Bu metbugat beýanatynda “WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen maglumatlara salgylanylyp, Orsýetiň “Itera” kompaniýasynyň prezident Berdimuhamedowa bahasy 60 million ýewro barabar kaşaň deňiz gämisini sowgat berendigi ýa bermändigi baradaky mesele gozgalýar.
2008-nji ýylyň oktýabrynda amerikan diplomatlarynyň alşan özara gizlin hatlarynda Türkmenistanyň prezidenti bilen baglanyşykly bir ýakymsyz waka barada-da gürrüň edilipdir. Ýagny, şol maglumatlarda “Itera” kompaniýasynyň Türkmenistanda gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça kontrakt almak maksady bilen ýurduň prezidentine 60 million ýewro durýan gymmatbaha deňiz ýahtasyny sowgat berendigi bellenilýär.
Güman döredýän ýagdaýlar
“Global Witness” guramasynyň metbugat beýanatynda “Galkynyş” atly kaşaň gäminiň prezident Berdimuhamedowa sowgat berlendigi baradaky maglumatlary anyklaşdyrmak maksady bilen bu guramanyň “Itera” kompaniýasyna ýüz tutup, onuň wekillerinden bu meseläni anyklaşdyrmagy sorandygy aýdylýar.
“Itera” kompaniýasy bu mesele bilen bagly beren jogabynda “WikiLeaks” saýtyndaky maglumatyň hakykata gabat gelmeýändigini aýdypdyr. Şonuň ýaly-da, “Itera” kompaniýasynyň dürli gep-gürrüňler bilen bagly kommentariýa bermeýändigi hem nygtalypdyr.
2008-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýygnagyny Hazar deňzinde “Galkynyş” atly kaşaň gäminiň üstünde geçirendigini habar beripdi. Şol gäminiň hem Türkmenistanyň islegi boýunça Italiýada gurlandygy aýdyldy.
Azatlyk Radiosy “Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maina bilen söhbetdeşlikde ýahta sowgady baradaky maglumatlar bilen bagly onuň guramasynyň türkmen resmilerine ýüz tutup-tutmandygy bilen gyzyklandy. Tom Maina “Türkmenistan ýapyk ýurt, şeýle sowallara türkmen tarapy jogap bermeýär. Şol sebäpden hem biz türkmen resmilerine hatda ýüzlenmäge synanyşygam etmedik. Bu mesele bilen bagly biz gös-göni ‘Itera’ kompaniýasyna ýüz tutduk” diýdi.
“Global Witness” guramasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda “Iteranyň” Türkmenistan bilen öňden bäri ýakyn hyzmatdaşlyk saklap gelýändigi aýdylýar. Kompaniýanyň düýbüni tutan we “Iteranyň” direktorlar Geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýän Igor Makarowyň Türkmenistanda doglandygy hem mälim.
“Iteranyň” bir bölümi bolan “Itera Oil &Gas” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Waleriý Otçertsowyň bolsa 1989-1996-njy ýyllarda Türkmenistanyň hökümetinde ýokary derejeli wezipeleri eýeländigi aýdylýar. 1994-nji ýylda ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Jeksonwille şäherinde düýbi tutulan bu kompaniýa barada başky ýyllarda kän bir maglumat berilmändigi, diňe 7 ýyldan soň bu kompaniýanyň paýdarlarynyň sanawynyň köpçülige ýetirilendigi nygtalýar.
“Iteranyň” syrly gatnaşyklary
“Kommersant” gazetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda çap edilen sanynda “Iteranyň” ýolbaşçysy Igor Makarow bilen geçiren söhbetdeşligi berildi. Şonda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklary barada aýdyp, Igor Makarow 2009-njy ýylda Türkmenistanyň prezidentiniň özleriniň teklip eden köp proýektlerini makullandygyny aýdýar.
“Käbir proýektlere prezidentiň özi gözegçilik edýär. Şonuň üçin men prezidente
Ýurtda aç-açanlyk bolsa, şeýle müňkürligiň ýüze çykmagynyň öňüni alsa bolardy.
Şeýle hem, Igor Makarow özüniň bu interwýusynda şu ýylyň ýanwar aýynda “Itera” Hazardaky 21-nji blokda iş alyp barmak üçin lisenziýa berlendigini, özlerine berlen şol 21-nji blokda bolsa 200 million tonna nebitiň hem-de 90 milliard kubometr gazyň bardygynyň çaklanylýandygyny aýdypdy. Şu gün, 15-nji dekabrda bolsa, "Itera" kompaniýasy şol bloglarda gözleg işlerini geçirmek boýunça halkara tenderini yglan etdi diýlip, habar berilýär.
“WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen maglumatlarda 2009-njy ýylda amerikan diplomatlarynyň hatlarynda Türkmenistanyň ýokary derejeli çinownikleri, şol sanda, ýurduň prezidenti bilen duşuşmak üçin şol duşuşygy gurnaýjylara uly möçberde pul bermeli bolýandygy aýdylýar diýlip, “Global Witness” guramasynyň metbugat beýanatynda bellenilýär. Bu ýagadaýyň hem S.Nyýazowyň döwründen miras galandygy nygtalýar.
Ýeri gelende aýdylsa, demokratik taýdan ösen ýurtlarda döwlet baştutany hususy kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşmaýar. Türkmenistanyň prezidentiniň bolsa diňe şu dekabr aýynyň dowamynda “Polimeks”, “Engin Group” we “Kotam Interprises LDT” ýaly birnäçe kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşandygy ýerli metbugatda habar berildi.
“Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maina “WikiLeaks” saýtynda gürrüň berilýän wakalaryň we ol baradaky maglumatlaryň näderejede ygtybarlydygyny özleriniň bilmeýändigini, emma Türkmenistandaky ýapyklygyň dürli şübheleriň döremegine getirýändigini aýdýar.
“Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maina: "Türkmenistandaky ýapyklyk dürli şübheleriň döremegine getirýär".
“Biz bu gürrüň berilýän wakalaryň näderejede hakykata laýykdygyny bilmeýäris. Emma ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatlary bu baradaky maglumatlaryň ygtybarlydygyna ynanýarlar. Bu mesele Türkmenistanyň nebit we gaz pudagynda işlemek üçin berilýän lisenziýalaryň, yglan edilýän tenderleriň näderejede aç-açan hem adalatly geçirilýändigi bilen bagly ençeme sowallary döredýär. Maglumatlara görä, şol tendrler bäsleşik esasynda geçirilmän, ýurtda işlejek firmalary köp halatlarda prezidentiň özi saýlaýar” diýip, Tom Maina aýdýar. "Ýurtda aç-açanlyk bolsa, dürli tendrleriň yglan edilmegi bilen bagly işlere türkmen çinownikleri adalatly çemeleşse, şeýle müňkürligiň ýüze çykmagynyň öňüni alsa bolardy" diýip, “Global Witness” guramasynyň wekili Tom Maina Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde nygtady.