Türkmenistanda häkimiýetler köpçülikleýin halk nägileliginden howatyr edip, geçen tomus Stambulda türkmen hökümetine garşy protest aksiýasyna gatnaşandan soň saklanan we ýaňy-ýakynda azatlyga goýberilen aktiwist Dürsoltan Taganowany garalamak kampaniýalaryna girişdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Häkimiýetler Lebap welaýatynda girişen garalama kampaniýalaryna jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini hem-de býujet işgärlerini çekýärler, olar bilen duşuşyk geçirýärler.
“Türkmenabatda we Farapda jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, zenanlar guramasynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM), Içeri işler ministrliginiň (IIM) hem-de prokuratura edaralarynyň wekilleri iki hepde bäri býujet edaralaryna baryp, Dürsoltan Taganowany garalaýan ýygnaklar geçirýärler” diýip, habarçy habar berdi.
Şeýle duşuşyklarda häkimiýet wekilleri “Taganowa Tihanowskaýa ýaly halkyň arasynda demonstrasiýalary gurnamagy planlaşdyrýar” diýen çaklamaly pikirleri orta atýarlar diýip, ýygnaga mejbury gatnaşan pedagog Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa prezidentlige dalaş etmäge synanyşan adamsy tussag edilenden soň, ýurduň 9-njy awgust saýlawlarynda iş başyndaky awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenka garşy bu wezipä dalaş etdi. Munuň yzýany, belarus halky Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä gaýtadan getiren saýlaw netijelerine garşylyk bildirip, köçelere çykdy we üç aýa golaý wagt bäri saýlaw netijeleriniň galpdygyny, Tihanowskaýanyň kanuny ýeňijidigini aýdyp, köpçülik demonstrasiýalaryna yzygiderli dowam edýärler. Tihanowskaýa özüne we maşgala agzalaryna atylan haýbatlaryň arasynda Belarusy terk etdi.
Dürsoltan Taganowanyň ady bilen türkmen jemgyýetçiligi ilkibaşda iýulyň ahyrlarynda tanyşdy. Geçen tomus daşary ýurtlarda, Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we ABŞ-da ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda oppozision hyjuwlar oýanyp, olar Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklara we ýurduň gündogar sebitlerinde apreliň ahyrlarynda turan heläkçilikli harasata häkimiýetleriň "görkezen biperwaýlygyny" tankyt etdiler we yzly-yzyna dürli ýurtlarda onlarça türkmenistanlynyň gatnaşmagynda demonstrasiýalary geçirip başladylar. Ynha, şol mitingleriň birine, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň 19-njy iýulda Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde geçiren ýörişine Dürsoltan Taganowa-da gatnaşdy. Ýöne, mitinglere gatnaşan onlarça türkmenistanly, şol sanda Taganowa türk häkimiýetleri tarapyndan saklandy, olaryň hatarynda Dürsoltan Taganowa ýaşaýyş rugsadynyň tamamlanandygyna garamazdan, Türkiýede galmakda aýyplanyp, Stambulyň bir deportasiýa merkezine äkidildi.
Munuň yzýany, türkmen aktiwistleri we garşylyk toparlary sosial media arkaly Taganowanyň boşadylmagyna çagyryş edip başladylar, olar türkmen häkimiýetlerini Taganowany Türkmenistana gaýtarmaga synanyşmakda aýypladylar. 12-nji oktýabrda Human Rights Watch bilen bir hatarda adam hukuklaryny goraýjy 11 gurama aktiwistiň Türkmenistana ugradylan halatynda oňa howp abanýandygyny aýdyp, Ankaradan Taganowany azatlyga goýbermegi talap etdi. Ertesi güni, 13-nji oktýabrda Dürsoltan Taganowa deportasiýa merkezinden goýberildi.
Ýöne, munuň bilen aktiwistiň göreşi tamamlanmadyga meňzeýär. Onuň azat edilmeginden soň, türkmen häkimiýetleri onuň Türkmenistanda ýaşaýan hossarlaryna basyşy güýçlendirip başlady. Ynha, iki hepde bäri bolsa, Lebapda häkimiýet wekilleri býujet edaralaryna aýlanyp, aktiwisti garalaýar, ony ýurtda syýasy tolgunyşygy gurnamaga synanyşmakda aýyplaýar.
