Berdimuhamedow şahslaryň ýerden peýdalanmak hukuklaryna 'dawa salýar'

Gurbanguly Berdimuhamedow orak orýar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti 26-njy noýabrda ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy bilen bagly täze buýruga gol çekdi, emma bu kararyň manysy adamlara ne metbugatda, ne ýerlerde düşündirilýär; synçylar bu göçümiň hem ýerden, hem hökümet işinden ýapyşyp, zordan güzeran aýlamaga çalyşýan maşgalalara ýene bir urgy boljakdygyny, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri geçirilen oba hojalyk 'synaglarynyň' hiç biriniň 'gowy bolamndygyny' aýdýarlar.

Wise-premver Esenmyrat Orazgeldiýewiň sözlerine görä, täze kararyň taslamasy ýurduň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklerine, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin taýýarlandy.

“Ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini degişli döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi” diýip, kararda aýdylýar. Ýöne ýerli hünärmenler döwlete ýa täsirli adamlara gerek bolan ýer bölekleriniň olardan “peýdalanýan şahslaryň ylalaşygy esasynda” alynjakdygyna ‘örän şübheli’ garaýarlar.

Degişli maglumat Garyp düşen oba ilaty ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýer böleklerini satýar, emläk dellallary rowaç alýar

Galyberse, daýhanlaryň kärende ýerlerini ellerinden almak baradaky gürrüň, ýurtda dowam edýän oba hojalyk krizisiniň fonunda, ol ýa-da beýleki görnüşde, hökümet baştutany tarapyndan mundan öňem birnäçe gezek edilipdi.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky kynçylyklary ýakyndan synlaýan hünärmenleriň pikiriçe, G.Berdimuhamedowyň ýerler bilen bagly täze karary, hasap boýunça, onuň oba hojalygyndaky üçünji özgertmesiniň başlangyjy hem bolup biler.

Ol 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, ozalky prezidentiň döwründe yzygiderli garyp düşen daýhanlaryň meselesini ymykly çözmek wadasyny berdi we soňky ýyllarda bu pudaga seredýän orunbasarlaryny, sebit häkimlerini ýygy-ýygydan çalşyp, daýhanlary netijesiz işlemekde günäledi.

Ýatlatsak, G.Berdimuhamedow 2017-nji ýylyp 22-nji maýynda geçiren iş maslahatynda öz nägileliklerini gaýtalap, bu pudaga täze bellän wise-premýeri E.Orazgeldiýewiň işinden, öz beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeýşinden nägile boldy. Orazgeldiýew bu wezipä şol ýylyň aprel aýynyň başynda wezipesinden boşadylan ozalky wise-premýer Rejep Bazarowyň ornuna bellendi.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa: gurakçylyk dowam edýär, jemgyýetdäki ýagdaý gyzyşýar

Şondan bäri geçen döwürde, has uly ýer böleklerini uzak möhletli bermek, döwletiň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karz bermek, tehnika, dökün kömegi, suw üpjünçiligi ýaly gowy wadalar berildi. Emma ýurtda dowam edýän azyk, iým gytçylygy döwletiň uly dabara bilen belleýän hasyl toýlarynyň arkasynda agyr bir ýagdaýyň gizlenýändigini yşarat edýär.

Oba hojalygyndaky ýagdaýyň agyrdyny bu pudakdan eli sowap, şäherlere we başga ýurtlara gidýän adamlaryň sanynyň juda köpelmegi hem tassyklaýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti daýhanlaryň kynçylyklarynyň hakyky sebäplerine, iki prezident döwründe alnyp barlan oba hojalyk syýasatynyň bazar şertleri bilen düýpden bir ýere sygyşmazlygyna göz ýummagy dowam etdirýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Şu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, edil häzir sebitdäki kärende ýerlerini bölekleýin telekeçilere ulanmaga bermek çäreleri geçirilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Marydaky kärendeçileriň köpüsi tomusda öz potrat ýerlerini “satyp” başlady.

