şondan soň ilata polisiýa gözegçiligi güýçlendi, ýollarda köpçülikleýin reýdler geçirilip, ýol hereketiniň düzgünlerini bozanlar telewizorda görkezildi, şeýle hem resmi nikasy bolmadyk jübütlere jerime salmak işine hem bat berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.