2020: Türkmenistanlylaryň 'örän agyr we çylşyrymly, oňat' ýyly

Mary. Ýag nobaty

Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde ýene ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi, 1 million 476 müň tonna galla, 1 million 280 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalandygy, 2,5 müňe golaý desganyň gurulýandygy, olaryň bahasynyň $37 mlrddan hem geçýändigi baradaky gürrüňini gaýtalady.

Taryha gidýän 2020-nji ýyl, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň üstüne pandemiýa, Covid -19 aladalarynyň hem goşulmagy bilen, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinde ýaşaýan adamlar üçin ýene bir agyr we synagly ýyl boldy. Ozaly biz bu ýylda dermansyz keseliň, tebigy hadysalaryň, syýasy-ykdysady kynçylyklaryň pidasy bolanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk, gynanç bildirmek isleýäris: Biwagt gidenleriň yzynda galanlara uzak ömür bersin!

Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölen onlarça türkmen migrantynyň hossarlaryna hem duýgudaşlyk bildirýäris. Türkmen häkimiýetleri bu ýyl diňe ýurt içindäki däl, daşary ýurtlardaky raýatlarynyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmezlikde hem berk tankyt edildi.

Bu tankyt türkmenistanlylaryň öz pasport möhümlerini ilçihanalarda bitirip bilmek mümkinçiligine belli bir derejede itergi beren ýaly göründi. Bu, eger-de migrantlaryň käbiriniň pasport meselesiniň kadaly çözülmegine peýda beren bolsa, meger, ýylyň oňyn täzelikleriniň biri bolandyr. Ýöne bu meseläniň çözgüdinde entek görnüp duran ilerlemäniň ýokdugyny hem bellemek gerek. Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar pasport meselesinde ýyllarboýy kynçylyk çekýär, yzlaryna gelip, "duzaga düşmezlik" - bosgunlykda tapan işinden hem kesilmezlik üçin, daşary ýurtlarda bikanun galýar. Sebäbi adamlar ýurt içinde maşgalalaryny ekläp bilmän, birnäçe ýyl bäri dowam edýän ýarym açlyk ýagdaýlaryna kynam bolsa, zähmet migrasiýasyndan çözgüt agtarýar. 2002-nji ýyl, Azatlygyň çap eden habarlaryna aýba-aýba göz aýlansa, umuman, agyr gelip, agyr geçdi.

Türkmen protestçileri. ABŞ. Pitsburg, iýun, 2020

TDH-nyň maglumatlaryna görä, ýanwardan aýlyklaryň we kömek pullarynyň 10% ýokarlanmagy hem oňyn, pozitiw habar. Ýöne resmi habarda meseläniň beýleki tarapy, nyrhlaryň aýlyklardan kän esse gymmatlaýandygy, durmuş gymmatlamasy aýdylmaýar. Ýogsa, adamlaryň aýlygy 2019-njy ýylda hem azdy, bu aşgabatlylaryň ýyly gazyň, toguň kesilmegi, split gurallaryň goparylmagy hakyndaky duýduryşlar bilen garşylamagyndan hem belli bolýar.

Degişli maglumat Türkmen manady 27 ýaşady

Şu ýyl 27 ýaşan türkmen manadynyň amerikan dollarynyň garşylygyndaky hümmeti yzygiderli peselip, hökümet boýun almasa-da, walýutanyň resmi bahasy bilen gara bazar bahasynyň arasyndaky uly tapawut ýönekeý adamlaryň gerdeninden agyr ýük bolup basýar. Soňky maglumatlara görä, dollaryň gara bazar nyrhy resmi kursdan sekiz esse ýokarlandy.

Dogrudanam, türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli harytlary, hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ilatyň durmuş derejesiniň ýokary galandygy aýdylypdy. Emma bu ýalan bolup çykana meňzeýär. Ýöne, hökümete has ýakyn bolsa, ýerli gurluşyk firmalarynyň ýagdaýynyň gowulanýandygyny boýun almaly.

Mysal üçin, ýanwaryň başynda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän uly taslamalaryň birini gurmak baradaky bäsleşikde ýene prezidentiň ýakynlarynyň 'utujy bolandygy’ habar berildi. Has anygy, ady eşidilmedik "Türkmen Awtobana" 2,3 milliard dollarlyk taslama ynanyldy.

Degişli maglumat Ady eşidilmedik "Türkmen Awtobana" 2,3 milliard dollarlyk taslama ynanyldy

Gürrüň Aşgabat-Türkmenabat ýoly hakynda barýar. Bu ýoluň Aşgabat-Tejen böleginiň 2020-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga beriljekdigi aýdylypdy. Eger-de belli türk firmasynyň Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň gurluşygyny taşlap, ýurtdan çykandygyny nazara alsak, bu ýyl ýerli telekeçileriň daşary ýurt firmalaryna berlen gymmat taslamalary doly diýen ýaly öz eline alandygyny görkezdi.

