Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň mekdep okuwçylaryna gije sagat 10-dan soň köçä çykmak gadagan edildi


Mekdep lybasyndaky oglan-gyzlar
Mekdep lybasyndaky oglan-gyzlar

Aşgabadyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryna gije sagat 22:00-dan soň köçä çykmazlyk barada duýduryş berildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

“6-njy fewralda şäheriň tas ähli orta mekdepleriniň, şol sanda 15-nji mekdebiň 8, 9, 10 we 11-nji klaslarynyň ýolbaşçylary öz okuwçylary bilen ýygnaklary geçirdiler. Olar okuwçylara giç sagat 22:00-dan soňra daşarda gezelenç etmegi[, oýnamagyň we köçelerde aýlanmagyň gadagandygyny duýdurdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 7-nji fewralda gürrüň berdi.

Okuwçylaryň we ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçynyň sözüne görä, olara gije ele salnan okuwçylaryň polisiýa bölümine alnyp gidiljekdigi we administratiw çäre görüljekdigi hem duýdurylypdyr.

“Okuwçylara nähili çäre görüljekdigi barada jikme-jik maglumat berilmändir. Ýöne klas ýolbaşçylar öz okuwçylaryna ele salnanlaryň ene-atasynyň hem polisiýa bölümine çagyryljakdygyny we olar bilen gürrüňdeşlik geçiriljekdigini aýdypdyrlar. Olar ‘bu barada eşitmedik dostlaryňyza we joralaryňyza hem hökman habar beriň’ diýipdirler” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, mekdep ýolbaşçylary we mugallymlar okuwçylardan edilýän bu talabyň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler. Olar diňe “geçiş döwründäki ýaş ýetginjekleriň gije köçelerde işiniň ýokdugyny” aýdyp, olaryň “öýde sapaklary bilen bolmadyklaryny” belleýär.

Azatlygyň habarçysy şuňa meňzeş gadagançylyklaryň geçen ýyllarda hem wagtal-wagtal güýje girizilendigini hem nygtady.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Aşgabadyň bilim bölüminden we 15-nji mekdebinden kommentariý almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleriniň soňky aýlarda dilden beren görkezmeleri nazara alnanda, ýurduň orta mekdeplerine gözegçilik güýçlendirilene meňzeýär.

Geçen aýyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Balkan, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlaryndaky habarçylary mekdeplere mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylygyň täzeden güýçlenendigini habar berdiler.

Bu habarlardan birnäçe gün soň, 17-nji ýanwarda Aşgabadyň 15-nji orta mekdebinde okuwçylarynyň ýanyndan mobil telefonlary çykan iki mugallymyň meýletin wezipeden çekilýändigi barada arza ýazmaga mejbur edilendigi habar berildi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Mary şäherindäki orta mekdeplerde ene-atalar bilen ýygnak geçirilip, olara okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi duýduryldy.

Türkmen häkimiýetleri bu gadagançylyklar we talaplar, şeýle-de olaryň sebäpleri barada resmi derejede düşündiriş bermeýärler. Bu barada ýurduň metbugat serişdelerinde-de adatça bolşy ýaly hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG