Balkan welaýatynyň ençeme etrabynyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiligi problemasy has-da ýitileşýär. Welaýatyň käbir etraplaryndaky döwlet dükanlaryna indi bäş aý bäri subsidirlenen azyk önümleri getirilmeýär. Döwlet dükanlaryndaky azyk ýetmezçiliginiň arasynda, hususyýetçilerde bahalar barha ýokarlanýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan habar berýär.
Onuň maglumatyna görä, welaýatyň Hazar, Gumdag şäherleriniň, Magtymguly etrabynyň we Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesiniň ýaşaýjylary indi bäş aý bäri towuk budy, üç aý bäri ýag we iki aý bäri un "paýoklaryny" alyp bilmeýärler.
"Hazaryň ençeme obasynyň, Magtymgulynyň Gyzyl, Akkel, Näre we Ýankel daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary un, ýag meselesini çözüp bermegi sorap, ençeme gezek etrap häkimligine arz etdiler. Ýöne ýaşaýjylaryň arzlary häzir çenli çözülmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran sebitiň ýaşaýjysy 3-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabatda azyk paýlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlik emele geldiAzatlyk bu aýdylanlar barada agzalan şäherleriň we etraplaryň häkimliklerinden, şeýle-de ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Bellesek, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümleriň düzümine towuk budy, ösümlik ýagy, şeker, un we ýumurtga ýaly harytlar girýär. Bu önümler hususyýetçilerde iki-üç esse gymmat bahadan satylýar.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, agzalan etrapdyr şäherleriň döwlet dükanlaryna azyk önümleri indi ençeme aýlap getirilmeýän mahaly, olaryň hususyýetçilerdäki bahalary günsaýyn diýen ýaly ýokarlanýar.
Häzirki wagtda 1,5 litr arassalanmadyk pagta ýagynyň bahasy 100-120 manada ýetdi. Onuň döwlet dükanlaryndaky bahasy 19 manada barabar.
Şeýle-de, mundan birnäçe hepde ozal, hususyýetçilerde 1 kilogramy 16 manatdan satylan unuň bahasy 23 manada ýetdi. 1 kilogramy 75 manatdan bahalanan etiň nyrhy-da 100 manada ýokarlandy.
Deňiz ýakada ýerleşýän Balkan welaýatynda balyklaryň bahasy hem gymmatlady. Mundan birnäçe hepde ozal kilka balygynyň 1 kilogramy 20 manada barabar bolan bolsa, häzir 80 manatdan satylýar.
"1 kilogram gara balyk 110 manada, bekre balygy 350 manada ýokarlandy. Balyklaryň bahasy hem deňiz ýakada ýerleşýän sebit üçin gaty gymmat" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat Çörek ýetmezçiligi ilat arasynda ýakalaşyklaryň döremegine getirýär, häkimiýetler çözgüt gözleýärOnuň sözlerine görä, balygyň gymmatlamagyna häkimiýetleriň balyk tutmaga garşy girizen çäklendirmeleri belli bir derejede sebäp bolýar.
"Diňe ýokary wezipelerde tanşy bar raýatlaryň balyk tutmagyna rugsat berilýär. Çem gelen adam deňizden balyk tutup bilmeýär" diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz welaýata gök-bakja önümleriniň aglaba böleginiň beýleki sebitlerden getirilýändigine ünsi çekip, bularyň bahalarynyň hem yzygiderli gymmatlaýandygyny adýar.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan telekeçiler bu gymmatlamanyň sebäplerini pandemiýa zerarly girizilen hereket çäklendirmeleri we munuň bilen bagly "ýitileşen para-peşgeş" meselesi bilen düşündirýärler.
"Welaýatlaryň arasyndaky howpsuzlyk işgärlerine uly para bermäge mejbur bolýarys. Maddy zyýan çekmejek bolup, bahalary ýokarlandyrmaly bolýarys" diýip, bir telekeçi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Ýurtda işsizlik giňden ýaýraýan mahaly, döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy yzygiderli ýaramazlaşýar, hususyýetçilerde bahalar günsaýyn diýen ýaly ýokarlanýar. Bu ýagdaýlar has köp maşgalany subsidirlenen azyk önümlerine garaşly goýýar.
Degişli maglumat Iýmit ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, Türkmenistan Russiýa azyk eksportyny 93% artdyrdyTürkmenistanda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, ýurt raýatlary keselçilikden, azyk ýeter-ýetmezçiliginden we gymmat bahalardan başga-da, derman gytçylygyndan we gymmatçylygyndan hem kösenýärler.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalary boýun almaýarlar. Şeýle-de, olar pandemiýanyň ilata ýetirýän täsirleri barada hem mesele gozgamaýarlar. Muňa derek, ýurtdaky azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, häkimiýetler bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini ýylyň-ýylyna yglan edip, daşary döwletlere miweleriň we gök önümleriň eksportyny artdyrýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.