Ýanwardan çykmankak Türkmenistandaky ýagdaýlary ýatladýan amerikan kinosynyň ýerli resmilere eden täsirini hem agzap geçeliň. Birleşen Ştatlarda öndürilen “Ýerasty Altylyk” filminde, belli satiraçylaryň edişi ýaly, anyk adam, ýurt atlary tutulmaýar. Emma 2019-njy ýylyň dekabrynda, Netflix kompaniýasynyň howandarlygynda düşürilen“6 Underground”, - “Ýerasty Altylyk” filminiň tomaşaçylara ýetirilmegi türkmen resmilerini “uly” alada goýdy.

Ýatlatsak, bu çeper filmiň esasy sýužet-kompozisiýasynda Türgistan diýen toslama ýurtda Rowaç Alimow atly diktatoryň tagtdan agdarylyp, onuň ornuna Rowajyň inisi Murat Alimowyň oturdylyşy barada gürrüň berilýär.

Degişli maglumat Häkimiýetler garşylyga goşulanlaryň 'dönük bolup', jeza çekjekdigini duýdurýar

Kino synçylary bu filmde Türgistany suratlandyrmak üçin ulanylan döwlet simwollarynyň, adam atlarynyň we kompozisiýanyň beýleki möhüm elementleriniň Türkmenistany ýada salýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, 'aýlyk ýokarlanmasy' we 'täze gymmatlaşyk' bilen başlanan ýyla nyrhlaryň yzygiderli ýokarlanmagynyň, manadyň hümmetsizlenmeginiň we işsizligiň ösmeginiň üýtgewsiz mahsus bolandygyny bellemeli. Soňky maglumatlara görä, täze ýylda polisiýa işgärleriniň hem ýüzlerçesiniň işini ýitirjekdigi aýdylýar.

Güýç gurluşlaryndaky ştat kemeltmeler ozalky içeri işler ministri Isgender Mulikowyň, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewiň işden boşadylmagy bilen geçirilen işler esasynda, ozal işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadylan Çarymyrat Amanowyň Ministrler kabinetinde täze döredilen wise-premýerlik wezipesine, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlygyna bellenmeginiň bir ýyl soňundan amala aşyryljaga meňzeýär.

Türkmen häkimiýetleri işsizligiň derejesini, manadyň inflýasiýasyny açyk boýun almaýar, ýöne biz ýyl başyndan çagalar baglarynyň terbiýeçilerinden başlap, daýhan birleşiklerindäki, beýleki ugurlardaky iş orunlarynyň gysgaldylyşy barada köp maglumat aldyk. Munuň üstesine, Türkmenistan Interneti iň berk senzuralaýan 10 ýurduň hataryna goşuldy; Aşgabatda okuwçylarynyň ýanyndan mobil telefon çykan mugallymlar meýletin-mejbury işden çykaryldy.

Degişli maglumat Türkmenistan ilat ýazuwyny täzeden, sanly tehnologiýalar esasynda geçirmäge taýýarlanýar

Ýanwarda bir gowy habar - şweýsar hökümetiniň Türkmenistanyň Şweýsariýada konfiskasiýa edilen 1,3 mln dollaryny Aşgabada gaýtarýandygy hem mälim boldy. Şeýle-de, demokratiýa boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýan Türkmenistan ilat ýazuwyny täzeden, sanly tehnologiýalar esasynda geçirmäge taýýarlanýandygyny aýtdy. Belki, bu ozalky ilat ýazuwyndan soň dörän soraglara jogap berer.

Azatlyk fewralda Hytaýdaky türkmenistanlylaryň yzyna, ýurda dolanyp, karantin ýerlerinde ýerleşdirilýändigini habar berdi. Pandemiýa çäklendirmeleri, serhetleriň ýapylmagy bilen baglylykda daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylaryň ýurda dolanmagy ýylyň aýagyna çenli dowam etdi we Azatlyk türkmen mediasynda gaça durulýan ýene bir mesele – ýurt raýatlarynyň ýokanç keseliň ýaýraýan şertlerinde duşýan kynçylyklary barada yzygiderli habar berdi. Hökümetiň pandemiýa babatdaky pozisiýasy we ýurtdaky saglyk ýagdaýy barada bolsa has giňräk gürrüň edilmegini talap edýär.

Türkmenistan pandemiýanyň iň başynda özünde tutuş dünýäni gurşap alan keseliň bolup biljegini çürt-kesik ret etdi we hakyky ýagdaýy şu günki güne çenli hem boýun almajak bolýar. Ýogsa-da, ýurt häkimiýetleri aldajy keseliň birinji tapgyrynda birnäçe aýlap hiç hili ätiýaçlyk çäresini görmedi. Tersine, ozalkylary ýaly, köpçülikleýin çärelerini dowam etdirdi, Nowruz baýramyny belledi, saglyk aýynda garrylary, ýaşlary goýman, müňlerçe adamlyk maşklary geçirdi, öz raýatlaryna, hatda daşary ýurtly guramalaryň wekillerine hem welosiped sürdürdi, muny telewizorda görkezip, tutuş dünýä jar etdi. Ilkinji gezek maýda harby parad geçirdi. Bu zatlar başga ýurtlaryň keseliň ýaýramagynyň badyny gowşatmak üçin gyssagly çäklendirmeleri girizip, öňünden planlaşdyrylan halkara çärelerini ýatyran wagtyna gabat geldi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ýüzärlige eýgertmedik derde garşy buýan köküni teklip edýär

Ýene-de aýratyn bellemeli zat, türkmen häkimiýetleri öz-özüni goramaga synanyşan adamlary yzarlady. Maska geýýänleri tussag edip, jerime saldy, dermanhanalara maska satmagy gadagan etdi. Mekdeplerde ýyladylmaýan otaglarda çagalary ýuka milli egin-eşikli oturmaga mejbur etdi.

