Magtymguly Pyragynyň şägirdi köp. Olardan mynasyplardan biri Mämmet Seýit bolsa gerek.
Halypanyň saýlanyşy
Aslynda halypa saýlamak kyn iş däl. Islendik ussada ýa-da mugallyma halypa diýip bolar. Ýöne halypa seni öz şägirdi saýjakmy? Şägirt halypasyna mynasyp boljakmy?
Meseläniň agyr tarapy şonda. Eger biz Mämmet Seýidiň poeziýasyna seretsek, beýik halypa şägirt bolarlyk derejäni görýäris. Ol sözi takyk hem örän jaýdar ulanmagy başardy. Az sözde köp many berip bildi. Ol halkyň parasatly pikir ýöretmek däplerini öz poeziýasyna siňdirdi.
Şahyryň goşgularyndan hem poemalaryndan ençeme setirler berk ýadyňda galýar. Olaryň ýatda galmagynyň iki sebäbi bar; owaly bilen-ä göwnüňe jaý bolan söz göwünden ýer alýar. Ikinjiden, şahyr milli däp saýylýan danalyk paýhasyna köp üns berýär. Bu başarnyk hut Mämmet Seýidiň zehinine laýyk gelýär.
Şolardan käbir mysal:
Ýaşlykda alkyşy näçe köp alsaň,
Garranyňda gurbat berer biliňe.
Eger guşlar uçsa göge per bile,
Akylyndadyr adamlaryň ganaty.
Iki gulak, bir dil beren tebigat,
Hasabynda ýalňyşandyr öýdenok.
Bir enä, bir guşa müň günlük hasrat
Ýylanyň bir gezek garnyn doýrany.
Suwuň nyrhyn maňa derýalar däl-de,
Gor bolup çaýkanýan gollar aýdypdy.
Göwher bolsaň göterenler tapylar.
Ol poeziýanyň şamçyragy hökmünde Magtymgulyny öňe sürdi. Uly poeziýa Magtymgulynyň pikirleri arkaly düşünip boljakdygyny aýan etdi. Ol poeziýanyň borjunyň nähili belent bolmalydygyna-da, Magtymguly arkaly göz ýetirip bolar diýdi.
Poeziýa Pyragyň münen atydyr,
Ýüpekden ýumşakdyr, daşdan gatydyr.
Bu dünýäde ýaşap ýören adamlaň
Üýtgeşik bir dünýä syýahatydyr.
Rubagylar
Mämmet Seýidiň il içinde söýlüp okalmagyna rubagylary sebäp boldy. Biz şol rubagylarda hem beýik akyldaryň mynasyp şägirdini görýäris.
Kämil hem gutarnykly eserlerden käbirini ýatlalyň.
Näçe ýalpyldatsaň, mis ýene misdir,
Ýüregi garanyň gözlegi pisdir.
Il gynanar bedew atyň ölmüne
Gargalara welin toýdur-meýlisdir.
*
Düýn bir näkes geldi meniň ýanyma,
Batanok hiç birje sözem janyma.
Men ony şeýle bir çeýnärdim welin,
Degenok dişimi hapalanyma.
*
“Keselläpsiň, haýpyň gelsin janyňa”,
“Bar” diýýärler lukman gyzyň ýanyna.
Şol gyz dälmi ozal beren bu derdi,
Indi barsam galar meniň ganyma.
Halypanyň sarpasy
Ol beýik şahyra bagyşlap, “Kerwen” powestini döretdi. Diýseň özüne çekiji hem çeper dil bilen ýazylan bu eser Magtymgulynyň ýaşlyk döwründen söz açýar.
Şahyr Mämmet Seýit Magtymguly Pyragynyň poeziýadaky beýik hyzmaty barada şeýle diýdi.
Ýok, ol Şebdizem däl, Bukefalam däl,
Gadymy Pegasyň neslinden bolan.
Rahymdan müň ýyl ozal dogulyp,
Rüstemi müň ýyl göteren gulan.
Uzak menzillerde garyp tozana
Ýyldyrym dek toýnak kakan Bragy,
Ok kesdirme geçýär dünýäň öňünden.
Şol bedewiň eýerinde Pyragy.
Terjimehaldan
Türkmen ensiklopediýasynyň 7-nji tomunda Mämmet Seýidow 1925-nji ýylyň 27-nji maýynda, Bäherdeniň Durun obasynda dünýä indi diýilýär. Goşun hatarynda gulluk edýär. Gullukdan soň Aşgabada gelip, dürli neşirlerde işleýär hem Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar.
Ol kyrk ýyl çemesi döwürde ençeme şahyrana kitap döretdi. Olardan “Aşgabat günleri”, “Çoluk”, “Oba ertekisi”, “Bahar gündeligi”, “Durun mukamy”, “Bäşinji okean”, “Liriki fantaziýa” köpleriň ýadyndadyr.
Şahyr çagalar üçin “Kitaply oglan”, “Dostlar”, “Arzygülüň hiňňildigi”, “Arzygülüň gezelenji”, “Sarman aganyň hekaýalary” ýaly kitaplary ýazdy.
Ömrüniň soňky böleginde proza ýüzlendi. Özi diri wagtynda birneme gysgaldylan “Kesearkaç” romany hem “Kerwen” powesti çap boldy.
Dünýä klassyklarynyň, şol sanda A.S. Puşkiniň, R. Gamzatowyň eserlerini türkmen diline terjime etdi.
Şahyr aradan çykandan köp wagt geçensoň, S. Nyýazowyň çeper edebiýata girizen gadagançylygy gowşan döwründe, 2011-nji ýylda “Goşgular we poemalar” ady bilen ýene bir ýygyndy çapdan çykdy. Bu kitaby toplap çapa taýýarlan belli alym hem şahyr Gurbandurdy Geldiýew. Şeýlelikde, onuň döredijiliginiň ikinji hem hakyky tapgyry başlandy.
Şahyr 1992-nji ýylda aradan çykdy. Ony dogduk mekany Durun obasynda jaýladylar.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.