BMG-niň Belarus boýunça adam hukuklary derňewçisi 26-njy oktýabrda Alýaksandr Lukaşenka garşy geçirilýän protestlerde müňlerçe adamyň saklanylmagyna salgylanyp, hökümetden öz halkyna basyş etmegi bes etmegi talap etdi.
Anais Marin tarapyndan edilen bu talap oppozisiýanyň çagyryşy boýunça bat berlen hem-de onuň dowamynda ýene ýüzlerçe adam saklanan umumymilli iş taşlaýyş başlanandan soň edildi.
Marin Adam hukuklary komitetine awgust we sentýabr aýlarynda azyndan 20 müň adamyň saklanandygyny hem-de ýüzlerçe adamyň tussaglykda wagty urlup-ýenjilendiginiň, gynalandygynyň ýa-da olara erbet çemeleşilendiginiň habar berlendigini aýtdy.
Marin Içeri işler ministrligindäki çeşmeleriniň hem-de hökümete degişli däl toparlaryň sözlerini getirip, has köp tussagyň administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, 9-njy awgust jedelli saýlawlaryndan bäri protestçileriň garşysyna 400 jenaýat işiniň gozgalandygyny aýtdy.
Mariniň ýüzlenmesi soňra esasan ýewropaly 52 ýurduň we Ýewropa Bileleşigniň komitete beren beýanatynda gaýtalandy.
Şeýle-de, olar parahat demonstrantlara garşy zorlugyň hem-de oppozisiýa liderleriniň, žurnalistleriň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we protestçileriň gorkuzylmagynyň bes edilmegine, bular bilen bir hatarda demokratiýa hereketine gatnaşýan adamlara garşy kemsitmeleriň soňlandyrylmagyna çagyryş etdiler.
Belarus Lukaşenka garşy demonstrasiýalar bilen sarsylýar. Onuň 9-njy awgustda altynjy möhlete gaýtadan saýlanmagy saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýan oppozisiýada nägilelik döretdi.
Oppozisiýa awgust saýlawlarynyň netijeleriniň galpdygyny hem-de Tihanowskaýanyň kanuny ýeňijidigini aýdýar.
"Entek ýaňy başlady"
Tihanowskaýa Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyşy güýçlendirmek üçin bat berlen iş taşlaýyşyň “entek ýaňy başlanandygyny we güýçlenip dowam etdiriljekdigini” aýtdy.
Ol Belarus boýunça müňlerçe işçi, student we pensioner köçelere çykandan soň, 26-njy oktýabr agşamy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bile söhbetdeş boldy.
“Men şu gün güýç-kuwwat tapyp, batyrgaýlyk bilen iş taşlaýyşa çykan her bir belarusla buýsanýaryn” diýip, Tihanowskaýa aýtdy hem-de ähli ýurtdaşlaryny proteste goşulmaga çagyrdy.
Tihanowskaýa prezident saýlawlaryndan bäri, özüne we maşgalasyna atylan haýbatlaryň arasynda, ýaşaýan ýeri bolan Litwadan söhbetdeş boldy.
“Barha azalýan režim goldawçylary her näme diýseler-de, bu iş taşlaýyş şowsuz bolmady” diýip, oppozisiýa lideri aýtdy.
Oppozisiýanyň 25-nji oktýabr ýary gijä çenli häkimiýetden çekilmek çagyryşyny kabul etmegiň deregine, Lukaşenka ýene güýç görkezip, 26-njy oktýabrda protestçileriň üstüne howpsuzlyk güýçlerini goýberip gaýtawul berdi.
Jemgyýetçilik teribini goraýan polisiýa tutuş Belarus boýunça ýygnanyşan onlarça müň protestçiniň garşysyna rezin oklaryny we ses granatlaryny ulandan bir gün soň, adam hukuklaryny goraýjy “Wýasna” topary Minsk, Hrodna, Brest, Lida we Belarusyň beýleki şäherlerinde günüň dowamynda 320-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy.
26-njy oktýabrda käbir uniwersitetleriň studentleri leksiýalara gatnaşmakdan ýüz öwrüp, Minskde ýöriş etdiler we pensionerleriň yzygiderli geçirýän duşenbe protestlerine goşuldylar. Köp dükanlar we kafeler ýapykdy, olaryň eýeleri we işgärleri paýtagtda ynsan zynjyryny emele getirdiler.
Iş taşlaýyşlar Minskde we beýleki şäherlerde iri önümçilik desgalaryny, şol sanda milli nebit kompaniýasy “Belarusnefti”, dünýäniň iň iri kaliý öndürijisi “Belaruskalini” we ýük ulagylaryny öndürýän “MAZ” kärhanalaryny nyşana aldy.
Belarusyň Demokratik Bileleşikler Kongresiniň lideri Alýaksandr Ýaroşygyň sözlerine görä, häkimiýetler köçelerde we zawodlaryň daş-töwereginde protestçileri saklamak bilen hem-de işçilere eger olar iş taşlaýyşa dowam etseler işden kowmak ýa-da türmä basmak haýbaty bilen jogap berdiler.
52 ýurduň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Adam hukuklary komitetine beren beýanaty “belarus halkynyň öz ýollaryny erkin we adalatly saýlawlar arkaly saýlamak baradaky demokratik isleglerini” goldady we “belarus häkimiýetleriniň parahatçylykly demonstrantlara garşy alyp barýan basyp ýatyrmalaryny” berk ýazgardy.
Beýanat “saýlawdan soňky döwürde 500-den gowrak adam gynama we beýleki agyr kemsitme, şol sanda jynsy zorluk hadysalary baradaky habarlara, hem-de tussag edilen ýa-da saklanan hasaba alynmadyk adamlaryň sanyna alada bildirdi.
Beýanata gol goýanlar belarus häkimiýetlerini oppozisiýa liderleri we raýat jemgyýeti bilen dialoga geçmäge çagyrdy.
“Belarus halky gürledi we biz olaryň çäklendirilmedik dialog, erkin we adalatly saýlawlar, adam hukuklarynyň bozulmagy we kemsitmeler boýunça hasap berilmegi, eden-etdilikli tussag edilenleriň ählisiniň boşadylmagy barada eden çagyryşlaryny goldaýarys” diýip, beýanat aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.