Şeýle-de, tutuş dünýä COVID-19-a garşy durmak üçin däri-derman we bejergi ugrunda göreşýärkä, türkmen ýolbaşçylary koronawirusa garşy serişde hökmünde üzärlik, sazak we unaş ýaly zatlary öňe sürdi. Emma ýurt baştutany muny hem az gördi. Ine, ösümlikleriň peýdasynyň wagyzçysy prezident Berdimuhamedow ýakynda buýan köküniň hem koronawirusa garşy peýdaly bolup biljekdigini öňe sürdi.

Hökümet şu çaka çenli Türkmenistanda kesellän, gutulan, aman galan ýa-da ýogalan adamlary resmi hasaba almady, alan hem bolsa muny köpçülige mälim etmedi; koronawirusyň alamatlary bolan hassalardan hyryn-dykyn keselhanalardaky ýagdaýy, ýas ýerleriniň, gonamçylyklardaky mazarlaryň günsaýyn köpelmegini häli-häzire çenli hem görmezlige salýar, ýöne welin karantin zolaklaryny döredýär we giňeldýär, şeýle-de koronawirusa garşy orsýet waksinasyny satyn almak planlaryny yglan edýär.

Degişli maglumat 'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär

Şeýle-de bellemeli ýeri, soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri özlerini ýurtda koronawirus bar ýaly alyp barýarlar. Muny olara uzaga çeken gepleşiklerden soň ahyrsoňy iýul aýynda ýurda barmagy başaran BSG-niň koronawirus boýunça ýörite topary maslahat beripdi. Şondan bäri halkara bilermenleri Türkmenistana ýene-de barmaga synanyşýarlar. Emma BSG-niň resmileri indi Türkmenistandan COVID-19 test nusgalarynyň halkara laboratoriýalarynda barlanmagyny isleýärler. Ýöne 15-nji dekabrda mälim bolşuna görä, türkmen prezidenti BSG awgustda beren bu wadasynda tas dört aýyň dowamynda tapylmandyr.

Ine şeýlelikde, beýleki ýurtlaryň koronawirusa garşy eýýäm sanjym edip başlan döwründe, türkmen hökümeti henizem öz ýurdunyň bu keselden doly azatdygyna halkara jemgyýetçiligini ynandyrmaga synanyşýar. Halkyň saglygy bolsa, töwekgelçilik astynda galýar.

Türkmenistanda diňe pandemiýa sebäpli ölenler barada däl, türkmen goşunynyň hatarlarynda, harby gulluk wagtynda, gümürtik ýagdaýda ölen ýa öldürilen esgerler barada hem habar berilmeýär. Azatlyk şeýle ýagdaýda ýogalan esgerler barada hem, gowşan maglumatlar esasynda, yzygiderli habar berdi. Ýylyň ahyrynda goşunda gulluk edýän ogullaryny ýitiren ene-atalara hem gynanjymyzy bildirýäris. Bu ýyl şeýle ajy habaryň ilkinjisini - Marydaky harby hassahanada aradan çykan ýaş esger baradaky maglumaty fewralda alypdyk.

Degişli maglumat Ýene bir esger, maşgalanyň ýeke ogly urlup öldürildi. Hiç kim jogapkärçilik çekmeýär

Emma türkmen häkimiýetleri bu we beýleki esger ölümleri barada hiç bir düşündiriş bermedi. Türkmen goşunynda gören sütemleri sebäpli özüni heläklän bir esgeriň derňewinden soň bolsa, onuň özünden başga 'günäkäriň' tapylmandygy mälim boldy. Ýene bir maglumatda bolsa, türkmen häkimiýetleriniň ogluny ýitiren we onuň ölüminiň derňelmegini soran esger enesine ikinji oglunyň ölümi bilen haýbat atýandygy habar berildi. Şeýle-de, bu ýyl esgerleriň harby gullukdan wagtynda boşamak üçin hem para bermeli bolýandyklary barada maglumat aldyk.

Elbetde, Azatlyk öz wagtynda milli goşundaky azyk ýetmezçilikleri barada hem köp maglumat çap etdi. Ýöne bu ýyl açlyk has “ýakasyny tanatdy”, Aşgabatda zir-zibil dörýän adamlar köpeldi, paýtagt ýaşaýjylary azygy gaba salyp galdyryp başlady. Azatlygyň habarçylary paýtagt ýaşaýjylarynyň çöregi we azygy hapa taşlanýan gapyrjaklaryň gapdalynda gaba salyp goýup başlandygyny habar berdiler. "Adamlar çüýşe, plastik gaplaryny, karton we elbetde çörek gözleýärler. Köpçülik indi azygy pakete salyp goýýar, ony käbirleri mallary üçin, beýlekileri hut özleri üçin alýarlar" diýip, habarçymyz 25-nji fewralda habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistan daşary ýurtlardan barha kän kartoşka, bugdaý almagyny dowam edýär

Şol bir wagtda Aşgabadyň azyk dükanlarynyň tekjelerinde azyk önümleriniň sany we görnüşleri azaldy. Tutuş ýurt boýunça daşary ýurt önümleriniň we ýerli azygyň bahasy gymmatlady, käbir önümler doly satuwdan aýryldy. Türkmenistana Eýrandan getirilýän kartoşka bir hepdeden az wagtyň dowamynda paýtagtyň dükanlarynda tas dört esse gymmatlady we satuwdan aýryldy.

