Zawodyň içinde olara ýolbaşçylar tarapyndan işinden kowulmak haýbaty atylýar. Daşynda olara pitnä garşy polisiýanyň elinden jezalandyrylmak howpy abanýar.
Belarusyň möhüm himiki zawodynyň işçileri ýurdy uzak wagtdan bäri dolandyryp gelýän Aleksandr Lukaşenkanyň çekilmegine basyş etmek üçin, umumymilli iş taşlaýyşa goşulmagy göz öňünde tutýan pursady, ýolbaşçylar we häkimiýetler olary bu meýlinden yza tesdirmek üçin her dürli usullara baş goşýarlar. Bu barada Grodno Azot zawodynyň iş taşlaýyş lideri Nastoýaşeýe Wremýa media ulgamyna gürrüň berdi.
Awgustda häkimiýetleriň basyşyndan soňra Warşawa aşmaga mejbur bolan Ýuri Rawawy zawoddaky häzirki ýagdaýlary tutdum-gaç oýnuna deňedi. Belarusyň günbataryndaky Grodna şäherindäki bu zawodda 10 müň töweregi işçi zähmet çekýär.
Rawawy tehniki işgärleriň köpüsiniň iş taşlaýyşy aç-açan goldamaýan bolmagynyň mümkindigini, şol bir wagtda köp işgäriň syrkawlandygyny aýdyp, işe çykmaýandygyny aýtdy. Munuň netijesinde, Belarusyň döwlet tarapyndan dolandyrylýan ykdysadyýetiniň esasy eksport serişdesi bolan dökünler üçin himiki maddalaryň önümçiliginiň hem togtandygyny Rawawy sözüne goşdy.
Bu aralykda, Grodno Azotyň ýolbaşçylary işgärleri iş ýerinde saklamak üçin, gamçy we kemput ýörelgesinden ugur alyp hereket edýärler.
“Olar munuň beýleki dürli pudaklardaky ýagdaýlary hem tutaşdyryp biljekdigine gowy düşünýärler. Şol sebäpli, olar eýýämden köp mukdarda pul wada berýärler”, diýip Rawawy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Amerikanyň Sesi bilen birlikde dolandyrýan rus dilinde maglumatlary berýän Nastoýaşeýe Wremýa media ulgamyna 28-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Belarusda umumymilli iş taşlaýyş başlaýan mahaly, BMG-de protestçilere garşy zorlugy bes etmek çagyryşlary ýokarlanýarRawawy häkimiýetleriň Grodno Azot desgasyndaky uly gerimli iş taşlaýyşdan alada galýandyklaryny, sebäbi bu ýagdaýda ýurduň möhüm girdeji çeşmeleriniň biri bolan, nebiti gaýtadan işlemekde ulanylýan ammiagyň önümçiliginiň hem togtamagynyň mümkindigini belledi.
“Eger-de bizde önümçilik dursa, Natfan nebiti gaýtadan işleýän desgada hem iş durar. Bu Lukaşenkanyň girdeji çeşmesine uly urgy bolar” diýip, Rawawy nygtady.
Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowkaýa 26-njy oktýabrdan başlap ýurtda umumymilli iş taşlaýyşa başlamaga çagyrdy. Mundan öň, Tihanowskaýa 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başyndaky Lukaşenka 26-njy oktýabra çenli häkimiýetden çekilmäge, protestleri basyp ýatyrmagyny togtatmaga we ähli syýasy tussaglary azat etmäge möhlet beripdi. Lukaşenka bu talaplara boýun bolmady.
Belarusda 9-njy awgustdaky saýlawlaryň, köp kişiniň galplaşdyrylandygy aýdylýan netijeleri boýunça Lukaşenkanyň ýeňendigi we altynjy möhlete prezident saýlanandygy öňe sürlenden soňra, belaruslar giň gerimli protestleri geçirýärler.
Umumymilli iş taşlaýyş baradaky çagyryşlar 9,5 million ilatly ýurtda Lukaşenka bilen onuň häkimiýetden çekilmegini talap edip, protest geçirýän belaruslaryň arasyndaky dartgynlylyklary artdyrdy.
Protestler başlanaly bäri howpsuzlyk işgärleri güýç ulanyp olary basyp ýatyrdy, onmüňlerçe adamy tussag etdi. Güýç gulluklarynyň tussag edilenler babatynda öz wezipe çäklerinden çykýandygy, şeýle-de olary gynaýandyklary barada maglumatlar bar. Güýç edaralarynyň basyp ýatyrmalarynyň çäginde ençeme adam öldürildi, ýüzlerçesi hem ýaralandy.
Tarapdarlary tarapyndan prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisidigi aýdylýan Tihanowskaýa, özüne we maşgalasyna abanýan howp sebäpli, ses berlişikden birnäçe gün soň ýurdy terk edip, Litwa aşmaly boldy. Oppozisiýanyň beýleki liderleriniň aglabasy hem ýa ýurtdan çykmaga mejbur edildi ýa-da tussag astyna alyndy.
