Garagumly ene-atalar bilen ýygnak geçirilip, 'düzgün bozan' okuwçylara jerime salynjakdygy duýdurylýar
Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň ene-atalary bilen ýörite ýygnaklar geçirilýär. Bilim we polisiýa işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnaklarda ene-atalara Täze ýyl baýramynyň öňýanynda çagalaryna berk göz-gulak bolmak tabşyrylýar. "Düzgün bozan" okuwçylaryň hojalyjkaryna jerime salynjakdygy hem duýdurylýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji dekabrda Marydan habar berdi.