Türkmenabat: hususyýetçilerde çörek gytçylygy, döwlet dükanlarynda çörek nobatlary emele geldi

Illýustrasiýa suraty.

Ýurduň gündogar sebitleriniň, şol sanda Lebap welaýatynyň administratiw merkeziniň ilaty çörek gytçylygy we un gymmatçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Daň säheriniň çigrek howasynda Türkmenabadyň azyk önümleri satylýan bir döwlet dükanynyň öňünde bir topar adam çörek nobatyna garaşýar. Bazarlarda çöregiň bahasy ep-esli gymmatlansoň, dükanyň öňünde jem bolan jemende arzan bahadan çörek satyn almak isleýär. Waka geçen hepdäniň şenbe güni, 16-njy oktýabrda irden sagat 6 töwereklerinde bolup geçýär.

Degişli maglumat Ýurtdaky un ýetmeçiliginiň arasynda, Aşgabatda hususy çörek kärhanalarynyň onlarçasy ýapyldy

Ýygnananlar çörege garaşýan mahaly, bir ýerlerden özüni häkimligiň işgäri hökmünde tanyşdyran bir adam peýda bolup, nobata garaşýan adamlardan dargamagy, her kimiň öýli-öýüne gitmegini talap edip başlaýar. Häkimligiň işgäri “çörek köp gatly jaýlaryň girelgelerine eltiler, şonda alarsyňyz” diýýär. Ýöne çörek nobatyna garaşýan adamlar munuň bilen razylaşmaýar. Gaýtam, olar goh-galmagal edip, “häkimligiň işgäriniň” üstüne gygyryp başlaýar. Adamlaryň nägileligine duçar bolan häkimlik wekili dükandan uzaklaşýar. Yz ýany, dükana çörek getirilýär. Aradan bir sagat soň çörek söwdasy başlaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň gündogar sebitlerinde, şol sanda Türkmenabatda dowam edýän çörek gytçylygy barada habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, soňky günlerde çörek şäheriň hususy dükanlarynyň söwda tekjelerinden ýitirim boldy. Bazarlarda çöregiň bahasy 12-15 manada çykdy.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda şäher boýunça alty sany çörek sehi bar. Her çörek sehiniň gapdalynda çörek dükany bar. Adamlar bu çörek dükanlarynyň öňünde ir säher bilen nobata durup başlaýar.

“Bu dükanlara haçan barsaň, 30 töweregi adam nobata durandyr. Her iki sagatdan bir gezek tamdyrdan çörek çykýar. Çörek taýýar bolanda nobata garaşýan adamlaryň sany iki esse dagy köpelýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Çörek peçden çykyp, heniz dükana geçirilmänkä nobat köpelip başlaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýoldan geçip barýan awtoulaglaryň sürüjileri hem ulaglaryny saklap, çörek nobatyna goşulýarlar. Birinji tapgyrda çörek ýetmedik adamlar çöregiň ikinji tapgyryna garaşýar.

Bu aralykda, habarçymyz hususy söwdada 50 kilogramlyk bir halta unuň bahasynyň 700 manatdan geçendigini habar berýär.

Degişli maglumat Iýmäne çörek tapmaýandygyny aýdýan onlarça maryly prokuraturanyň öňüne üýşüp, prokurordan haraý gözleýär

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkmenistanda ilatyň azyk paýlaryna goşulyp berilýän subsidirlenen unuň 1 kilogramy döwletiň kesgitlän nyrhynda 1 manatdan bahalanýardy.

“Döwlet dükanynda her adama iki türkmen çöregi we iki buhanka satylýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. “Dessine çörek gutarýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, çörek tamdyrdan çykan wagty myssyjak bolýar, tagamly bolýar, ýöne aradan bäş sagat töweregi soň çörek tagamsyz iýmite öwrülýär.

Habarçymyz ilata satylýan çöregiň gara undan bişirilýändigini habar berýär.

Bazarlarda 12-15 manatdan satylýan çörek köplenç gazak unundan bişirilýär. Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylar onuň içine hamyr çişirijisiniň goşulýandygyny, bu çörekleriň daşyndan uly görünýändigini ýöne olaryň doýumlygynyň pesdigini aýdýarlar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, etraplarda we Türkmenabat şäherinde mundan ozal ýüzlerçe adam öý tamdyrlarynda çörek bişirip, olary hususy dükanlara ýerlemek arkaly gün-güzeran aýlaýan ekeni.

Ýöne un gytçylygy hususy çörek söwdagärleri üçin hem amatsyzlyk döretdi.

“700 manatdan un satyn alyp, ondan tamdyr çöregini bişirip satmagyň peýdasy ýok. Hiç kim tamdyrda çörek bişirip satanok, şol sebäpden hususy dükanlarda çörek satuwdan aýryldy” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne, her niçik-de bolsa, bazarlarda hususy çörek söwdasy dowam edýär. Azatlygyň habarçysy un gytçylygy we gymmatçylygy sebäpli sebitdäki hususy çörek sehleriniň hem öz işlerini wagtlaýyn togtadandyklaryny habar berdi.

“Çörek diňe döwlet dükanlarynda satylýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary gizlemek maksady bilen, iýmit önümleriniň hojalyklara eltilip berilmegi ýaly tejribeleri durmuşa geçiripdi.

Degişli maglumat Paýtagtyň häkimiýetleri ilata un paýlarynyň berilmejekdigini duýdurdy

Döwlet plan borçnamasy boýunça ýüzlerçe müň gektar meýdanda bugdaý ösdürip ýetişdirýän Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, soňky birnäçe ýyl bäri welaýatlarda we paýtagtda yzygiderli çörek we un gytçylygy, gymmatçylygy emele gelýär.

Un gytçylygy ýurduň beýleki sebitlerinde hem duýulýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji oktýabrda paýtagt Aşgabatda hem 30-dan gowrak kärhananyň çörek we çörek önümlerini bişirmegi bes edendigini habar berdi. Hususy kärhanalarda işleýän adamlar bu ýagdaýa un gytçylygynyň we unuň bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 24-nji sentýabrda çap eden import-eksport hasabatyna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlary aralygynda Türkmenistan Bileleşige agza ýurtlardan 23,752 tonna bugdaý satyn alypdyr. Bileleşigiň ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistana eksport eden bugdaýynyň umumy möçberiniň 97%-ni Gazagystanda öndürilen bugdaý, 3%-ni Russiýada öndürilen bugdaý emele getirýär. Türkmenistan ýanwar-iýul aýlary aralygynda Gazagystandan 23,040 tonna töwereklerinde bugdaý import edipdir, Russiýadan 712,5 tonna töwereklerinde galla satyn alypdyr.

18-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde Aşgabatdaky bir hususy çörek we çörek önümleri kärhanasynyň wekili un gytçylygyna unuň import bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäp bolandygyny gürrüň berdi.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň hasabaty bu maglumaty tassyklaýan ýaly. Hasabata görä, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Bileleşige agza ýurtlardan import eden bugdaýynyň bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57,3% ýokarlanypdyr.

Degişli maglumat Iýmit ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, Türkmenistan Russiýa azyk eksportyny 93% artdyrdy

Türkmenistan esasan Gazagystandan we Russiýadan galla önümlerini import edýär.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri bu ýylyň galla möwsüminde ýurduň bugdaý meýdanlaryndan 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.