Türkmenistanda ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynyň etrap we oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuşy has pese gaçan köp hojalyk, çykalga tapmansoň, ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýer böleklerini satyp başlady. Mellek söwdasyna emläk dellallary araçylyk edýär. Dellallar ýer böleklerine 100-150 müň manat aralygynda baha kesýär.
Döwlet borçnamasy esasynda ekerançylyk meýdanlarynda gowaça we bugdaý ösdürip ýetişdirýän Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, pagtadan alynýan ösümlik ýagynyň bir litri 70 manada, bir halta unuň bahasy 600 manada çykdy. Lebapda bir çöregiň hususy söwdadaky bahasy, unuň hiline görä, 8-15 manat aralygynda üýtgeýär. Ekerançylyk bilen meşgullanýan obalarda hem un üpjünçiliginiň ýagdaýy agyrlaşýar.
“Şäher ýerlerinde arzan çörek her gün irden bir gezek sagat 6:00-da satylýar. Ýöne oba ýerlerine arzan çörek getirilmeýär” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýaramaz durmuş şertleri hususan-da Lebap welaýatynyň käbir etrap we oba ýerlerinde, hususan-da Çärjew etrabynyň “Lebap”, “Ýassydepe” daýhan birleşiklerinde, şeýle-de Talhanbazar geňeşliginde ýerli ilaty öz mellek ýerleriniň bir bölegini satuwa çykarmaga iterýär.
Habarçymyza görä, ýörite realtorlar, emläk dellallary obalardaky ýer söwdasyna araçylyk edýär. Olar satuwa çykarylýan ýer bölekleriniň resmileşdirilmegine tölegli esasda ýardam berýär.
Bu ýagdaý ýurduň çäginde ýer eýeçiligini berk gözegçilikde saklaýan döwletiň kesgitlän düzgün-tertibine laýyklykda mellek ýerlerini resmileşdirýän emläk dellallarynyň rowaç almagyna getirýär. Habarçymyza görä, araçylar dellalçylyk we resminama hyzmatlary üçin ýer eýelerinden 10 müň manat möçberinde töleg soraýar. Eger araçy satuwa çykarylýan ýere özi müşderi tapyp, ýeriň bölünişigine özi gatnaşsa, onda ol ýer eýesinden ýeriň umumy bahasynyň 10 göteriminiň özüne berilmegini soraýar. Ýeriň bahasy onuň tutýan meýdanyna görä we beýleki aýratynlyklar göz öňünde tutulyp, 100-150 müň manat aralygynda kesgitlenilýär.
Türkmenistanda oba ilaty köplenç ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýar, ýöne biziň habarçymyza görä, azyk önümleriniň aşa gymmat bahasyndan ejir çekýän oba ýaşaýjylary 100-150 müň manat pul serişdesiniň öwezine özleriniň ýer böleklerinden geçip, olary satmaga isleg bildirýär.
Habarçymyz Lebap welaýatynyň käbir obalarynda emläk dellallarynyň hojalyklara aýlanyp, öz hyzmatlaryny hödürleýändiklerini we öý eýelerine özleriniň telefon belgilerini goýup gaýdýandyklaryny habar berdi.
Şeýle-de, ol Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginde we “Lebap” daýhan birleşiginde has köp hususy ýer bölekleriniň satuwa çykarylýandygyny habar berdi.
Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlara ýanaşyk ýer böleklerinden peýdalanmagyň hem-de olary abatlamagyň düzgünlerini Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi we beýleki degişli kanunçylyk namalary kesgitleýär. Şeýle-de, ýurtda Döwlet ýer kadastry hereket edýär. 2018-nji ýylyň oktýabrynda ýurtda oba hojalyk ähmiýetli ýörite Ýer gaznasy döredildi we resmi maglumatlara görä, bu ýer gaznasyndan döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin hususy ekerançylara ýer bölekleri paýlanyp berildi.
Resmi we ýarym resmi habar serişdelerine görä, ýurtda hususy önümçilik bilen meşgullanýan daýhan hojalyklar we hususy kompaniýalar oba hojalyk önümçiliginde rol oýnap başlady. Şol bir wagtda, adatça ekerançylykdan gün-güzeran aýlaýan özbaşdak daýhanlar, oba ilaty, biziň habarçymyza görä, mellek çäginde ýerleşýän ýer böleklerini satuwa çykaryp başlady.
“Oba ýerlerinde işsizlik, ykdysady krizis sebäpli, hojalyklaryň ýaşaýyş-durmuşy has kynlaşdy. Şonuň üçin, köp hojalyk öz mellekleriniň ýarpy bölegini satmak kararyna gelýär” diýip, bir oba ýaşaýjysy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Hususy söwdada çöregiň bahasy 15 manada unuň bir haltasy 600 manada çenli gymmatlaýan mahaly, Azatlygyň habarçysy, oktýabr aýyndan başlap, ilatyň un paýlarynyň ähli ýerlerde ýatyrylmagyna garaşylýandygyny habar berýär.
Adamlar kesgitli möçberde ilata paýlanan subsidirlenen un paýlarynyň bir kilogramyna bir manat töleg töleýär. Bir halta subsidirlenen un 50 manat töwereklerinde bahalanýar. Ýöne dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Azatlygyň habarçysy, azyk önümleriniň hususyyýetçilerdäki bahasyna oba ilatynyň hötde gelip bilmeýändiklerini habar berýär.
Şeýle-de, habarçymyz Lebabyň sebitlerinde çörek we un gymmatçylygy bilen bir hatarda hamyrdan bişirilýän önümleriň, şol sanda somsanyň we fitçiniň bahasynyň 3 manat töwereklerinde gymmatlandygyny habar berdi.
Bu kynçylyklardan hor düşen hor-homsy obalylar öz mellek ýerlerini satuwa çykarýar.
Azyk üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýyna garamazdan, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda studentleriň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanyň gallany diňe bir bol öndürýän däl, eýsem, gerek bolsa, ony eksport edýän ýurda öwrülendigini aýtdy.
Oba ilaty mellek ýerlerini satuwa çykarýan mahaly Berdimuhamedow daýhan ata-babalaryň şaly, jöwen, nohut, noýba, mäş, kädi, gawun-garpyz ýaly, tagamly gök-bakja önümlerini, erik, şetdaly, armyt, hoz, pisse, badam, nar, üzüm ýaly miweleri öndürendiklerini aýtdy.
Habarçymyza görä, emläk dellallary ýer böleklerini 10 günüň içinde ýerlemegi wada berýär.
“Öz halkyna bugdaý artykmaçlyk edýän bolsa, bir halta unuň bahasy 600 manada ýetermidi? Häzir un defisit. Satyn alaýyn diýseň hem, şol pula tapdyranok” diýip, oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.