Ýöne Taganowadan ozal hem, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, hususan-da Lebap welaýatynda häkimiýetlerden nägile raýatlaryň sany az däldi. Türkmenistan indi üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçlyklary, nagt ýetmezçiligini, azyk haryt gytçylygyny we gymmatçylygyny başdan geçirýär.
“Taganowa ýaly raýatlar Lebapda hem köp. Azyk we pul gytçylygy bilen bagly meseleler, işsizlik, garyp gatlagyň köpelmegi sebäpli Arkadagdan närazy raýat köp” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan bir ýerli synçy gürrüň berdi.
Ýöne diňe bir ykdysady kynçylyklar däl, synçynyň sözlerine görä, resmi Aşgabadyň Lebaba “gyýa göz bilen garamak syýasaty hem” köplerde nägilelik döredýär. Onuň sözlerine görä, Aşgabat Lebaby ala tutýar.
“Adamlar närazy. Şu ýyl tebigy betbagtçylykda adamlara kömek edilmezligi “halky kemsitmek” hökmünde kabul edildi. Eger tebigy betbagtçylyk Ahalda ýa-da Gökdepede bolan bolsa, adamlara kömek edilerdi. Mysal üçin, Büzmeýindäki ammar ot alanda adamlara kömek berlipdi. Lebapda bolsa, hatda, telewideniýede hem aýtmadylar” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan bir lebaply gürrüň berdi.
2011-nji ýylyň iýul aýynda paýtagt Aşgabatdan 20 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän Büzmeýin şäheriniň eteginde bir ok-däri ammarynda partlama boldy. Şonda garaşsyz çeşmeler 200-den köp adamyň partlamada heläk bolandygyny aýtdy, resmi metbugat 15 adam ýitgisi barada habar berdi.
Şu ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde güýçli harasat boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu harasatyň netijesinde 35-den gowrak adamyň heläk bolandygyny, sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň uly zyýan çekendigini habar berdiler. Döwlet mediasy we hökümet resmileri bu heläkçilik barada henize çenli dymyşlygy saklap gelýär.
“Farapda, Türkmenabatda adamlar ýaralandy, wepat boldy. Şol wagtlar adamlar emeldarlaryň ýadyna düşmedi” diýip, ýerli synçy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçy harasat gabatlary döwlet emeldarlarynyň arasynda bu heläkçilik barada aýdylan käbir gürrüňlere salgylanyp, şeýle gürrüňlerden habarly häkimiýet wekillerine ýakyn bir çeşmäniň sözlerini getirdi.
“Aşgabatda emeldarlar 5 [adam] öleni bilen ahyrzaman bolmaýar diýdiler” diýip, habarçy ýagdaýdan habarly çeşmäniň aýdan sözlerini getirdi.
“Indi oppozisiýa ýeňip başlady. Deportasiýa merkezinden azatlyga çykmagy başardy. Bu uly ýeňiş Arkadagyň rahatyny gaçyrdy” diýip, ýerli synçy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň Ankara eden çagyryşyndan soň Stambuldaky deportasiýa merkezinden goýberilen aktiwist Dürsoltan Taganowa gelip çykyşy boýunça Lebap welaýatynyň ýaşaýjysydyr.
Habarçynyň lebaply gürrüňdeşleri MHM işgärleriniň welaýatyň býujet edaralarynda gürrüňdeşlikleri ýygjamlaşdyrandyklaryny nygtady.
“Ýygnaklar bilen diňe 15 prosent adamy razy ederler, Lebabyň galan işsiz 85 prosent halkyny razy etmezler” diýip, aktiwisti garalamak kampaniýalarynyň çäginde geçirilen ýygnaklara gatnaşan pedagog anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna öz garaýyşlaryny beýan etdi.
“Arkadag Aşgabat bilen Gökdepeden başga ýerlere-de deň seretmese erbet bolar” diýip, ol sözüni jemledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.