Emma muňa garamazdan, döwlet eýeçiligindäki media ýyl boýy ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini nygtady, Azatlyk bolsa daşary ýurtlardan import edilýän azyk önümleriniň geçen ýyldaka garanda hem kän köpelendigini görkezýän resmi maglumatlary çap etdi, hünärmenler bilen ýurduň oba hojalygynda emele gelen agyr krizisiň sebäpleri, çykalga mümkinçilikleri barada söhbetdeşlik gurady.

Hünärmenler Türkmenistanda sowet döwrüniň has ýaramazlaşdyrylan dolandyryş usullarynyň ulanylýandygyny we bu ýagdaýyň azyk gytçylygyna, dowamly açlyga getirendigini öňe sürýärler. Ýer, suw, önüm ýetişdirmek, importuň ornuny tutýan önümleri köpeltmek, ýerleri hususy önüm öndürijilere uzak möhletli bermek barada hökümet, prezident derejesinde hem gürrüň edilýär, ýöne Azatlygyň habarçylary bu ýylam kärendeçileriň suw, dökün, tehnika meselesinde kynçylyk çekendigini, köp adamyň bergili çykandygyny habar berdiler. Oba adamlarynyň iş, gazanç meselesi indi tas otuz ýyl bäri çözülmän gelýär.

Degişli maglumat "Watan" kärendeçileriň minnetdardygyny aýdýar, gazançlaryny agzamýar

Ýöne şäherlerde dükan açyp, özüne iş ornuny döredenler hem ýylda bir topar emeli kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar, köp adam işini ýitirýär. Mysal üçin, martyň başynda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde ýerleşýän dükanlar we kärhanalar ýapylýar diýen habar geldi. Ýerli synçylar häkimiýetleriň öz işini açan adamlara indi tas otuz ýyl bäri “sütem” edýändiklerini, olaryň köplenç para bermäge mejbur edilýändigini belleýärler. Bu ýagdaý önüm bolçulygynyň döredilmeginiň öňüni alýar we bahalaryň aşa gymmatlamagyna, häkimiýetleriň soň nyrhlary zor bilen saklajak bolmagyna getirýär diýip, hünärmenler pikir edýär.

Şeýlelikde, eýýäm aprelde azyk protestleri döredi, Azatlyk Mary şäherinde 3-nji aprelde bolan protest barada habar berse, garaşsyz neşirler awtoýollary baglan, häkimligiň öňüne ýygnanan onlarça protestçi hakynda maglumat çap etdi. Ol adamlar döwlet dükanlaryndaky un, ýag problemasyndan nägilelik bildirdi. Habarda aýdylmagyna görä, ýygnananlar bazarda unuň haltasynyň 500 manada çykandygyny, obalarda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň ýagdaýynyň has ýaramazlaşandygyny hem-de ýakyn wagtda welaýatda açlyk başlanjakdygyny aýdypdyrlar.

Degişli maglumat Durmuşdaky nobatlar metbugatdaky üstünlikleri ýalana çykarýar. Prezident çäre isleýär

Elbetde, bu diňe Marydaky problema däldi we Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylary hem ýüzlerçe adamlyk nobatlaryň “adaty ýagdaýa öwrülendigini” habar berdiler. Häkimiýetler bu problemany azyk bolçulygyny döredip däl-de, bazarlarda ýerleşdirilen polisiýa gözegçilerini köpeldip çözjek boldular. Şeýle-de, MHM-niň çopanlardan ‘syr saklamagy’ talap edýändigi, VPN ulanmazlyk hakynda dilhaty alýandygy habar berildi.

Emma häkimiýetler ýurt içindäki heläkçilikli wakalary ýaşyrsalar-da, Türkiýädäki türkmen migrantlarynyň onlarçasynyň öz ildeşleri tarapyndan öý şertlerinde ýasalan arakdan zäherlenip ölendigini ýaşyryp bilmediler. Daşary ýurtlaryň habarlarynda aýdylmagyna görä, altmyşa golaý türkmen migranty martda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin içen ýasama araklaryndan zäherlenip öldi. Emma häkimiýetler daşary ýurtda ölen raýatlaryny jaýlamaga-da, olaryň yzynda galan maşgalalaryna "yzy ýarasyn" diýmäge-de mümkinçilik tapmady.

