Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde, şol sanda Mary welaýatynda bolan apy-tupandan bir aý geçendigine garamazdan, Garagum etrabynyň ençeme geneşligi häzire çenli elektrik toksuz kösenýär.
"Marynyň Garagum etrabynyň "Moskwa" geňeşliginde elektrik diňleri ýoluň ugrunda ýykylyp ýatyr. Geňeşligiň aňyry çetinde hojalyklar elektrik toksuz otyrlar. "Ak altyn" geňeşliginiň 1, 2, 3 we 4 bölümlerinde hem elektrik togy ýok" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji iýunda gürrüň berdi.
Ýatlatsak, 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlaryna gelen apy-tupanyň netijesinde sebitleriň ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýetip, azyndan 37 adam ölüpdi we başga-da onlarçasy ýaralanypdy.
Aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Garagumyň toksuz kösenýän hojalyklary gije demir gaba pagta we ýag guýup, çyra derek şony ýakyp gün görýärler.
Üstesine-de, elektrik energiýasynyň gaýtadan dikeldilmezligi, döwlet tarapyndan suw üpjünçiligi kadaly bolmadyk bu sebitlerde ýer astyndan guýy gazdyryp, nasos arkaly suw içýän hojalyklaryň suwsuz kösenmegine hem getirdi.
"Adamlar hem toksuz, hem suwsuz kösenýärler. Şu günler howanyň temperaturasy 40 gradusdan aşýar. Kondisionerleri hem işledip bolmaýar. Gyzgyn howada çagalaryň endamy tenýär. Elektrik ýokdugy we howanyň gyzgynlygy sebäpli eneler we çagalar gije daşarda ýatmaly bolýarlar. Daşarda ýatmak hem kyn. Sebäbi çibin we dürli mör-möjekler gelip, kiçi çagalary çakyp bilýär" diýip, ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylar özlerine hiç hili kömek edilmeýändigini aýdyp, hatda obada ýykylan elektrik diňleriniň käbiriniň-de ilat tarapyndan aýrylandygyny belleýärler.
"Ýykylan, ýumrulan zatlarymyzy-da özlerimiz düzetmeli bolduk. Gaýtam bizi obanyň kanturyna üýşürip, "Hemme zat gowy bolar, basym hemme zady düzederis" diýip aldap gitdiler. Indem şu güne çeni şol söz beren adamlar gorünmeýärler" diýip, oba ýaşaýjylary aýdýarlar.
Galyberse-de, Garagum etrabynyň ýaşaýjylary harasatyň netijelerinden, şol sanda toksuzlykdan we suwsuzlykdan ejir çekýän mahaly, öz aýlyk we pensiýa haklaryny hem-de komek pullaryny nagtlaşdyryp bilmän hem kösenýärler.
"Adamlar bank kartlaryndaky pullaryny hiç hili ýagdaýda nagtlaşdyryp bilmeýärler. Bankomatlarda pul ýok, dükanlarda terminallar işlemeýär. Adamlar kartlaryndan asla söwda edip bilmeýärler. Nagt pul çekmekçi bolsaň, Bayramaly şäherine gitmeli. Şähere gitmek üçin hem ýol kireý pul gerek. Adamlar ençeme gezek gatnap, kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmän yzlaryna gelendiklerini aýdýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Oba ýaşaýjylarynyň sözüne görä, olar ençeme hepde bäri dükanlardan harytlary ýazdyryp, karzyna azyk alýarlar. Ýöne olar pul tölemän, yzygiderli karzyna haryt almaga-da utanýandyklaryny belleýärler.
"Çagalarymyz aç. Bir adamyň şähere gidýändigini eşitsek, üýşüp şol adama kartlarymyzy berip, gerekli azyk önümlerimiziň sanawyny ýazyp berýäris. Ýöne eýýäm ençeme gezek bäri adamlar eli boş gelýärler we kart öz adyňa bolmasa, söwda edip bolmaýandygyny aýdýarlar. Köp adamlar çäresiz ýagdaýda" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Mary welaýat we Garagum etrap häkimliklerinden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.
Bu maglumat Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňümizdäki hepdäniň başynda, ýurduň Lebap we Mary welaýatlaryna sapar etmegine garaşylýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
2-nji iýunda Azatlygyň habarçylary welaýatlaryň administratiw merkezlerinde güýçli depginde alnyp barylýan abatlaýyş we arassaçylyk işleriniň şäherleriň diňe merkezi sebitleri bilen çäklenýändigini aýtdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.