Degişli maglumat Häkimiýetler Taganowany Tihanowskaýa deňeýär, halk aýaklanmalaryndan howatyr edýärJedelli saýlawlardan soňky birnäçe günüň dowamynda-da, şol sanda Grodno Azotda hem ençeme günläp iş taşlaýyş geçirildi. Şonda zawodyň müňlerçe işgäri 14-nji awgustda iş ýerlerini taşlapdylar.
Şol döwür Rawawy zawodda işleýärdi we iş taşlaýyş komitetiniň agzasydy. Howpsuzlyk güýçleriniň iş taşlaýyş liderlerine basyş edip başlamagy bilen, KGB-niň ofiserleri Rawawynyň öýüne hem geldiler. Mundan soň, ol Warşawa aşdy.
“Men 24-nji awgustdan bäri Warşawada ýaşaýaryn. Ýagdaýlar ilki gyzyşyp başlanda, men iş taşlaýyşy has kanuny ýagdaýda guramaga synanyşdym. Biz gollary topladyk, işgärleriň köpüsiniň karary bilen iş taşlaýyşa başlamak netijesine geldik. Ýöne 21-nji awgustda KGB-niň adamlary öýüme gelip, meni saklajak boldular” diýip, Rawawy gürrüň berdi. “Men birnäçe günden soňra daşary çykmagy başardym” diýip, ol sözüne goşdy.
Rawawy Polşanyň paýtagtyndan beren gürrüňinde Grodna Zawotda 17 işçiniň iş taşlaýyşa açyk goşulandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol köp adamyň iş ýerini we aýlygyny ýitirmekden howatyr edip, herekete goşulmakdan saklanýandygyny aýtdy. Zawoddaky işçileriň zähmet haklary 300-500 ýewro aralygynda bolup, bu Belarusda gowy aýlyk hasaplanýar.
Şol bir wagtda, Rawawy möhüm işgärleriň köpüsiniň syrkawlandygyny aýdyp işe çykman, öz goldawyny bildirýändigini belledi.
“Köpler işe çykmaýarlar, telefona jogap bermeýärler, öýlerinde galýarlar. Köpler saglyk ýagdaýy boýunça dynç alyşa çykdy” diýip, Rawawy aýtdy. Ol işe çykmaýanlaryň arasynda önümçilik prosessine gözegçilik edýän köp sanly ýokary derejeli hünärmenleriň hem bardygyny belledi.
“Men anyk adam sany barada hiç zat aýdyp biljek däl. Ýöne olar 100 töweregi. Iň wajyp ýeri, bu adamlary çalşyryp bolmaýar. Olar möhüm tehniki işgärler” diýip, Rawawy aýtdy.
26-njy oktýabrda irden Grodna Zawodyň 100 töweregi işgäri öz smenasyna çykmakdan ýüz öwürdi. Munuň yzýany, sebite polisiýa gelip, 10 töweregi işçini we onlarça protestçini saklady.
Zawodyň ýolbaşçylary önümçilikde hiç hili bökdençligiň ýüze çykmandygyny aýtdylar.
26-njy oktýabrda senagat ministri Pýotr Parkomçyk umumymilli iştaşlaýyş tagallalarynyň ähmiýetini peseldip, oppozisiýany onuň möhümliligini artdyryp görkezmekde aýyplady. Lukaşenka hem çykyş edip, maşgalalaryň gazanç çeşmesinden mahrum bolup biljekdigini duýdurdy we “Çagalaryňyzy kim bakar?” diýip ýüzlendi.
Degişli maglumat Gyrgyzlar "bir gije-gündiziň dowamynda hötde geldiler" hem belaruslary oýlanmaga mejbur etdilerBelarusyň Demokratiki Kärdeşler arkalaşyklarynyň konfederasiýasynyň başlygy Aleksandr Ýaroşuk herektiň birinji gününden soň çykyş edip, häkimiýetleriň “giň gerimli basyşy” sebäpli, näçe adamyň muňa goşulandygyny anyk aýdyp bolmaýandygyny belledi.
Rawawy Grodna Azotdan işinden kowulanlara, Lukşenkanyň režimine garşy durýanlara hemaýat bermek üçin esaslandyrylan, BYSOL onlaýn ulgamy arkaly toplanan maliýe serişdeler bilen kömek ediljekdigini aýtdy.
“Işden kowlan 12 adamyň her birine BYSOL arkaly 1 müň 500 ýewro möçberinde maliýe hemaýaty berler we olar azyk bilen üpjün ediler” diýip, Rawawy aýtdy. Ol bu hemaýatyň entek ýaýdanýanlaryň iş taşlaýyşa goşulmagy üçin itergi bolup biljekdigini aýtdy.
“Edaradaky ýaýdanyp iş taşlaýyşa goşulmaýanlara ýüzlenip, ‘Ýok, sizi hiç kim ýatdan çykarmaz’ diýesim gelýär” diýip, Rawawy sözüni jemledi.