Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlary üçin edilýän uly möçberli çykdajylar barada gürrüň gozgalýar, olaryň ýerlikliligi sorag astyna alynýar.
Gepleşigimiziň dowamynda beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda, hususan-da Özbegistanda häkimiýetler tarapyndan girizilýän toý-märekeler baradaky täze düzgünnamalar boýunça maglumatlary, türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlaryna degişli toý çykdajylary we olaryň ýerlikliligi barada Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallynyň beren gürrüňlerini, şeýle-de Türkiýede ýaşaýan türkmen diasporasynyň arasynda durmuş toýlaryna degişli harajatlar barada Stambulda ýaşaýan türkmenistanly Mähriniň beren maglumatlaryny eşitdirýäris.