Türkmen mekdepleriniň okuw programmasyna girizilen türkmen-sowet ýazyjy-şahyrlarynyň, dramaturglarynyň ählisi sowet döwrüniň repressiw syýasatyny ol ýa-da beýleki görnüşde goldap, milli edebiýatda we sungatda, şol sanda žurnalizmde, ylymda “ýarym hakykat ýa-da ýalançylyk medeniýetiniň” döredilmegine, ösdürilmegine hyzmat etdiler; ol adamlaryň düşen ýagdaýynyň seljerilmezligi halkyň aň-düşünjesiniň ösmegine peýda bermeýär diýip, Ýewropada ýaşaýan öňki mugallym Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýerli synçylaryň köpüsiniň açyk aýdyp bilmeýän, emma ikiçäk gürrüňde berk ynanýan ynanjyna görä, Türkmenistanda söz, metbugat azatlygy, döredijilik erkinligi babatda hakykatda emele gelen ýagdaý kagyz ýüzünde galýan konstitusion hukuklara, halkara kanunçylygyna düýpden ters gelýär we bu meseläniň aňyrsynda sowet tejribeleri, syýasy repressiýalar, hususan-da dörediji adamlaryň dolandyryjy partiýanyň meýletin-mejbury wagyzçysyna öwrülmegi ýatyr.
Degişli maglumat Hydyr Derýaýewiň açmadyk ‘syry’ ýa-da Türkmenistanda sowet tutda-baslygy näme üçin ýaşyrylýar?Adynyň aýdylmazlyk şertinde gürleşen ozalky edebiýat mugallymynyň sözlerine görä, 1930-njy ýyllaryň repressiýasy Magtymgulydan we ondan hem aňyrdan gelýän türkmen edebiýatynyň süňňüne çykmaz gorky saldy.
“Bu gorky halkyň iň sowatly, iň dörediji adamlaryny hem öz gören durmuş hakykatlaryny inkär etmäge, partiýanyň isleýşi ýaly döretmäge mejbur etmek bilen çäklenmedi, nesilden nesile geçdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi türkmen häkimiýetleriniň bu gorkyny öz syýasy bähbitleri üçin ulanmagy dowam etdirýändiklerini, şu sebäpden hem ýurtda sowet syýasy repressiýalary we olaryň pidalary barada açyk gürrüň edip bolmaýandygyny öňe sürdi.
Azatlygyň ýurt içindäki we daşyndaky ýaş okyjylarynyň birnäçesi şu setirleriň awtorynyň “Hydyr Derýaýewiň açmadyk ‘syry’ ýa-da Türkmenistanda sowet tutda-baslygy näme üçin ýaşyrylýar?” diýen at bilen çap edilen makalasyny okap, mekdepde türkmen romany barada berilýän düşünjäniň örän çäklidigini bellediler.
Aýdylyşy ýaly, türkmen mekdepleriniň 10-njy klaslary üçin çykarylan edebiýat kitabynda H.Derýaýewiň “Ykbal” romany barada juda gysga, dört sahypa hem ýetmeýän, jogaba garanda has kän sorag döredýän maglumat berilýär.
Degişli maglumat Täsin duşuşykBaşda “Ganly penjeden” diýen at bilen 1937-nji ýylda çap edilen roman H.Derýaýew 19 ýyla çeken sürgünden boşap, 1957-nji ýylda Aşgabada gelenden soňra gaýtadan işlenýär. Okuw kitabynda bu romanyň türkmen aýal-gyzlarynyň geçmişdäki agyr durmuşlaryny açyp görkezýändigi... aýdylýar.
“Ykbal”romanynyň Myrat aga, onuň gyzy Uzuk, Orazsoltan eje we çopan ýigit Berdi ýaly ‘položitel’ gahrymanlary bu eseriň 1960-njy ýyllardaky okyjylary üçin hakykatdanam ejir çeken, azatlyk we adalat ugrunda göreşen, eziji gatlagyň wekilleri diýlip bilnen baýlardan, molla-işanlardan üstün çykan halk wekilleridi. Suhan gaty (husyt), Bekmyrat baý (mekir), Seýitmämmet işan (baýlara satylan, açgöz) dagy bolsa, halkyň azatlygyny, erkini bogmak üçin hiç zatdan gaýtmaýan adamlardy.
