Kim nan tapmaz iýmäge, kimler - 'mentalitet gurbany'

Toý üçin bezelen awtoulag. Bezeg suraty.

Soňky üç ýylyň dowamynda Hojambaz we Kerki etraplarynda gyz üçin tölenýän galyň on esse ýokarlandy. Mundan 3 ýyl ozal gyz galyňy 30-40 müň manat aralygynda bolardy, indi ol 400 müň manada baryp ýetdi, ýerli ýaşaýjylar muny manadyň hümmetiniň peselmegi bilen düşündirýärler diýip, habarçy aýtdy. 

Azatlygyň ýerli habarçylary Türkmenistanda köpelýän işsizligiň we haryt gymmatlamalarynyň ilaty barha agyr ýagdaýa salýandygyny, emma häkimiýetleriň bu ýagdaý bilen düýbünden gyzyklanmaýandygyny habar berýärler. Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň käbiri ilatyň aglaba köplüginiň ýurtdaky syýasy-ykdysady çökgünlikler bilen bir hatarda, ýerli mentalitetiň, adat bolan pikirlenişiň hem gurbany bolýandygyny öňe sürýär.

Türkmenistanda işsizleriň anyk sany syr bolmagynda galýar. Ýöne soňky on ýylda daşary ýurtlara çykan zähmet migrantlarynyň sanynyň 1,5-2 million çemesi diýlip çaklanmagy ýurtdaky işsizligiň ýerli ilat üçin barha kän çynlakaý meselä öwrülýändigini tassyklaýar. Soňky bir ýylyň dowamynda bolsa, ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy we pandemiýa aladalary bilen bagly ýapylan iş ýerleri türkmenistanlylary has kyn ýagdaýa salýar diýip, ýerli synçylar we habarçylar habar berýär.

Degişli maglumat Zibil dörýän adam köpelýär, hökümet ýene 'ak öý', sadaka jaýyny gurup, uly baýrama taýýarlanýar

“Anyk sany aýdylmasa-da, işsiz, maşgalasyny ekläp bilmeýän adam barha köpelýär, emma hökümet olaryň ýagdaýy bilen düýbünden gyzyklanmaýar” diýip, maşgalalaryň gündelik iýmiti üçin zerur bolan puluň mukdaryny hasaplan habarçy 23-nji ýanwarda habar berdi.

“Bir maşgalanyň gündelik azygy üçin iň azyndan 50 manat gerek, ýöne bu örän az. Ertirlik üçin 1 litr süýt aljak bolsaň, 5 manat, çörek üçin bolsa 6 manat gerek. Emma süýt almaga-da gurby ýetmeýän maşgala az däl. Etiň bolsa kilosy 52 manat. Kartoşka, sogan ýaly önümler özümizde ýetişdirilse-de, olaryň bahasy gara bazardaky dollaryň nyrhyna görä, ýyl boýy üýtgäp durýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şu günki günde dollaryň nyrhy 30 manada bardy.

Azatlygyň habarçylary öňki hepdelerde bazarlarda dilegçilik edýän adamlaryň, zir-zibil çeleklerini dörýän aýallaryň we çagalaryň görnetin köpelendigini habar berdiler. Soňky bir hepdede bolsa, dilegçileriň diňe bazarlarda däl, başga ýerlerde hem köpelýändigi habar berilýär.

Her hili gara işlerde işleýän adamlar günde zordan 10-20 manat gazanýar, bu serişde olaryň gündelik iýmitleri üçin ýeterlik däl; döwlet tarapyndan arzan bahadan berilýän harytlary almaga güýçleri ýetmeýän adamlar hem bar diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli synçylar maşgalada azyk problemasyndan başga, hususan-da gyş aýlarynda geýim-gejim, aýakgap kynçylyklarynyň hem ‘ýakasyny tanadýandygyny’, bularyň üstesine keselçilik ýagdaýlarynyň hem urna bolýandygyny belleýärler.

Degişli maglumat Mary: Bazarlarda dilegçi köpelýär, polisiýanyň yzgytsyzlygy artýar

Mundan öň türkmençilikde “gedaýçylyga hem gurp gerek” diýlen bolsa, indi il içinde “kesellemek üçinem pul gerek” diýýärler. Eger puluň bolmasa, lukmanlaryň hem saňa seredesi gelenok diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen bir lukmanyň tassyklamagyna görä, dermanlar gaty gymmat, bu ýagdaý näsaglan adamlaryň-da, lukmanlaryň hem ‘iki elini ýüpzüz baglaýar’.

Şu aralykda, harytlaryň barha gymmatlamagy bilen, ýurtda öýlenjek, durmuş gurjak ýaşlaryň hem el-aýagy baglanýar diýip, synçylar aýdýarlar.

