Türkmenistanda oba adamlaryny otuz ýyla golaý kösän 'täze oba syýasaty' dowam edýär, TW daýhanlary prezidentiň ýat tutan nakyllary bilen ruhlandyrmaga çalyşýana meňzeýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji iýunda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, ýene birnäçe aýratyn şert döredilen kärendeçiniň halyndan habar aldy, emma gürleşilen we gürleşilmedik kärendeçileriň hakyky hal-ýagdaýy, obada jan başyna düşýän aýlyk, ýyllyk girdeji baradaky maglumatlar aýdylman, ýylyň-ýylyna bergili çykýan daýhanlaryň kynçylyklary "Watan" habarlarynyň öwgüli reportažynyň arkasynda galdy.
Şol bir wagtda, media prezidentiň önüm öndürýän adamlaryň işiniň gadyrynyň bilinmegi barada hem gürrüň edendigini aýdýar. Mundan öň ol orak ýa pagta, pile ýa şugyndyr möwsümlerinde daýhanlar bilen wagtynda hasaplaşmagy tabşyrardy we şondan soň TW-de bankomatdan alan puluny ýüzüne sylýan adamlar görkezilerdi.
Ýöne daýhanyň ýylda manatda gazanýan girdejisi, onuň girdejisiniň dollaryň döwlet kursundaky we gara bazar kursundaky gymmaty, maşgalanyň ekin ekmekden başga nämelere daýanmaly bolýandygy açyk syr bolmagynda galýar, media bu barada hiç bir anyk maglumat bermeýär.
Azatlyk radiosy 2012-nji ýylda daşoguzly kärendeçi Gülsenem Togtaýewa bilen söhbetdeş bolanda, ol "köne puldan 15 million girdeji aldym (3 müň manat. 1 manat = 2.85$). Ýygym döwri alan pulum bilen 20 milliona ýetýär" diýdi. Şeýle-de ol maşgalasynda 18 adamyň bardygyny, 5 bolup işleýändiklerini, suw, tehnika ýeterlik bolsa, ýagdaýlarynyň gowurak bolýandygyny gürrüň berdi.
Azatlyga soňky ýyllarda gelýän maglumatlarda hem daýhanyň girdejisiniň köplenç suw bilen tehnika baglydygy, döwletiň zyýan çeken daýhanlara kömek bermeýändigi aýdylýar.
TDH-nyň ýazmagyna görä, balkanly kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýew 40 ýyla golaý ekin ekýär we bu ýyl 17 gektar ýeriniň her gektardan 40-45 sentner hasyl almakçy. Emma radio bu kärendeçiniň anyk näçe girdeji aljakdygyny anyklap bilmedi.
Resmi habara görä, döwlet daýhany suw, dökün, ýokary hilli tohumlar, ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edýär. Emma ýerli synçylar, daýhanlar munuň ýalan wagyzdygyny, ondan adamlaryň garnynyň doýmaýandygyny adýarlar.
Döwlet baştutany iki ýyl mundan öň önüm satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak wadasyny berdi. Şu wada bilen baglylykda, prezidentiň Lebap, Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlaryna eden saparlarynda daýhanlaryň alýan girdejileri, olaryň ýyllyk gazanjy hakynda hiç gürrüň etmezliginiň sebäbi bilen gyzyklanyp, Azatlyk regionlardaky habarçylaryna birnäçe sorag iberdi.
Kärendeçileriň beren maglumatlaryny umumylaşdyryp netije çykarsak, oba ýerlerinde ýaşaýan önüm öndürijileriň ýagdaýlary ýyl-ýyldan agyrlaşýar, köp adam çaý-bilen çörekde otyr.
Öz sözleri bilen aýdylsa, "jüýje sanalýan wagtynda", ýagny daýhan öndüren we döwlete tabşyran önüminiň pulyny alanda, kärendeçileriň köpüsi bergili çykýar.
"Kärendeçileriň ne ýer sürmäge, ne ony ýumşatmaga, ne hasyl ýygmaga tehnikasy bar, üstesine olar korrupsiýanyň hem pidasy bolýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen 60 ýaşly lebaply kärendeçi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, oba hojalygyndaky korrupsiýanyň çuňlaşmagynda "Oba hyzmaty" diýilýän döwlet edarasy uly rol oýnady.
"Ýeri sürüp berýän-de, hasyly ýygnaýan-da, dökün satýan hem şu edarady. Şonuň üçin daýhanlar ýylyň ýylyna bergili bolup çykdy ýa-da diňe ölmez-ödi çörek puluny gazandy, soň bu edara prezidentiň permany bilen ýapyldy" diýip, kärendeçi aýtdy.
Türkmen TW-si prezidentiň oba özgertmelerini wasp edende, köplenç daşary ýurtlardan alnan kuwwatly, döwrebap oba hojalyk maşynlarynyň uzyn hatarlaryny görkezýär. Emma özleri şeýle tehnikalary satyn alan orta daýhanlar, öz hojalyklarynda işleýän daýhanlara gowy aýlykly iş hödürleýän oba telekeçileri, adamlaryň gazanç mümkinçilikleriniň giňelişi barada anyk sanlar esasynda hiç bir maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.