Türkmen resmisi anyklaşdyrmazdan “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak we “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek üçin alan daşary ýurt karzlaryny üzendigini aýtdy.
Bu habar Türkmenistanyň adynyň, berýän maglumatlarynyň ygtybarsyzlygy sebäpli, Bütindünýä bankynyň hasabatyndan aýrylandygy barada çykan maglumatyň yz ýanyndan berildi.
“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenezuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenezuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, Bütindünýä bankynyň täze hasabatynda aýdylýar.
Degişli maglumat Bergi-borja batandygy aýdylýan Aşgabat ýene daşary ýurt maýasyny gözleýärWise-premýer Şahym Abdrahmanowyň 11-nji iýunda geçirilen mejlisde beren hasabatyna laýyklykda, gürrüňi edilýän “bergiler doly gaýtaryldy”.
Ýurduň nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän orunbasar, belki-de sözüni has berkitmek üçin, “Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasynyň 8-nji iýunda beren resmi habaryna” hem salgylandy, ýöne goşmaça detal bermedi.
Şeýle-de, ol döwlet baştutanynyň garamagyna "Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çig nebit satyn almagy hakyndaky" kararyň taslamasyny hödürledi.
Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn almak göz öňünde tutulýar diýip, TDH ýazýar. Prezident Berdimuhamedow bu karara gol çekdi.
Öz çykyşlarynda karz serişdelerine gurlan desgalaryň taslama kuwwatynda önüm öndürmezliginden nägile bolýan we mart aýynda daşary ýurt karzlarynyň wagtynda yzyna gaýtarylmagy barada mesele gozgan prezident berginiň üzülendigi baradaky habary “dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, görlen çäreleriň (?) netijesi” hökmünde görkezmäge synandy.
Emma anyk sanlaryň köplenç ýaşyrylylmagy bilen brilikde, bu habar bir topar sorag döredýär.
Geçen ýylyň tomsunda "Interfaksyň" beren habaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, aprelde Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberi 18 prosent pese gaçdy. Şeýle-de neşir Hytaýyň aprel aýynda her 1000 kub metr türkmen gazy üçin 227 dollar töländigini aýtdy.
Hytaýyň “PetroChina” kompaniýasy geçen ýylyň martynda gaz importlary boýunça fors mažor yglan edýändigini, ýurda import edilýän gazyň möçberini global pandemiýanyň fonunda azaldýandygyny habar berdi.
“Interfaks” Hytaýyň gümrük statistikalaryna salgylanyp, Türkmenistanyň geçen ýylyň aprelinde Hytaýa her gije-gündiziň dowamynda 69 million kub metr, 2019-njy ýylyň dowamynda jemi 31,2 milliard kub metr gaz iberendigini habar berdi.
“S&P Global Platts” neşiriniň geçen ýylyň maýynda Hytaýyň Gümrük gullugynyň sanlaryna salgylanyp beren habaryna görä, 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistan Hytaýa 33.3 milliard kub metr möçberinde gaz iberdi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň Hytaýa iberýän gazynyň bahasy boýunça täze sanlar äşgär boldyHytaý Türkmenistanyň iň iri energiýa müşderisi we 10 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen gazyny satyn alýar, ýöne bilermenler Pekiniň Aşgabada töleýän tölegleriniň belli bir böleginiň Türkmenistanyň Hytaýdan alan karzlaryny üzmäge gönükdirilýändigini aýdýarlar. Ýöne ol serişdeleriň möçberi aýdylmaýar.
Döwlet baştutany fewral aýynda ýangyç pudagynyň birnäçe ýolbaşçysyna, şol sanda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa kärhanalardaky "kemçilikler" üçin, mart aýynda bolsa, ýurduň Baş prokuraturasynyň daşary ýurt karzlary boýunça geçiren barlaglarynda ýüze çykaran kemçilkleri üçin nägilelik bildirdi.
Emma bu kemçilikleriň nämedigi we şeýle gysga wagtda nähili düzedilendigi, karzlaryň öz wagtynda yzyna gaýtarylmagy baradaky meseläniň näme üçin hökümet mejlisiniň gün tertibine girizilendigi hiç wagt anyklaşdyrylmady.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan 2009-2011-nji ýyllarda Hytaýdan ýurduň nebit-gaz pudagyny ösdürmek we eksport edilen gazyň hasabyna üzülişmek maksady bilen 8 milliard dollardan gowrak karz aldy.
Degişli maglumat Prezident öňegidişligiň 'ýokdugyny', täze ýolbaşçylary 'gözlemelidigini' aýdýarMart aýyndaky mejlisde bu karzyň möçberiniň ABŞ-nyň 8 milliard 800 million dollaryndan gowrak serişde bolandygy açyk aýdyldy, ýöne şu geçen döwürde Hytaýa satylan gazyň möçberi we bahasy anyklaşdyrylmady.
Siňe seredilse, prezidentiň karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak üçin çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak barada “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylaryndan eden talaplaryny ýerine ýetirmek we bergi üzmek meselesi o diýen ýeňil çözüljege meňzemeýär.
Şol bir wagtda, döwlet baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilen prokuror barlaglarynyň çekilen daşary ýurt karz serişdelerini netijeli özleşdirmek we olary wagtynda gaýtarmak meselelerinde käbir kemçilikleri ýüze çykarandygy anyklaşdyrmazdan habar berildi.
“Türkmengazyň” karzynyň üzülendigi baradaky habar wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň Birleşen Arap Emirliklerinde geçiren gepleşikleri netijesinde 100 million dollar sermaýa ylalaşygyna gol çekilendigi barada arap mediasynda çykan habara hem gabat geldi.
Degişli maglumat Prezident ýangyç-energetika toplumyndan nägile bolýar, bäş resmi “berk käýinç” aldyTürkmen hökümeti soňky ýyllarda gurluşyk-senagat toplumyna 2 milliard 682 million amerikan dollaryna golaý möçberde, ulag-aragatnaşyk toplumyna 1 milliard 5 ýarym million amerikan dollary möçberde, oba hojalyk toplumyna 822 million 200 müň amerikan dollary möçberinde... daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini aýtdy we Garlykda gurlan dag-magdan kärhanasy, Türkmenbaşyda gurlan täze port, Aşgabatda gurlan täze halkara uçar menzili, täze demir ýol ulgamlary ýaly taslamalaryň öz taslama kuwwatynda işlemeýändigi habar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.