Aşgabatly edebiýatçynyň sözleri bilen aýtsak, bu ýyllarda “ýazyjylar hem, olaryň okyjylary-da, biziň halkymyzyň geçmişi, şol sanda döwründe bir topar adama iş beren, okuw-sowat öwreden adamlar-da sowet ideologiýasynyň ýesiri bolup galdy”.
2009-njy ýylda, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýogalandan iki ýyl soň çap edilen okuw kitabynyň awtorlary “Ykbal” romanynyň döredilen döwri bilen bagly “käbir kemter taraplarynyň” hem bardygyny boýun alýarlar.
Degişli maglumat Geň salgyt“Sowet döwründe baý adamlary, ruhany wekillerini diňe erbet gylyk-häsiýetli adamlar edip görkezmek edebiýatdaky esasy ýörelgeleriň biridi. Şeýle galyp bu esere-de öz täsirini ýetiripdir” diýip, okuw kitabynyň awtorlary H.Derýaýewiň romanyndanky baýlaryň, ruhanylaryň diňe “gara reňkler bilen, ýagny ähli babatda erbet edilip görkezilýändigini” iki sözlemde, meseläniň özenine aralaşman aýdyp geçýärler.
Aşgabatly edebiýatçynyň pikirine görä, bu nähilem bolsa, öňe tarap ädilen ädim boldy. Ýöne ol ädim onlarça ýazyjy-şahyryň, tutuş bir halkyň döredijilik wekilleriniň ýetmiş ýyllap öz gören durmuş hakykatyny inkär edip, diňe islenýän obrazlary döretmäge mejbur bolşy, döredijilikde ýalançylyk medeniýetiniň adaty ýagdaýa, kada öwrülişi baradaky ajy hakykatyň doly açylmagyna getirmeýär.
“Uniwersitetde okan ýyllarymyz, 1970-nji ýyllaryň aýagynda, 1980-nji ýyllaryň başynda Mämmetdurdy Annagurdowyň, Bäşim Şamyradowyň we beýlekileriň 1920-nji ýyllaryň we ondan soňky döwrüň edebiýaty, ýazyjy-şahyrlaryň başyna salnan gowgalar barada beren gürrüňlerini köp diňledik. Soňra Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanynyň ilkinji nusgalarynyň “başyndan geçen” gowgalar baradaky ýatlamalar metbugatda hem peýda boldy, taryhy şahslar bolan Eziz han, Juneýit han ýaly adamlaryň, basmaçylar hereketiniň, baý-kulak diýlip sürgün edilen adamlaryň ykballary barada başgaça, hakykata has ýakyn maglumatlar hem çykdy, emma bu tendensiýa hökümet tarapyndan togtadyldy” diýip, aşgabatly edebiýatçy aýtdy.
Degişli maglumat Dünýäniň agysyEger-de H.Derýaýewiň romanyna dolanyp gelsek, bu eserde iň ýatda galýan obrazlaryň biri bolan Suhan gatynyň gylyk-häsiýetiniň açylyşy, şu günki nazar bilen seredeniňde, bir topra sorag döredýär.
Edebiýatçylaryň käbiri baryp ýetmişinji ýyllarda hem, özara gürrüňçilikde, Suhan gaty obrazynyň birtaraply däldigini, onuň gylyk-häsiýetleriniň öz baýlygyny hakyky iş, tygşytlylyk, berk hasap bilen toplan, şol bir wagtda adamlara iş berip, iş talap etmegi başaran adam hökmünde işlenendigini aýdýardy.
Ýöne ol döwürde edebiýatçylar ýazyjynyň aşaklykdan aýtmak islän ýa doly ýüz öwrüp bilmedik durmuş reallyklaryndan netije çykarman, Uzuk, Berdi ýaly položitel gahrymanlar hakynda kän gürrüň ederdiler.
Soňky ýyllarda türkmen telewideniýesi türkmen-sowet edebiýatynyň görnükli wekilleri hakynda uly göwrümli gepleşikleri taýýarlaýar, emma bu hili söhbetlerde hanlaryň, baýlaryň birtaraply işlenen obrazlary barada kän gürrüň edilmeýär diýip, Azatlyga pikirini aýdan ýaş edebiýatçy belledi.
Dowamy bar.