Degişli maglumat Türkmen prokurorlary türkmenistanlylaryň ýasama arakdan zäherlenip ölmegi bilen bagly Stambula sapar etdiler

Türkmenistanda bu ýyl azyk nobatyndan başga, manat nobaty diýen täze bir hadysa has meşhur boldy diýsek, ulaltma bolmaz. “Türkmenabatda ýüzläp adam bank kartlaryndaky pullary nagtlaşdyrmak üçin ir säherden başlap bankomatlaryň öňünde nobat tutup durlar. Emma diňe onlarça adam puluny nagtlaşdyryp bilýär. Bankomatlarda pul dessine gutarýar” diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmeleriniň biri 5-nji aprelde anonimlik şertinde maglumat berdi.

Paýtagtdaky we sebitlerdäki manat kynçylygy ýylyň ahyryna çenli dowam etdi we türkmen häkimiýetleri maliýe ýetmezçiliginiň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş bermeýärler, şu aralykda daşary ýurtlarda millionlarça türkmen manadynyň toplanandygy barada maglumat bar. Şu aralykda türkmen prezidenti nagt däl hasaplaşygy ornaşdyrmak baradaky çagyryşlaryny we tabşyryklaryny gaýtalady.

Bu ýyl häkimiýetler diňe öz işini açan adamlara garşy däl, tamdyrda çörek bişirip, maşgalasyny eklejek bolýan aýallara, saçyny açyk reňke boýaýan, dyrnagyny reňkleýän we ýasama kirpi dakynýan zenanlara garşy alyp barýan göreşini hem güýçlendirene meňzedi.

Degişli maglumat Un we çörek gytçylygynyň fonunda Baýramalyda tamdyr çöregini satýan adamlar soraga çekilýär

Türkmen häkimiýetleri mundan öňki ýyllarda hem ýer yranmalary, suw joşmalary, sil basmalary barada habar bermezdi. Ýöne bu ýyl apreliň aýagynda Lebapda we Maryda gopan tupan-harasat, uly maddy zaýaçylykdan başga, adam pidalaryna hem alyp geldi. Azatlygyň ýerli habarçylary maýyň ortalarynda Maryda 27-nji aprelde gopan harasat netijseinde azyndan bäş adamyň heläk bolandygyny, olaryň arasynda ýelde ýykylan elektrik sütünleriniň aşagynda galan mekdep okuwçylarynyň bardygyny habar berdiler. Soňky maglumatlarda Lebap we Mary sebitlerinde tebigy hadysanyň pidasy bolan adamlaryň sany azyndan 35 adama ýetdi. Ýaraly bolanlaryň sany barada hem dürli maglumatlar bar. Düýpli zyýan ýeten, köpüsiniň üçekleri ýykylan ýaşaýayş jaýlaryndan, döwlet desgalaryndan başga, Lebapda harasat onlarça müň gektarlyk gowaça, bugdaýa we gök ekinlere zyýan ýetirdi.

Goňşy Özbegistanyň prezidentinden tapawutlylykda, türkmen prezidenti bu wakalaryň bolan ýerlerine baryp, adamlaryň halyndan habar almady. Muňa derek, Berdimuhamedow Özbegistana gyssagly kömek teklip etdi, soňy bilen beýleki ýurtlara, şol sanda Orsýete kömek iberdi, hökümetçi neşirler bolsa, tebigy hadysa barada çap eden maglumatlaryny öçürdi. Şol bir wagtda-da häkimiýetler tebigy hadysadan ejir çekenlere ýurt içinden we daşyndan edilýän ynsanperwer kömeklerine garşy çykdy we, harasatdan bir aý çemesi soň, maýyň aýagynda Türkmenabatda ýürek-damar diagnozy bilen keselhana ýerleşdirilýän hassalaryň sany köpeldi diýip, Azatlygyň habarçylary habar berdi.

Degişli maglumat Harasatdan bir aý geçdi: Garagum etrabynda tok heniz-de dikeldilmedi

Häkimiýetlerden tapawutlylykda, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary Lebabyň we Marynyň ilatyna duýgudaşlyk görkezdi, olaryň birnäçesi Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňüne çyksa, beýlekileri Demirgazyk Kiprde protest bildirdi. Eger-de protestler barada anygrak gürrüň etsek, aktiwistler maýyň başynda Demirgazyk Kiprde, soň Stambulda gurnalan protestlerde türkmen prezidentinden tebigy hadysada ejir çekenlere kömek etmegi soran bolsalar, internetde ýerleşdirilen wideolar 20-nji maýda ýygnanan 40-a golaý demonstrantyň eýýäm “prezidentiň wezipesinden çekilmegini" talap edýändigini görkezdi. Şeýlelik-de, daşary ýurtlardaky türkmenistanly aktiwistler maý aýyndan başlap, oktýabr, noýabr aýlaryna çenli barha güýçlenen we soňra biraz gowşap, internet çykyşlarynyň çägine gelen syýasy protestlerini dowam etdirdiler. Hususan-da Birleşen Ştatlarda, BMG-niň we BSG-niň binalarynyň öňünde guralan protestler guramaçylykly hasaplandy.

Degişli maglumat Aşgabat Metbugat azatlygy gününi pidalar barada dymyp garşylaýar, aktiwistler Waşingtonda ildeşlerine goldaw bildirýär

Synçylar bu protestleriň soňky otuz ýylda häkimiýetlere bildirilen iň aýgytly we guramaçylykly garşylyk bolandygyny, türkmen oppozisiýa hereketinde uzak arakesmeden soň täze adamlaryň peýda bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, bu ýyl ýurt içinde hem esasan aýallaryň gatnaşandygyny görkezýän protestler geçirildi. Mysal üçin, 13-nji maýda Türkmenabatda esasan aýal maşgalalardan ybarat müňe golaý adam köçä çykdy. Olar häkimiýetleriň apy-tupandan we güýçli ýagyndan ejir çeken ilata hemaýat etmezliginden nägilelik bildirdiler. Şondan dört sagat çemesi soň sebite gelen resmiler we howpsuzlyk işgärleri adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň "çözüljekdigine" söz berdiler.

Diňe apy-tupan däl, ýurtda dowam edýän agyr ykdysady krizis, azyk ýetmezçiligi hem aýallaryň protest bildirmegine sebäp boldy. Aprel aýynyň başlarynda Maryda ilat, esasan aýal maşgalalar, un we ösümlik ýagynyň ýetmezçiligi, bahalaryň dowamly ýokarlanmagy sebäpli, birnäçe protest çäresini geçirdi. Bu protestler hem häkimiýetleri sebite gyssagly azyk önümlerini ugratmaga we adamlaryň meseleleriniň tiz wagtda çözüljekdigine wada bermäge mejbur etdi. Emma adamlaryň durmuş, ýaşaýyş meseleleri çözülmedi we nägileleikler ýylyň aýagynda hem saklanyp galdy.

Wada berlen işlere derek, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, häkimiýetler bu ýyl hem bir adamyň şahsyýet kultuny ýokarlandyrmagy, repressiýany güýçlendirmegi dowam etdirdiler. Bu hususan-da Gurbanguly Berdimuhamedowyň 63 ýaşynyň, pygamber ýaşynyň dabaralandyrylmagynda, metjitlerde onuň baş saglygyna berilýän sadaklarda, ol sadakalaryň TW wagyzlarynda gowy göze ildi. Türkmen mollalary bolsa, bar bolan meseleleri ret edip, adamlary köşeşdirmäge synanyşdylar.

Degişli maglumat “Sen näme, watan dönügimi?!”: MHM Internetde tankydy maglumatlary görýänleri soraga çekýär

Şu aralykda sosial mediada öz syýasy garaýyşlaryny beýan eden ýerli aktiwistiň güýç gulluklary tarapyndan saklanmagy bilen, synçylar häkimiýetleriň has kän dowla düşüp başlandygyny bellediler. Hatda Maryda MHM-niň polisiýa işgärleriniň mobil telefonlaryny barlaýandygy barada maglumat gelip gowuşdy. Türkmen migrantlarynyň Türkmenistandaky garyndaşlary polisiýa çagyryldy, häkimiýetler garşylyga goşulanlaryň 'dönük' atlandyryljagyny we jeza çekjegini duýdurdy. Bu wakalaryň arasynda ozal ýokanç kesellere garşy ýüzärlik we sazak püri, küli bilen göreşmegi ündän Berdimuhamedow kölde balyk tutup, ýetim çagalary naharlady. Synçylar onuň bu wideosynda, rowaýatdaky ýaly, açlary doýran Isa pygambere öýkünendigini aýtdylar.

Elbetde, adam özüni rowaýatlardaky gahrymanlara deňäp, özüni köşeşdirip biler. Ýöne ýurtda bu ýylam köne iş orunlary köpçülikleýin ýapylyp, täzeleri ýeterlik döredilmedi, üstesine uçarlar hem uçmagyny goýdy. 'Krizisiň soňy görnenok. Mugallymlaryň arasynda uçar gatnawlarynyň açylmagyna garaşýan köpelýär' diýip, habarçylar aýdýar. Emma hökümet gymmat bahaly taslamalary amala aşyrmagyny we arasynda, göz boýamak üçin diýen aly, kiçiräk resmileri korrupsiýada aýyplamagyny dowam etdirdi.

Degişli maglumat Türkmenistan 'möhüm desgalaryň' arasynda it ýaryşdyrmak üçin 'ýokary hilli' meýdança gurýar

Mysal üçin, şu ýyl Aşgabatda Berkararlyk atlandyrylýan etrabyň öňki häkiminiň 22 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi habar berildi, türkmen TW-si gaýta-gaýta toba edýän adamlary görkezdi, emma soň 'ogry' bolup çykýan emeldarlary yzygiderli, belki-de soňsuz wezipä bellemegiň Saparmyrat Nyýazowdan bäri gelýän 'syry' açylmaýar, ýagny olary ýokry wezpelere çekýän ýolbaşçy däl-de, diňe birdenkä işinde düýpli kemçilik 'tapylan' emeldarlar 'gara donly' bolýar. Synçylaryň pikiriçe, soňy görünmeýän kadr çalyşmalary giň ýaýran korrupsiýany ýaşyrmak üçin ulanylýar.

Mysal üçin, sentýabrda derňew žurnalistleriniň halkara konsorsiumynyň (ICIJ) geçiren global derňewi 2001-2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistandan onlarça şübheli bank amaly arkaly 1,4 milliard dollara barabar puluň çykarylandygyny aýan etdi. Azatlyk radiosynyň hem gatnaşan derňewinde Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan daşary ýurtlardaky “galp” kompaniýalaryň hasabyna geçirilen ýüzlerçe million dollar barada gürrüň edilýär.