“Soňky günlerde potrat ýerlerini satýan kärendeçiler gaty köpeldi” diýip, habarçy aýtdy. Azatlyk radiosy bilen gürleşen kärendeçileriň sözlerine görä, olar ‘ýerler doly telekeçilere tabşyrylyp dynmanka, azajyk bolsa-da, ýerlerinden peýdalanmak isleýärler’.

Degişli maglumat Obasenagat toplumyny özgertmek teklip edilýär, eýsem, bu 'özgerişler' daýhanlara nähili täsir eder?

Mundan başga, Maryda hökümet edaralarynda işleýän adamlaryň potrat ýerleriniň ellerinden alynýandygy habar berilýär.

“Eger-de potrat ýerlerini öz atlarynda saklajak bolsalar, adamlar hökümet edaralaryndaky iş ýerlerini boşatmaly. Býujet edaralarynyň oba ýerlerinde ýaşaýan işgärlerinden potrat ýerleriniň ýokdugy barada ýazmaça düşündiriş bermegi talap edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, adamlar bu bolýan üýtgeşikliklere düşünmeýärler, ýerli häkimiýetler daýhanlara hiç bir düşündiriş bermeýär.

Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň we ýerli hünärmenleriň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda ýerleriň kärendä berilmegi bilen, daýhanlar hökümetiň elindäki batraklara öwrüldiler we maşgala agzalary bilen ýyl boýy işlän adamlaryň bergili çykmagy adaty zat boldy.

Indi adamlar ‘telekeçileriň elinde gul ýaly işlemeli bolarys’ diýip, öz aralarynda gürrüň edýärler, ‘ozal hökümete degişli bolan bolsak, indi bir baýa, aga tabyn bolmaly bolarys’ diýip, maryly daýhanlaryň biri habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şol bir wagtda, prezidentiň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy baradaky täze buýrugynyň nähili berjaý ediljekdigi belli däl, sebäbi synçylar ýurtda hiç bir kanunyň bolmalysy ýaly işlemeýändigini, hut şu ýagdaýyň hem agyr ykdysady krizise alyp gelendigini öňe sürýärler.

Hökümetiň sosial mediadaky tankytçylarynyň biri, Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Saparmyrat Yklymowyň Azatlyga 2019-njy ýylda beren uly göwrümli interwiýusynda aýtmagyna görä, Türkmenistanda "kanun işlemese, sistema düýbünden üýtgedilmese, hiç bir gowulaşma bolmaz".

Degişli maglumat Murgaply daýhan: Ejemiň maýyp arabasyny satyp alan tohumlyk kartoşkam suwsuz guraýar

Emma muňa garamazdan, ýurtda sowet döwründen gelýän pagta 'söwdasy' ýaly galplyklar hem saklanyp galýana meňzeýär. Şol bir wagtda kärendeçiler diňe gowaça, bugdaý ekmeli bolsa, telekeçilere has giň mümkinçilikler döredilýär.

Mysal üçin, Marydaky telekeçiler, aýdylmagyna görä, özlerine degişli bolan potrat ýerleriniň görünýän ýerlerindäki atyzlara, dört tarapyna gowaça ekýärler we galan ýerlerine mekgejöwen, ýorunja ekip, peýda görýärler; döwlete tabşyrylmaly pagta plany bolsa, kagyz ýüzünde, ýerli häkimiýetler bilen her tonnasyna 2 müň manat nyrhyndan söwdalaşyp, galp doldurylýar diýip, ýagdaýdan habarly adamlar aýdýar.

Şol bir wagtda, “häkimiýetler bilen ‘gowy dil tapyşýan’ telekeçileriň wagtynda suw almagy ýönekeý daýhanlaryňka garanda has aňsat bolýar, netijede sada oba adamlarynyň ekini hasyl bermeýär, bizde döwlet adam üçin däl, diňe baýlar üçin” diýip, maryly hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.