Nas atýan polisiýa adamlaryň töwellasyny alman, nas atan ýaşulyny 'terbiýeleýär'

Türkmen polisiýasynyň işgärleri.

Üç sany polisiýa ofiseriniň bir ýaşulyny tutup, alyp gitjek bolup dyzaýyşlary, emma onuň ýerinden butnaman durşy köp adamyň ünsüni özüne çekdi. Adamlar üýşüp gelmäge başlady. Üç-dört minutda 30 töweregi adam ýygnandy diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda temmäki önümlerine garaşly bolan adamlaryň, olaryň maşgala agzalarynyň çekýän kynçylyklary, görýän horluklary dowam edýär, häkimiýetler pandemiýa döwründe çilim gytçylygy zerarly has köp kösenýän raýatlaryň halyndan habar almagyň deregine gartaşan adamlara hem jerime salýar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Häzir Mary sebitinde iň arzan çilimiň bir gutusynyň bahasy 230-240 manada ýetdi, bir çilim bolsa, 12 manatdan satylýar diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda, Azatlygyň hukuk goraýjy edaralardaky çeşmeleriniň maglumatyna görä, ozal gymmat çilimleri saýlap çeken hukuk goraýjy ofiserleriň hem bir topary nasa geçmäge mejbur boldy.

Degişli maglumat Maryda çilimiň bahasy ýene gymmatlady. Döwlet dükanlarynda çilim däneläp satylyp başlandy

Ýöne bu hukuk goraýjy ofiserleriň nas atýan ýönekeý raýatlary yzarlamagyny, olara jerime ýazmagyny azaltmaýar diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýar.

"Şu gün Marydaky S.A.Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän Läle bazarynyň gapdalynda bir ýaşuly adamy tutup, jerime ýazmaly diýip, awtobusa mündürip alyp gitjek boldular. Ýaşuly hem gitmejek boldy. Polisiýa işgärleri onuň iki elinden tutup, awtobusa tarap çekdiler welin, seržant çinindäki ýaş polisiýa ofiseriniň jübüsinden nasly düwünçek gaçdy" diýip, wakany gözi bilen gören habarçy habar berýär.

Has atandygy sebäpli saklanan ýaşuly muny görüp, "Inim, meni goýber, senem nas atýan ekeniň, özüň nas atyp, maňa düşünmezlik etme, men nas atmaga sen eneden dogulmakaň başladym" diýdi.

Polisiýa ofiseri özüniň nas atýandygyny inkär etmedi: "Hawa, men nas atýan, ýöne köçede däl, gizlenip, bukurak ýer tapyp atýaryn, senem şeýtmeli ekeniň" diýdi.

Üç sany polisiýa ofiseriniň bir ýaşulyny tutup, alyp gitjek bolup dyzaýyşlary, emma onuň ýerinden butnaman durşy köp adamyň ünsüni özüne çekdi. Adamlar üýşüp gelmäge başlady. Üç-dört minutda 30 töweregi adam ýygnandy diýip, habarçy aýtdy.

Gelenleriň köpüsi bu ýaşulyny tanaýan eken we olar polisiýa töwella etmäge başlady:

"Bu bir pakyr adam, günde şu bazara gelip, dükanlara aýlanyp, sadaka çöpleýär, goýberiň ony, siziňem sadakaňyz bolar" diýip, orta ýaşlarynda bir adam polisiýa ofiserleriniň uluragyna ýüzlenip aýtdy.

Degişli maglumat Prezident ýaşululary gutlap, olara ýaşaýyşlarynyň 'gowulanýandygyny' aýtdy

Yzrakda duranlaryň biri bolsa, "Ýalňyş adamy tutduňyz, ondan alyp biljek zadyňyz ýok, pagta ýygmaga-da ugradyp bolmaz ony" diýdi.

Uly leýtenant çinindäki polisiýa işgäriniň bu sözlere gahary geldi. "Gerek bolsa, pagta ýygdyrarys, bolmasa şugundyr, ynha basym şugundyr ýygyny hem başlaýar, saňa näme?" diýip azgyryldy.

Üýşüp gelen adamlaryň içinde dükan eýeleri hem bardy. Olaryň biri ara goşuldy:

"Sen beýle uly gürleme, inim, uly-uly gürlänleriň hem näme bolanyny göre-göre gelýäris. Sen garraňda nä güne düşjegiňi bileňog-a, belki, bu ýaşuludan beter bolarsyň? Işden kowulaňyzda, özüňizi oňarman, balagyňyza çolaşyp ýörsüňiz. Ýa siz ilden üýtgeşikmi? Goýber ýaşulyny-da, ýör, yzyma düş, dükana baraly, näme iýjek, içjek bolsaň bereýin, pul diýseň pul bereýin" diýip, dükan eýesi sesini ýumşadyp aýtdy.

Polisiýa ofiserleri üýşüp duran adamlaryň arasynda dükan eýesiniň yzyna düşüp gitjeklerini-de, ýaşulyny süýräp, güýç bilen maşyna mündürjeklerini hem bilmän ýaýdandylar.

Dükan eýesi muny görüp: "Halys jerime ýazman bilmejek bolsaňyz, şu taýda ýazyň, men töläýin, ýöne bu görgüli ýaşula degmäň" diýdi.

Degişli maglumat Maryda hüşgärlik güýçlendirildi, üçden köp bolup dursaň soraga çekýärler

Bu sözleri eşiden ýaşuly namys edip, polisiýa ofiserleriniň elinde germesatan bolup duran ýerinde aglady. Soňundan bolsa, dükan eýesine ýüzlenip, "Meniň üçin sögüşme, inim!" diýdi we "Ýör, nirä gitmeli bolsa gideli" diýip, polisiýanyň awtobusyna tarap ýöneldi.

Duran adamlaryň biri başyny ýaýkap, "dükanym ýapyk, ownuk-uşak kireý edýärin, ýöne indi gaýdyp, öň işläp çykanam bolsa, ýüzünden tanasam, polisiýa işgärini maşynyma mündürmerin" diýdi.

Polisiýa nas atan ýaşulyny alyp gitdi, adamlar maşynyň yzyndan seredip, gynanyp galdylar diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.