Emma resmi Aşgabat, belki-de, dymmak razylygyň alamaty edip, bu maglumat boýunça hiç bir beýanat çap etmedi. Ýöne bu ýyl ozal esasan ýokary okuw jaýlaryna mahsus korrupsiýanyň orta mekdeplere hem çuň ornaşandygy, özüni oňarýan raýatlaryň, resmileriň öz çagalaryny türkmen dilinde berilýän ugursyz bilimden halas edip, rus dilindäki sapaklar üçin köp para berýändigi mälim boldy. Bu ýagdaý rus dilindäki sapaklaryň ýatyrylmagyna, hatda rus dilinde geplemegiň 'halanmazlygyna' alyp geldi.

Degişli maglumat Mekdeplerdäki 'arassalaýyş' güýçlenýär, emeldarlar emläklerini 'ýaşyrmaga' çalyşýar

Türkmen häkimiýetleriniň din azatlygyny bozmakdaky yzygiderligi bolsa, käbir ABŞ resmileriniň gönüläp, Türkmenistandaky režimi 'täze stalinçi' döwlet hökmünde häsiýetlendirmegine we Aşgabady goldamagyň amerikan bähbitlerine laýyk gelmeýändigini öňe sürmeklerine alyp geldi. Ýöne türkmen hökümeti türmede diri ýiten hasaplanýan tussaglar babatynda hem, ABŞ senatorlarynyň boşadylmagyny soran bendileri babatda hem pozisiýasyny üýtgetmedi.

Türkmenistan Baş kanunyna üýtgetme we goşmaça girizip, iki palataly parlament ulgamyna geçmek bilen, bu meselede halka sala salynmagyny, referendum geçirilmegini talap eden türkmen aktiwistlerine hem gulak asmady.

Türkmen parlamentiniň altynjy çagyryşynyň deputatlary 25-nji sentýabrda konstitusion üýtgetmeler hakyndaky kanuny kabul etdi we, oňa laýyklykda, Türkmenistanyň konstitusiýasyndan bir madda aýrylýar, üç madda goşulýar we Baş kanunyň 27 maddasyna üýtgetme girizilýär. Täze kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýär.

Daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýa wekilleri bu üýtgetmeleri berk tankyt edip, onuň Türkmenistanda häkimiýetiň bir elde jemlenmegine we soňy bilen ýurtda häkimiýetiň nesilden-nesle geçmegine ýol açýandygyny aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen oppozisiýa wekilleri 1-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňünde Türkmenistandaky täze konstitusion üýtgetmelere garşy miting geçirdiler.

Degişli maglumat Halk Maslahaty konstitusion üýtgetmeleri tassyklady

Hökümet mejbury zähmet babatdaky pozisiýasyny hem üýtgetmedi, Azatlygyň habarçylary býujet işgärleriniň pagta ýygymyna ýatymlyk iberilişi, adamlardan dürli bahanalar bilen mejbury-meýletin pul ýygnalyşy barada yzyguderli habar berdiler, häkimiýetler ýok pagtany 'zor we zer bilen' ýygdyryp, plan dolmak 'ussatlygyny' dowam etdirdi. Pagta, bugdaý planlary, kartoşkanyň we beýleki önümleriň bol hasyly barada berlen habarlara garamazdan, azyk gytçylygy yzygiderli ýokarlandy, şol bir wagtda-da adamlaryň gazanan pullaryny nagtlaşdyrmagy kynlaşdy we Maryda protestçileriň merkezi köçäni baglamagy, polisiýa bilen çaknyşmagy ilat arasyndaky gahar-gazabyň barha güýçlenýändigini görkezdi.

Her halda, häkimiýetler çözgüdi ýene repressiýada gördi we ilki protestçiler bilen arabaglanyşykda güman edilip saklanan balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew ýapyk sudda 6 ýyl tussaglyga höküm edildi; biraz soňra bolsa daşary ýurt habar serişdesine surat iberen 26 ýaşly Nurgeldi Halykow, galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda, 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Degişli maglumat “Serhetsiz reportýorlar" garaşsyz neşiriň habarçysynyň derrew azat edilmegine çagyrýar

Türkiýede proteste gatnaşyp saklanan we türkmen häkimiýetleriniň talaby esasynda Aşgabada iberilmek üçin deportasiýa merkezine iberilen Dürsoltan Taganowanyň meselesi ahyrynda oňyn çözülen hem bolsa, halkara hukuk toparlarynyň çagyryşlaryna garamazdan, ýurduň içinde günäkär tapylan aktiwistleriň ýagdaýy näbelli bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda, Dürsoltan Taganowanyň azatlyga çykmagy bilen, onuň we beýleki aktiwistleriň ýurt içinde galan garyndaşlaryna edilýän basyş güýçlendi, hukuk goraýjylar kanunçylyga ters gelýän yzarlamalaryň derhal bes edilmegini talap etdiler. Şeýle-de, Birleşen Ştatlarda we beýleki ýerlerde köçe protestlerine çykýan, sosial ulgamlarda pikrini aýdýan aktiwistleriň gürelmegi bilen, hökümetiň görýän repressiw çäreleri başga tarapdan zähmet migrantlarynyň, aktiwistleriň arasyndaky raýdaşlygyň güýçlenip başlamagyna itergi beren ýaly boldy.

Waşington, türkmen aktiwistleri BSG-dan düşündiriş soraýar. 29-njy iýul, 2020

Ýylyň ýene bir wakasy, ykdysady kynçylyklara garamazdan, ozalam belleýşimiz ýaly, gymmatbaha desgalaryň, myhmanhanalaryň, metjitleriň, heýkelleriň, şol sanda täze bir şäheriň gurulmagy bilen bagly boldy. Ýogsa prezident birki gezek kynçylyklary nazara almak we planlaşdyrylan taslamalaryň düzümine gaýtadan seretmek gürrüňni hem etdi. Emma ol 2009-njy ýylda Maryda ulanmaga berlen Gurbanguly hajy metjidinden soň 2015-nji ýylda Daşoguzda, 2018-nji ýylda Aşgabatda, şu ýyl Lebapda we Balkanda açylan metjitleriň dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de Türkmenistanyň bu ýyl Owganystanda hem bir metjit gurandygy mälim boldy.

Degişli maglumat Balkanda täze metjit açyldy, synçylar diniň hakykata garşy ulanylýandygyny aýdýarlar

Emma dünýewi döwletiň bu metjitleriň gurluşygyna näçe harajat harçlandygy aýdylmady. Ikinji tarapdan, häkimiýetleriň itler üçin gurulýan penahanalar, tebigaty goramak, basg nahallaryny ekmek üçin hem býujet işgärlerinden pul ýygnandygy habar berildi.

Şeýle-de, bu ýyl ýurtda yzygiderli ýok edilýän it-pişikler baradaky habarlardan soň güýçlenen Alabaý propagandasy ýokary derejelere çykyp, Aşgabadyň merkezinde açylan it heýkeli dünýä habar serişdeleri üçin 'täsin täzelik' boldy.

Mundan başga, Aşgabatda welosipede dikilen ýadygärligiň döwlet býujetine 22 million 424 müň manada, resmi kurs boýunça 6 million 407 müň dollara düşendigi habar berildi.

Pandemiýa döwründe welosipede, ite dikilen heýkelleri açyp, diňe ýerli däl, halkara metbugaty üçin hem newsmaker bolan Berdimuhamedow bu ýylam metbugatyň işinden razy bolmady. Aýdaly, ol 4-nji sentýabrda geçiren mejlisinde metbugat we medeniýet boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň hasabatyny diňläp, ýene bir gezek “üstünlikleriň” ýeterlik beýan edilmezliginden nägileligini bildirdi. Bu pudagyň öňki ýolbaşçylary hem şu hili nägilelik esasynda işlerini ýitiripdiler. Ýöne bu gezek täze bellenen wise-premýer däl-de, kagyz tygşytlamak çäresi hökmünde, käbir gazet-žurnallaryň birleşdirilmegi bilen, redaktorlar täzelendi.

Emma synçylar doly döwlet gözegçiliginde işleýän metbugatda hiç bir özgerişligiň bolmandygyny, kanun boýunça gadagan edilen senzuranyň doly güýjünde saklanyp galýandygyny, kagyzdaky "uly ösüş" sanlarynyň yzyndan ýolbaşçy kadrlara käýinç, berk käýinç we soňky duýduryş berýän, olary işde goýberen “düýpli kemçilikleri” üçin wezipesinden boşadýan prezidentiň ýadawsyz öwülýändigini aýdýarlar.

Ýerli metbugatdaky öwgülerden ýadan okyjylar we tomaşaçylar daşary ýurtlardaky neşirleriň berýän maglumatlaryna gyzyklanma bildirýärler, emma bu ýagdaý hem ýanwarda, Çarymyrat Amanow Ministrler kabinetinde täze döredilen wise-premýerlik wezipesine, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlygyna bellenende nazarda tutulana meňzeýär, MHM internetde tankydy maglumatlary görýänleri “Sen näme, watan dönügimi?!” diýip, yzygiderli soraga çekýär.

Sözsoňy

Türkmenistanyň prezidenti 2020-nji ýylyň türkmenistanlylar üçin "örän agyr we çylşyrymly" bolandygyny boýun aldy, ýöne "dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmändigini" ynandyrmaga synandy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 30-jny dekabrda geçiren hökümet mejlisinde ýene bir gezek ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi, 1 million 476 müň tonna galla, 1 million 280 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalandygy, iki ýarym müňe golaý desganyň gurulýandygy, olaryň umumy şertnama bahasynyň 37 milliard amerikan dollaryndan hem geçýändigi baradaky gürrüňini gaýtalady.

"...umuman, örän kynçylykly bolsa-da, bu ýyl biziň üçin oňat ýyl boldy" diýip, TDH döwlet baştutanynyň sözlerini sitirledi.

"Geljekki nesillerimiziň bitiren bu işlerimize mynasyp baha berjekdigine ynanýaryn" diýip, Berdimuhamedow ýyl ahyryndaky mejlisde eden çykyşynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.