Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Bugaýew: Magtymgulyny sylaýarys diýip, ideologiýanyň bähbidi üçin ulanýarlar


Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadygärligi
Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadygärligi

Şu gün, 27-nji iýunda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde, her ýyl prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bilen jemlenilýan bir hepdelik medeni çäreleriň çäginde bellenilýär.

Mundan ozal Magtynguly Pyragynyň şygryýet günleri maý aýynda bellenerdi we bu geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri gelýän däp bolup, bütin ýurduň çäginde, şahyr-ýazyjylaryň goşgy-gazal aýtmagynda, kitap söwdalarynyň guralmagynda has giňde geçirilerdi.

Türkmenistanda üýtgedilendigine garamazdan, eýranly türkmenler bu ýylam Magtymgulynyň şygryýet günlerini maý aýynda, ozalky bellenilýän wagtynda, beýik şahyryň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň Aktokaýdaky guburlarynyň başynda bellediler.

Eýranly türkmenler Magtymguly günlerini belleýär.
Eýranly türkmenler Magtymguly günlerini belleýär.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň maý aýyndan iýuna geçirilmegi bilen ilkinji ýitirilen zatlaryň biri türkmenistanylaryň bu gün mynasybetli Eýrana, beýik şahyryň we onuň atasynyň guburlaryna zyýarat etmek mümkinçiliklerini ýitirmegi boldy.

Şeýle-de Bugaýew Magtymguly bilen halkyň arasynda sowet ýyllaryndan bäri saklanyp gelýän ideologiýa diwarynyň indi beýik şahyryň döredijiliginiň ösüp gelýän ýaş nesle öwredilmeginiň öňünde uly bökdençlik döredýändigini, sebäbi indi diňe kitaplaryň ýeterlik däldigini, has düýpli kinolaryň döredilmelidigini öňe sürýär.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen Magtymguly günleri baradaky söhbetdeşligimizi diňläp, bu mesele barada öz pikirleriňizi paýlaşmaga çagryýarys.

A.Bugaýew: Magtymgulyny sylaýarys diýip, ideologiýanyň bähbidi üçin ulanýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:00 0:00

XS
SM
MD
LG