Lebapdaky habarçymyzyň tassyklamagyna görä, soňky üç ýylyň dowamynda Hojambaz we Kerki etraplarynda gyzlar üçin tölenýän galyň on esse ýokarlandy.

“Mundan 3 ýyl ozal gyz galyňy 30-40 müň manat aralygynda bolardy, indi ol 400 müň manada baryp ýetdi, ýerli ýaşaýjylar muny manadyň hümmetiniň peselmegi bilen düşündirýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen gelni. Bezeg suraty

Şol bir wagtda, ilatyň ykdysady ýagdaýynyň ýyl-ýyldan peselmegine garamazdan, gyz galyňynyň möçberiniň ýokarlanmagynda täze döreýän däpleriň hem ‘özüne ýeterlik rolunyň bardygy” aýdylýar.

Bu meselede paýtagt Aşgabat birinji ýerde durýar we soňky ýyllarda gurlan gymmat bahaly toý mekanlary käbir adamlar üçin iş, gazanç ýeri bolsa, bir topar maşgala üçin bergi-borjuň 'mesgeni' boldy.

Gelin edinjek tarapa salynýan “salgytlaryň” ýokarlanmagy bir tarapdan gyz bukjasyna salynýan zatlaryň köpelmegi, mebelleriň we tehniki enjamlaryň sanynyň artmagy bilen düşündirilse, ikinji tarapdan ‘täze dörän däpleriň’ köpelmegi bilen düşündirilýär.

Degişli maglumat Türkmen jemgyýetinde täze maşgala gurulanda “galyň” salgydyny tölemek däbi saklanyp galýar

Ogluny öýerýänler hemişe-de bergi-borç edip, ilden kem galmaz ýaly toý etjek bolardylar we soň ençeme ýyllap bergi üzerdiler diýip, adyny aýtmakdan saklanan ýerli synçy bu ýagdaýyň türkmençiligiň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandygyny belledi.

Emma habarçy bu däbiň soňky ýyllarda adamlary has beter kynçylyklaryň üstünden eltip başlandygyny belleýär.

“Gynansak-da, soňky ýyllarda uly karza girip, ile meňzeş toý edýän we soň daşary ýurda gidip, bergisini üzmek üçin ýyllar boýy işleýän ýaşlar has köpeldi. Ýöne bergi edensoň, gowy pul gazanmak üçin daşary ýurda gidip bilmeýänler hem az däl" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, wagtynda bergisini üzüp bilmedik adamlar karz pul beren süýthorlaryň arz etmegi netijesinde türmä hem basylyp bilýär. Köpi gören ýaşulular bu hili ýagdaýa düşen adamlara “mentalitet gurbany’ diýýärler diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýlar üçin toý mekany

Ýurduň beýleki sebitlerinde hem bolşy ýaly, Kerkide durmuşa çykýan gyz öýlenjek ýigidiň ene-atasynyň getiren puluna mebel, düşek we hojalyk tehnikalaryny, altyn-kümüş şaý-seplerini satyn almaly. Azatlygyň habarçysy häzir bazardaky nyrhlar esasynda hasaplap, 400 müň manada hem ähli gerek zadyňy satyn alyp bolmaýandygyny aýdýar.

Häzirki bazar bahalary bilen gyzyklanan habarçy 55 dýumlyk samsung telewizorynyň 18 müň, kir ýuwýan maşynyň bolsa 20 müň manat bahalanýandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Gaýyn ene - gelin düşünişmezlikleri

Gap-çanak toplumy 15 müň, tozan sorujy 5 müň, gaz plitasy 12 müň, öý mebelleriniň iň arzany 50 müň, ýorgan-düşek, haly-kilim, altyn şaý-sepler we geýim-eşikler üçin 100-150 müň manat sarp etmeli; bularyň üstüne toý harajatlary, ulaglar we olaryň bezegleri hem bir topar pul iýýär diýip, habarçy ýarym million manada golaýlaýan serişdäniň häzir il arasynda ortaça we ýörgünli bolan galyňdygyny belledi.

Guda bolýan taraplar baýlar ýa-da gyz ýokary bilimli hem-de işleýän bolsa, galyň 1 million manatdan ýokarda kesilýär.

Ýöne, ýerli synçylaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, uly pul töläp öýlenýän ýaşlaryň arasynda toýdan soň döreýän ykdysady kynçylyklar kähalatda bir topar oňuşmazlyga alyp gelýär we, maşgalalar düşünjeli bolup, öz aralarynda ylalaşyp bilse, gelniň bukjasyndaky zatlar we getiren tehnikalary bazara çykarylyp, geçen ýeriinden satylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.