Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Bazarlarda dilegçi köpelýär, polisiýanyň yzgytsyzlygy artýar


Dilegçiniň eli.
Dilegçiniň eli.

Dilegçiler satyjylara "sowuk uran ýa zaýalanyp başlan soganyňyz, kartoşkaňyz bolsa beräýiň" diýip ýüzlenýärler. Täze ýylda satmak üçin edilen, emma geçmän zaýa bolan salatlary, hiç kimiň pul tölemejek harytlaryny berseler-de, olar mata sumkalaryna salyp, alkyş baryny aýdyp gidýärler.

Mary şäheriniň Oguzhan köçesinde ýerleşýän Akbazarda näçe satyjy bolsa, şolaryň sanyna iki esse dilegçi bar, alyjy bolsa tasdan ýok diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Elbetde, bu ýagdaý häkimiýetleriň gözüne gelmeýär we olar iň bolmanda göze dürtülip duran dilegçileri "iş ýerinden" mahrum etmäge çalyşýar.

Polisiýa işgärleri bazaryň derwezesiniň agzynda oturan 50 ýaşlaryndaky dilegçini görüp, "derwezäniň agzynda oturma, git, aýryl bu ýerden" diýip, gödek sözleri ulanyp, haýbat atdylar.

Emma ol adam "men maýyp, dileg etmesem bolanok, maşgalam, çagalarym bar, şu ýerde maňa bazaryň içindäkiden biraz köp bererler diýip oturýan, ýagdaýyma düşüniň" diýdi.

Polisiýa işgärleri oňa "maýyp bolsaň, git-de öýüňde otur, bu ýerde oturma" diýip, hapa sögdüler.

"Men ýagdaýymy düşündirdimm, emma siz näme diýýänimi hem eşitmänsiňiz, äkidip türmä bassaňyzam, men öýe elim boş baryp biljek däl, sebäbi çagalarymyň suwy bolsa-da, oňa basyp iýmäge çöregi ýok" diýip, maýyp adam gözüne ýaş aýlady.

Polisiýa işgärleri ol adamy golaýdaky polisiýa bölümine äkitmekçi boldular, emma dükan eýeleri ara goşuldy. Olaryň biri polisiýa "Oglanlar, äkitmäň. Özüm aýraýyn ony şu ýerden" diýip, goltugyna girip, maýyp dilegçini öz dükanyna saldy. Beýleki satyjylar hem gelip, maýyp adamyň halyndan habar aldylar diýip, habarçy aýtdy.

...çagalarymyň suwy bolsa-da, oňa basyp iýmäge çöregi ýok.
Dilegçi

Ol adamyň ady Öwez, ozal Mollanepes köçesiniň aýagyndaky un zawodunda işläpdir we 2017-nji ýylda, iş wagtynda maýyp bolupdyr, emma ýolbaşçylaryň beren wadalaryna ynanyp, öýde ýaralandym, mal ýatakdan ýykyldym diýip görkezme beripdir.

"Başlygym haýyş etdi, tä gutulýançam aýlygymy tölejegini aýtdy, onsoň mal ýatakdan ýykyldym, aýagyma turma gaçdy diýdim, polisiýa gelende hiç kimden şikaýatym ýok diýdim. Bir ýyla ýetmän başlyk täzelendi, meni 2018-nji ýylda işden çykardylar" diýip, Öwez gürrüň berdi.

Şondan soň Öwez işe ýarawsyzlygyny resmileşdirmek üçin, öz sözleri bilen aýdylanda, "inwalitlik düzetmek" üçin köp kösenýär we ahyrynda, 2020-nji ýylyň maýynda lukmanlara maýyplygyny tassykladýar.

"Şol wagt lukmanlar menden 6000 manat soradylar, şony getirseň, maýyplygyňy derrew düzedip bereli diýdiler, emma mende onça pul ýokdy, indi bolsa dilegçilikden başga çykalga göremok, alýanja kömek pulum bu gymmatçylykda hiç zada ýetenok" diýip, Öwez Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Sebitiň beýleki bazarlaryndaky ýagdaý hem şundan gowy däl we güni dilegçilige galan adam barha köpelýäne meňzeýär.

Mary şäheriniň Murgap köçesinde ýerleşýän Galkynyş bazaryna barsaň, sogan, kartoşka satýan satyjylaryň ýanyna gelip, 'öýümizde iýmäge zat ýok, aýdan-diýeniňiz bolsa beräýiň?' diýýän çagalary barha köp görse bolýar; bir garry ene bolsa, 8-9 ýaşlaryndaky agtygyny ýanyna alyp, hatarlara aýlanýar" diýip, habarçy dileg edýän mätäçleriň üst-başlaryndaky eşikleriň hem gaty könedigini, üstesine, çagalaryň egnindäki eşikleriň kiçi we juda ýuka görünýändigini gürrüň berdi.

Dilegçiler satyjylara "sowuk uran ýa zaýalanyp başlan soganyňyz, kartoşkaňyz bolsa beräýiň" diýip ýüzlenýärler. Täze ýylda satmak üçin edilen, emma geçmän zaýa bolan salatlary, hiç kimiň pul tölemejek harytlaryny berseler-de, olar mata sumkalaryna salyp, alkyş baryny aýdyp gidýärler.

"Men günde bir gezek gelerin, zaýa zadyňyz bolsa zyňman saklaň, häzir aýaklarym diýen etmejek bolýar, birden gelip bilmesem, şujagaz agtygym geler, gaýrat ediň, öýde iýmäge hiç zadymyz ýok" diýip, garry ene her baran satyjysyna ýagdaýyny gürrüň berýär.

Bu ýagdaýy görüp, sadakam bolsun diýip, kim 50 teňňe, kim bir manat berýär, ýöne häzir ol pula hiç zat düşmeýär, sebäbi 1 kilogram kartoşka üçin 12 manat gerek diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bazarda biri 6-njy, beýlekisi 10-njy klas okuwçysy bolan dilegçiler bilen gürrüňdeş boldy, olar öýlerinde işleýän adamyň ýokdugyny, eger dilegçilik edip, öz iýjeklerini gazanmasalar, agşam aç ýatmaly bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG