Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzlar "bir gije-gündiziň dowamynda hötde geldiler" hem belaruslary oýlanmaga mejbur etdiler


Belarus oppozisiýasynyň simwoly bolan ak-gyzyl-ak baýdakly adamlar prezident saýlawlarynyň resmi netijesine garşy Minskide protest geçirýärler. 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabry.
Belarus oppozisiýasynyň simwoly bolan ak-gyzyl-ak baýdakly adamlar prezident saýlawlarynyň resmi netijesine garşy Minskide protest geçirýärler. 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabry.

Gyrgyzystanda konstitusiýa laýyk gelmeýän dawaly saýlawlara gyrgyzlaryň şeýle çalt garşy durup bilmegi hem gazanan netijeleri Belarusdaky prezident saýlawlaryna garşy durýanlara nädip çalt netije gazanmalydygyny görkezdi. Bu üstünlige birnäçe adamyň gözi gitse-de, beýlekiler iki ýurduň arasynda düýpli tapawudyň bardygyny nazarda tutup, belaruslary güýç ulanylmaýan parahatçylykly garşy durşy dowam etdirmäge çagyrýarlar.

Indi dokuzynjy hepdede parahatçylykly protestlere çykýan belaruslar gyrgyzystanlylaryň sanly sagatlaryň dowamynda gazanan syýasy üstünligine guwanýarlar.

Parlament saýlawlarynyň resmi netijelerinden gahar-gazaba münen gyrgyzlar çalt ýagdaýda güýç ulanmaga geçdiler, olaryň pikiriçe saýlawlaryň netijeleri galplaşdyrylan bolmaly. Protestler başlanyndan, birnäçe sagadyň dowamynda parlamentiň binasyny, milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň jaýyny hüjüm edip aldylar. Prezident ofisini düňderdiler hem kimi syýasy tussag hasaplaýan bolsalar, olaryň türmeden boşadylmagyny gazandylar. Gaty tiz wagtyň içinde Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlaryň netijesini annulirledi hem ikinji gezek saýlaw geçirmek planynyň bardygyny mälim etdi. Döwlet ýolbaşçylary bolsa köpçüligiň gözünden ýitirim boldular.

Belarusdaky ýagdaý mundan düýpli tapawutlanýar. Nobatdaky gezek prezidentlik saýlawynda Aleksandr Lukaşenka ýeňiji diýlip yglan edilenden soň, millet 9-njy awgustda köpçülikleýin protest aksiýalaryna çykdy. Munuň özi oppozisiýanyň halk köpçüligi tarapyndan uly goldawynyň bardygyny görkezdi. Iki aý bäri parahatçylykly protestler dowam edýär, Lukaşenka bolsa öz ornuny bermejekdigini aýdýar. Ol gizlin ýagdaýda inaugrasiýa dabarasyny geçirip, öz kabinetine gaýdyp geldi-de, demonstrantçylara garşy güýç ulanyp başlady.

— Netijede olara bir günüň dowamynda Gyrgyzystanyň syýasy hökümetini özgertmek başartdy. Gaty köp belarusly bu ýagdaýa syn edýändir diýip, men oýlanýan. Belki, geň galýandyrlar, şonuň üçinem bu ýagdaý barada oýlanýandyrlar – diýip, Belarus oppozisiýasynyň hökümeti parahat ýol bilen çalyşmak üçin döreden Koordinasiýa sowetiniň prezidiumynyň agzasy Pawel Latuşko «Nastoýaşşeýe Wremýa» telekanalyna aýtdy.

Gyrgyzystanda geçen parlament saýlawlarynyň netijelerinden närazy bolanlar hökümet edarasynyň daşyndaky germewi böwsüp geçmäge synanyşýarlar. Bişkek, 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabry.
Gyrgyzystanda geçen parlament saýlawlarynyň netijelerinden närazy bolanlar hökümet edarasynyň daşyndaky germewi böwsüp geçmäge synanyşýarlar. Bişkek, 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabry.

«SOŇSUZ DAWALAR. 60 GÜN GEÇDI»

Bu barada hakykatdanam pikir edýändiklerini köp belarusly mälim edýär. Olardan birnäçesi gyrgyzystanly demonstrantlaryň gazananlaryna guwanýar, beýlekiler bolsa iki ýurduň arasyndaky düýpli tapawudy öňe sürüp, häzirki parahatçylykly garşy durmagy öňe sürýärler.

Lukaşenka garşy geçirilýän protestleri gizlin ýagdaýda «aşhanada geçirilýän gürrüňlerde» uzak wagta çeken protestleriň gowy taraplaryny öňe sürýänlerem bar. Olardan biri: «Belarusdaky rewolýusiýa: KS [Koordinasiýa soweti], [oppozisiýa lideri Swetlana] Tihanowskaýa Günbataryň goldawynda, iş taşlaýyşlar, ýörişler, güljagazlar hem "mekirje" intrigalar. Netijesi: [hökümet güýçleri] ýene-de adamlary öldürýär, soňsuz dawalar bolsa dowam edýär. 60 gün geçdi» diýip ýazýar.

Ol awtor soňra ýene şeýle ýazýar: «Gyrgyzystandaky rewolýusiýa: halk çykyp, birinji günde hemmelere berk sapak görkezdi. 6 sagadyň dowamynda. OMON nämeleriň bolup geçýänine düşünmedi, prezident bolsa ertire aman çykmak isledi».

«MÖHÜM TAPAWUT»

Bu diskussiýa gatnaşýanlaryň beýlekileri öz diýeninde durýarlar. Käbirleri bolsa gyrgyzystanlylaryň 2005-nji hem 2010-njy ýyllarda-da prezidenti çalşandygyny aýdýarlar.

«Kim Gyrgyzystanyň salgymyna kowalaşýan bolsa, ony bilsin, olarda 15 ýylyň dowamynda üç rewolýusiýa boldy. Olaryň tejribesi bize hiç zat öwretmeýär. Biziň tutumymyz has düýpden, Belarusdaky protestler iňlis liberal filosofy Jon Lokkyň (John Locke) ündewine eýerip, aramlyga hem pikir alyşmaga eýe. Biz Lokkyň ýolunda. Biz barada soňra okuw kitabyny ýazarlar. Ýaşasyn Belarus!»

Minskide bolan demonstrantlara garşy polisiýa suw atyjy maşyny ulanýar. 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabry.
Minskide bolan demonstrantlara garşy polisiýa suw atyjy maşyny ulanýar. 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabry.

Beýleki biri Twitter’de «Belarus bilen Gyrgyzystanyň ýagdaýynda beýle uly bolmadyk, ýöne möhüm tapawut bar» diýip ýazýar. Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeýenbekow «howpsuzlyk güýçlerine ot açmazlyk hem gan dökmezlik barada buýruk berdi».

Bu galdyrylan ýazga jogap edip, beýleki biri şeýle ýazypdyr: «Gyrgyzlar bir gije-gündiziň dowamynda hötde geldiler». Gyrgyzlaryň usulyna guwanýanlardan beýleki biri olardan «öwrenmäge» çagyryş edýär. Oňa garşy çykýan bolsa: «Lukaşenka özüniň ýiti garşydaşlaryny tiz arada türmä dykdy. Halky hökümeti eýelemäge iberäýjek adamlary kamerada oturtdy» diýip ýazýar.

Bu iki öňki sowet respublikalarynyň arasynda düýpli tapawudyň bardygyny öňe sürýänler hem bar. Gyrgyzystanyň liderleri ýurtdan gaçyp çykmaga mejbur boldular. Belarus bolsa otuz ýyla ýakyn Lukaşenkanyň hökümdarlygynyň astynda gelýär.

Parlament saýlawlarynyň netijelerinden närazy bolan adamlar. Bişkek, 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabry.
Parlament saýlawlarynyň netijelerinden närazy bolan adamlar. Bişkek, 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabry.

Belarusyň öňki ilçisi hem medeniýet ministri bolan Pawel Latuşko oppozisiýa birikdi. Latuşko «Nastoýaşşeýe Wremýa» telekanalyna beren interwýusynda bu iki halkyň arasyndaky tapawudyň uludygyny aýdýar.

Ol sosial ulgamda «Biz, gyrgyzlar – çalt hereketli halk» diýen ýazgyny görendigini aýdýar. Ol bolsa gyrgyzlaryň parahat däldigini bellemek islemän, diňe sözüň ornuny çalşyp: «Biz, belaruslar – parahat halk» diýdi.

— Biz ýene we ýene hökümete aýdýarys, biz mundan hiç haçan - [parahat protestlerden] ýadamyzok. Gepleşiklere parahat ýol bilen, parahat usul bilen gitmek gerek. Hökümet ne Belarusda, ne-de Belarusyň daşynda legitimlik gazanyp bilmez. Bu ýol hiç ýere – petige barýar – diýip, Latuşko aýdýar.

Material taýýarlananda, «Nastoýaşşeýe Wremýa» telekanalynyň materiallaryndan peýdalanyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG