Türkmenistanda dowam edýän ýiti un we çörek ýetmezçiliginiň arasynda, Aşgabatda çörek we çörek önümlerini bişirýän hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň onlarçasy öz işini bes etdi. Bu ýagdaý ýüzlerçe adamyň işsiz galmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.
Onuň sözlerine görä, indi bir hepde gowrak wagt bäri Aşgabatdaky hususy kärhanalaryň 30-dan gowragy çörek we çörek önümlerini bişirmegi bes edip, öz işini togtatdy.
Olaryň arasynda Aga Berdiýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän üç, Berkararlyk etrabynyň Demirgazyk (Sewernyý) köçesiniň ugrunda ýerleşýän iki we Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän kärhanalar bar.
"Kärhanalaryň käbirinde ortaça 10 aýal zähmet çekýärdi. Olaryň öz işini bes etmegi netijesinde ýüzlerçe adam işsiz, gazançsyz galdy" diýip, çörek öndürýän hususy kärhanalaryň birinde işlän bir işgär 18-nji oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Hususy kärhanalarda işlän birnäçe işgäriň habarçymyza beren maglumatyna görä, kärhanalaryň öz işini bes etmegine döwlete degişli dükanlarda Türkmenistanda öndürilen unuň ýoklugy we ýurda import edilýän unuň gymmatlygy sebäp boldy.
"Ozal hususy telekeçiler döwlet dükanlarynyň arka gapylaryndan bir kilogram uny 10 manatdan satyn alýardylar. Döwlet dükanlarynyň işgärleri ilata bir kilogramy bir manatdan satylmaly subsidirlenen uny telekeçilere bikanun satýardylar. Telekeçilere ýurda import edilen unuň bir kilogramyny 25 manatdan satyn alyp, bir çöregi 10 manada satmak hem düşewüntli bolmaýar" diýip, işgär belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.
Ýurduň döwlet dükanlarynda azyk, şol sanda un we çörek üpjünçiligindäki ýiti problemalar saklanyp galýan mahaly, dükan resmileriniň ilata paýlanmaly subsidirilenen uny bikanun satýandygy barada Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdiler.
Şu ýylyň sentýabrynda bolsa, türkmen häkimiýetleri subsidirilenen unuň bikanun satylmagyna garşy göreşmek çäreleriniň çäginde öz hususy hojalyklaryndaky tamdyrda çörek bişirip satýan aýallara garşy reýdleri geçirip başlady. Şonda Balkanyň kanun goraýjy edaralarynyň resmileri tamdyrçylary soraga çekip, olaryň nirelerden we kimlerden un satyn alýandygyny anyklamaga synanyşdy.
Munuň yzysüre, kanun goraýjylar çörek dükanlarynda “paýok unlarynyň ogurlanmagy bilen bagly” derňew işlerini geçirip, döwlet dükanlarynyň ençeme işgärine garşy jenaýat işini gozgadylar.
Ýöne habarçylarymyz türkmen häkimiýetleriniň bu çärelerinden soňra-da döwlet dükanlarynda un we çörek üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmaýandygyny aýdýarlar.
"Häzirki wagt döwlet dükanlarynda ir sagat 5-de buhanka atlandyrylýan çörek, ýarym sagadyň dowamynda bir ele üç sanysy satylýar. Şondan soň subsidirlenen çörek ýok. Çörek ýetmän, çöreksiz galan adamlar "TOMUS" hususy kärhanasynyň öndürýän çörek we çörek önümlerini gymmat bahadan satyn almaly bolýarlar. Bu kärhananyň öndürýän çörek önümleriniň bahasy 10-25 manat aralygynda bahalanýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 18-nji oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan käbir synçylar ýurtdaky un we çörek ýetmezçiliginiň "hususy çörek kärhanalarynyň, tamdyrçylaryň we döwlet dükanlarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenerden has ýitidigini" aýdyp, munuň sebäplerini ýurtda ýygnalýan galla hasylynyň pesligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky un we çörek ýetmezçiligini resmi taýdan boýun alman, geçen ýyllardaky ýaly şu ýyl hem ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny aýdyp, bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi yglan etdiler.
TDH-nyň 22-nji sentýabrda çap eden maglumatynda häzirki wagtda ýurduň jemi içerki önüminde oba hojalygyň paýynyň 11-12 göterime ýetýändigi aýdylyp, ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi bellenilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.