Türkmenistanyň öňki wise-premýeri, ITERA-nyň ýolbaşçylarynyň biri W.Otçertsow aradan çykdy

W.Otçertsow yzdaky hatarda, çepden üçünji.

Wikipediýanyň maglumatyna görä, ol "Türkmenistanyň çäklerinden çykýandygy sebäpli”  wezipesinden boşadyldy we şobada hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň Ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi wezipesine bellendi, oňa adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiniň diplomatik derejesi berildi. 

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň ozalky orunbasary Waleriý Otçertsow 20-nji fewralda Moskwada, 76 ýaşynda aradan çykdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

W.Otçertsowyň Aşgabatdaky karýerasy sowet ýyllarynda, Türkmenistan komsomolynyň ikinji sekretary wezipesinden başlandy.

Ol 1991-1992-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezident geňeşiniň ýanyndaky söwda, sarp ediş bazary we azyk önümlerini utgaşdyrmak komitetiniň başlygy boldy; 1992-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işledi.

Degişli maglumat Analiz: Türkmenistandaky režimiň häkimiýetde galmagy kime bähbitli?

Şol ýyllarda hökümetde işlän ýokary derejeli resmileriň birnäçesiniň özara gürrüňçilikde zeýrenip aýtmagyna görä, W.Otçersow ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowa iň kän täsir ýetiren adamlaryň biri bolup, azat bazar ykdysadyýetine geçilmeginiň, ýerleriň has köp möçberde we uzak möhletli hususyýetçilige berilmeginiň öňünde turuwbaşdan döredilen emeli päsgelçiler esasan sowet ýyllaryndan gelýän "ikinji sekretar" roluny oýnap başlan öňki komsomol işgärinden görülýärdi.

Şunuň bilen baglylykda, 1990-njy ýyllaryň başynda döredilen we bary-ýogy bir sany Moskwadan Aşgabada getirilen garaşsyz "Daýanç" žurnalynyň baş redaktory, Türkmenistanda rus dilinde çykan öňki komsomol gazetiniň žurnalisti Muhammetmyrat Salamatowyň W.Otçersowa ýazan "açyk haty" türkmen intellgentsiýasynyň wekilleriniň arasynda elden-ele geçirilip okalýan ajaýyp "samizdat" eserine öwrülipdi.

Otçertsow 1996-njy ýylyň awgust aýynda öz haýyşy bilen, maşgala ýagdaýlary sebäpli diýip, işinden boşady.

Wikipediýanyň maglumatyna görä, ol "Türkmenistanyň çäklerinden çykýandygy sebäpli” diýlip wezipesinden boşadyldy we şobada hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň Ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi wezipesine bellendi, oňa adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiniň diplomatik derejesi berildi.

Otçertsow bu wezipeden çekilenden soň, 1997-nji ýylda ITERA kompaniýalar toparynyň (häzirki ARETI) bolbaşçylarynyň biri bolup, "Gündogar" neşiriniň maglumatyna görä, bu kompaniýada 2000-nji ýylyň aýagynda dynç alşa çykýança işledi.

"Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, Otçertsow we onuň ogly Maksim 2008-nji ýylda Iteradan Moskwa sebitindäki iň uly dag-lyža kurortlaryndan biri bolan Soroçany satyn aldy.

Media maglumatlaryna görä, 2015-njy ýyldan öňki ady "ITERA" bolan "ARETI" kompaniýasy 90-njy ýyllarda Türkmenistanyň gazynyň Russiýadan daşary ýurtlara eksport edilmeginde uly rol oýnady.

Ýerli synçylar bu kompaniýany Türkmenistanda giň ýaýran korrupsiýa bilen berk baglanyşykly hasaplaýarlar.

Degişli maglumat Welosipedçiler neşiri Berdimuhamedow-Makarow hyzmatdaşlygyndaky 'syrly sylagy' sorag astyna alýar

Azatlyk Radiosy 2010-njy ýylda “Global Witness” guramasynyň “Galkynyş” atly kaşaň gäminiň prezident Berdimuhamedowa sowgat berlendigi baradaky maglumatlary bilen gyzyklanyp, bu guramanyň wekili Tom Mainadan olaryň türkmen resmilerine ýüz tutup-tutmandygyny sorady.

Tom Maina şonda “Türkmenistan ýapyk ýurt, türkmen tarapy beýle sowallara jogap bermeýär, şol sebäpden hem biz türkmen resmilerine hatda ýüzlenmäge synanyşyk hem etmän, gös-göni ‘Itera’ kompaniýasyna ýüz tutduk” diýdi.

“Global Witness” guramasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda “Iteranyň” Türkmenistan bilen öňden bäri ýakyn hyzmatdaşlyk saklap gelýändigi aýdylýar.

Bu kompaniýanyň düýbüni tutan we “Iteranyň” direktorlar Geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýän Igor Makarow 2018-nji ýylyň ýanwarynda ABŞ-nyň Maliýe departamenti tarapyndan gadaganlyga salyndy, ýagny “Amerikanyň Duşmanlaryna Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Aktynyň” (Countering America's Adversaries Through Sanctions Act, 2017) esasynda düzülen rus oligarhlarynyň sanawyna goşuldy.

“Iteranyň” bir bölümi bolan “Itera Oil &Gas” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Waleriý Otçertsowyň bolsa 1989-1996-njy ýyllarda Türkmenistanyň hökümetinde ýokary derejeli wezipeleri eýeländigi aýdylýar diýip, radionyň söhbetdeşi belledi.

1994-nji ýylda ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Jeksonwille şäherinde düýbi tutulan kompaniýa barada başky ýyllarda kän bir maglumat berilmän, diňe 7 ýyldan soň onuň paýdarlarynyň sanawy köpçülige ýetirildi diýip, habarly adamlar radio bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň awgustynda rus oligarhy Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert hünärmeni wezipesine belledi.

Degişli maglumat Prezidentden soň 'iň kyn wezipäni ýerine ýetirmeli bolan' Kakaýewiň ady ebedileşdirilýär

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Makarowy bu wezipä bellemegi Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew teklip edipdir.

Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda täsirli wezipe ynanylan rus oligarhynyň 2.1 milliard dollara barabar baýlygy bar.

W.Otçersow döwlet işlerinde işlän döwründe Türkmenistanyň we beýleki birnäçe ýurduň orden-medallary bilen sylaglandy.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" ýazmagyna görä, öňki emeldara iki sany onkologiýa operasiýasy edildi we näsag uzak wagtlap keselhanada bejergi aldy.

TH Otçertsowyň ýogalmazyndan bir gün hassahanadan çykarylmagyny talap edendigini we öýünde jan berendigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.