Polisiýanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreş bölümi we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen meşgullanýan topar Dänew etrabynyň Galkynyş şäherçesinde 10 tonna tohumlyk çigidi we 1 tonna arasssalanmadyk, ýarym taýýar ýagdaýdaky ösümlik ýagyny, çigidi gysyp, ýag çykarýan enjamy ele saldy diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, ozal kän günebakar edkip, ençeme gezek ýag bolçulygyny döretjek bolan ýurtda ýag ýetmezçiligi saklanyp galýar.
Onuň sözlerine görä, bu hili ogurlyk hadysalary Farapda hem giň ýaýran; ekiş üçin niýetlenen tohumlyk çigitler oba resmileri tarapyndan artdyryp ýazmak ýa-da ekilmeli ýerlere gerek möçberinden az tohum sepmek arkaly, şahsy peýda görmek üçin, aşaklykdan hususy adamlara satylýar.
Degişli maglumat Mary: Aýaly, agtygy syrkawlan daýhan derman we azyk üçin potrat ýerini 'satýar'Emma döwlet eýeçiligindäki metbugatda bu hili habarlar berilmän, prezidentiň wagtal-wagtal geçirýän "paş ediş" çärelerine çenli jemgyýetçilikden ýaşyrynlykda ýa-da resmileriň "öz arasynda" saklanýar.
Şol bir wagtda, TDH-nyň 14-nji maýdaky habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň hasabatyny diňläp, anyklaşdyrmazdan, obasenagat pudagynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Şeýle-de neşir prezidentiň "kärendeçileriň we ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryk" berendigini aýdýar, ýöne bu meseläniň içine girmeýär.
Şu aralykda sebitlerden gelýän maglumatlar ýurduň ýene-de bir "agyr ýyl bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny" tassyklaýar.
"Bu ýylyň hasylyndan umyt ýok, bugdaý bolmasa, halk näme eder?" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen lebaply daýhan aladasyny daşyna çykardy.
Anonimlik şertinde gürleşen kärendeçileriň birnäçesiniň biri-birinden habarsyz ýagdaýdaky çaklamasyna görä, şu ýyl Lebapda bugdaý öndürmek baradaky döwlet tabşyrygy gowy bolanda 15% çemesi ýerine ýetiriler; Balkan sebitinde bolsa bolsa döwlet tabşyrygy 5% ýerine ýetirilse hem zor boldugy.
Degişli maglumat Kadasyz suw üpjünçiliginden ejir çekýän lebaply daýhanlar ekin meýdanlarynda gyşky ýuwuş suwlaryny tutmakda kösenýär"Suwy ýetmedik bugdaýlaryň boýy bir garyş, baş görkezip, suwsuz saralyp otyrlar. Hökümet başlygyna aýdýan däldirler-dä, her ýyl hasylyň ýitgisiz daşalmagy hakynda gürrüň edýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Azatlyk ýurtdaky suw ýetmezçiligi, öňki ýyllardan gelýän dolandyryş problemalary we oba hojalygynda giň ýaýran korrupsiýa, şol sanda suw nasoslarynyň ogurlanyşy barada ýyl başyndan anyk habarlary berdi. Bu habarlar häzir boý alyp bilmän, suwsuz saralyp oturan bugdaý meýdanlary, gowaça çigidi bilen bagly korrupsiýa faktlary arkaly hem tassyk bolýar.
Dänew, Farap etraplarynda ekiş üçin niýetlenen tohumlyk gowaça çigidini ogurlap, öý, hojalyk şertlerinde ulanylýan enjamlar arkaly ýasama ýag öndürýän adamlaryň köpelmegi ýurtda öňden gelýän problemalaryň diňe bir netijesi, bu hili ýagdaýlar sebitleriň ählisinde bar diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Ýagdaýy gowy bilýän adamlaryň tassyklamagyna görä, oba hojalygyndaky ogurlyklar obalardaky, etraplardaky jogapkär resmiler bilen ylalaşyp, esasan olaryň "ak pata" bermeginde amala aşyrylýar.
Sowet döwründe ýazylan türkmen romanlarynyň käbirinde 1941-45-nji ýyllaryň urşy döwründe tohumlyk bugdaýy ogurlap, çagalaryna iýdiren ýa satan resmiler barada gürrüň berilýärdi; bu günki günde bikanun "ýag zawodlarynyň" döremeginiň sebäbi hem ýurtdaky agyr ýagdaý, azyk gytçylygy bilen bagly hasaplanýar.
Degişli maglumat “Hasyl pes... Ýyly nähili geçireris?!”Ozalky suw inženeri Nurmuhammet Hanamowyň radio bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, bu agyr ýagdaýyň düýbünde ýatan hakykatyň gizlenmegi oba hojalygyndaky ýalňyşlygy has-da çuňlaşdyrýar.
Türkmen hökümetinde jogapkär wezipelerde işlän öňki resmileriň köpüsiniň, şol sanda ykdysatçy Hudaýberdi Orazowyň tassyklamagyna görä, Türkmenistan sowetleriň planly oba hojalyk dolandyryşyny saklap galyp, önüm öndürjek adamlar üçin ähli şertleriň döredilendigini gaýtalaýar, emma hakyky ýagdaý önüm öndürjekler üçin däl-de, korrupsiýa üçin şert döredilendigini görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.