Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň ene-atalary bilen ýörite ýygnaklar geçirilýär. Bilim we polisiýa işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnaklarda ene-atalara Täze ýyl baýramynyň öňýanynda çagalaryna berk göz-gulak bolmak tabşyrylýar. "Düzgün bozan" okuwçylaryň hojalyjkaryna jerime salynjakdygy hem duýdurylýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji dekabrda Marydan habar berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, 16-njy dekabrdan başlap Garagumyň ähli mekdeplerinde geçirilýän bu ýygnaklaryň her birine synp mugallymlary, mekdep müdiri we iki polisiýa işgäri gatnaşýar.
"Ýygnaklarda ene-atalara çagalaryny Täze ýyl baýramynyň öňýanynda eýýäm häzirden göz astyna almak tabşyryldy. Şeýle-de, çagalaryň partlaýjy serişdeleri, jisimleri atmaly, ýasamaly we ýaýratmaly däldigi hem berk duýduryldy" diýip, ýygnaga gatnaşan garagumly ene anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Farapda geçirilen ýygnaklarda göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň mekdepden çykaryljakdygy duýduryldyHabarçymyzyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda, has takygy 2015-nji ýylda ýurtda Täze ýyl baýramynda atylýan partlaýjy jisimleriň satuwynyň çäklendirilmeginiň yzýany, köp çagalar ýa-da ýetginjekler olary özbaşdak ýasap başladylar.
"Şu ýyl hem köp çaga partlaýjy jisimleri özbaşdak ýasap, Täze ýyl baýramynda atmakçy bolýar. Käbir çagalar partlaýjy jisimleri özbaşdak ýasaýan beýleki çagalardan satyn alýar" diýip, garagumly ene belledi.
Häzirki wagtda sebitde özbaşdak ýasalan bu partlaýjy jisimleriň kiçi gutusy 5 manatdan, ulusy 10 manatdan gizlin satylýar. Bu jisimler sebäpli dürli hadysalar, şol sanda çagalaryň bedenine şikes ýetmek ýaly wakalar hem ýüze çykýar.
Habarçynyň sözlerine görä, ýakynda bir mekdep okuwçysy özbaşdak partlaýjy jisim ýasap, ony klasdaşlarynyň arasynda atmakçy bolýar. Şonda bu jisim okuwçynyň elinden ýere düşmänkä partlap, onuň sag eliniň barmaklaryna zyýan ýetirýär.
Habarçy häzirki wagtda bu okuwçynyň Garagum etrap hassahanasynda ýatyp, saglyk bejergisini alýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Bellesek, Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli anyk adam we ýer atlaryny agzamakdan saklanýar.
Garagumyň mekdeplerinde geçirilen ýygnaklarda ene-atalara okuwçylaryň Täze ýyl baýramynda klasdaşlary bilen üýşüp, oturyşyk etmegiň gadagandygy hem duýduryldy.
"Eger klas bolup, bir ýere üýşüp baýramçylyk bellense, onda mugallymlaryň jogapkärçilik çekjekdigini aýtdylar" diýip, garagumly ene sözüniň üstüne goşdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda orta mekdeplerden okuwçylaryň ahlak terbiýesine üns bermek talap edildi. Sebäp näme?Onuň sözlerine görä, ýygnakda gadagançylyklaryň sebäpleri barada aç-açan gürrüň edilmedi. Ýöne resmiler bulary bozan okuwçylaryň, hususan-da, partlaýjy jisimleri atan çagalaryň hojalygyna birinji gezekde azyndan 2000 manat jerime salynjakdygyny duýdurdylar. Ýokary synp okuwçylaryň işiniň bolsa, kazyýete geçiriljekdigi nygtaldy.
Habarçynyň aýtmagyna görä, ene-atalaryň aglabasy Täze ýyl baýramynyň ýatlaryna düşmeýändigini aýdyp, "aşlyklary nagtlaşdyryp bolmaýandygy, çagalaryň gripleýändigi we dermana pul ýetişdirip bolmaýandygy" barada batly ses bilen gygyrypdyrlar.
Ýöne mekdep resmileri we polisiýa işgärleri "biz ol meseleler üçin ýygnanyşmadyk, mekdebiň problemalary, okuwçylaryň tertibi barada ýygnak edilýär" diýip, ene atalara jogap beripdirler.
Azatlyk Radiosy bu barada Garagum etrap häkimliginden we bilim bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Şeýle-de, Garagum etrap hassahanasy bilen habarlaşyp, şikeslenen okuwçynyň saglyk ýagdaýy barada hem kommmentariý alyp bolmady.
Degişli maglumat Aşgabadyň mekdep okuwçylaryna gije sagat 10-dan soň köçä çykmak gadagan edildiTürkmenistanda bellenilýän uly baýramçylyklaryň, şol sanda okuw ýylynyň ahyrynda geçirilýän Soňky jaň dabarasynyň öňýanynda, bilim resmileri ene-atalar bilen ýygnaklary geçirip, şuňa meňzeş gadaganlyklary her ýyl diýen ýaly tekrarlaýarlar.
Mundanam basga, türkmen häkimiýetleriniň soňky ýyllarda dilden beren görkezmeleri nazara alnanda, ýurduň orta mekdeplerine gözegçilik güýçlendirilene meňzeýär.
Iýunyň başynda bilim resmileri Aşgabadyň mekdep ýolbaşçylaryndan okuwçylaryň ahlak taýdan terbiýesine ünsi güýçlendirmegi talap etdiler. Mundan ozal şuňa meňzeş talaplar ýurduň dürli regionlaryndaky ene-atalardan hem edilipdi.
Şeýle-de şu ýylyň fewral aýynda mekdep okuwçylaryna agşam sagat 10-dan soň köçä çykmak gadagan edildi.
Azatlygyň habarçylary bilim resmileriniň bu aladalarynyň okuwçylaryň arasynda ten satmak, göwreli bolmak, zorlanmak ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen hem belli bir derejede baglydygyny aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň edip, mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.