Derňewçi žurnalistler Ruslan Mätiýew we Baýram Şyhmyradow Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýakyn raýatlaryň eýe bolan bikanun baýlyklary boýunça geçiren soňky derňewleriniň netijelerini çap etdi, onda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir gymmatbaha sagat söýýän 'garyndaşy' barada gürrüň berilýär.
Sosial ulgamlarda ile güjeňlenýän baýlyklar boýunça geçirilen derňewiň gahrymany Kemal Begnazarowiç Rejebow bolup, ol Berdimuhamedowyň aýal doganynyň adamsynyň doganynyň ogly diýlip tanadylýar.
“Turkmen.news” saýtynda çap edilen wideorolikde anyklaşdyrylmagyna görä, ol prezidentiň aýal dogan Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebowyň süýtdeş erkek dogany Begnazaryň ogly.
Kemal Rejebow Berdimuhamedowyň göni garyndaşy däl, emma bu onuň “şa ýaly” ýaşamagyna hiç bir päsgel bermeýär, üstesine ol prezidentiň ýakyn töwereginde öz baýlyklaryny güňeňlemekden çekinmeýän “iň bet" ýigit bolup görünýär diýip, makalada bellenýär.
Degişli maglumat N.Hanamow: Prezident sowgat almagyny bes edip, korrupsiýa garşy göreşde görelde bolmalyDerňewçi žurnalistleriň taýýarlan wideomaglumatynda Kemal Rejebowyň hususy kolleksiýasynda sagatlar, olaryň bahalary görkezilýär.
Mysal üçin, Şweýsariýada öndürilen Richard Mille RM 011 sagadynyň bahasy 400 müň dollardan gowrak pula durýar. Şeýle-de onuň Şweýsariýda bary-ýogy 100 sanysy öndürilen “Ulysse Nardin Maxi Marine Diver” sagadynyň bahasynyň 95 müň dollardygy aýdylýar. Bulardan başga, Kemalyň kolleksiýasynda 343 müň dollara durýan “Richard Mille RM 11-03 McLaren”, 70 müň dollara durýan “Ulysse Nardin Freak Cruiser”, 38 müň dollara durýan göwherli şweýsar sagady – “Audemars Piguet Royal Oak”, 63 müň dollara durýan “Hublot Classic Fusion” sagatlary bar.
Turkmen.news” neşiri Kemalyň sagatlarynyuň umumy bahasynyň 1 million dollardan geçýändigini, sebäbi onuň 14 we 16 müň dollarlyk sagatlarynyň hem bir topardygyny aýdýar.
Kemal gymmatbaha goşar sagatlarynda başga, gymmatbaha awtoulaglary hem gowy görýär. Onuň soňky edinen ulaglarynyň biri bahasy 80 müň dollardan başlanýan, şu ýylyň ýanwarynda öndürilip başlanan “BMW X4 M Competition” awtoulagy bolup durýar, ol ony “ýagy bilen” satyn alypdyr.
Kemalyň maşyn parkynda “BMW 540”, Toyota Land Cruiser 5.7 VXR”, “Lexus GX 460” we beýleki awtoulaglar hem bar.
Awtomobillerden başga, Kemal Rejebow gymmatbaha eşikleri, iň gymmat telefonlary we beýleki zatlary hem gowy görýär diýip, neşir onuň nirede işleýändigini anyklap bilmändigini boýun alýar we bu işde okyjylaryndan kömek soraýar.
Žurnalistler mundan öň hem Berdimuhamedowyň ýakynlarynyň kaşaň durmuşy barada geçirilen derňewleriň netijelerini çap edipdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedowyň körekeniniň 1 million dollarlyk sagatlary we kaşaň durmuşyMysal üçin, olar 2018-nji ýylda “Guga” lakamly Ibabekir Bekdurdyýewiň, Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň giýewisiniň gymmatbaha sagatlarynyň “üstüni açdylar”.
Mundan başga, “Turkmen.news” neşiri prezidentiň giýewisi Annanazar Rejebowyň “biznesi”, Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Meret Orazowyň emläkleri barada hem maglumat çap etdi.
Türkmenistanyň prezidenti wagtal-wagtal, ýurtda korrupsiýa faktlarynyň üsti açylanda, döwlet emlägini hiç kime ogurlatmajakdygyny aýdýar, emma öz töweregindäki adamlaryň bikanun baýlyk toplaýyşlary we beýleki eden-etdilikleri hakynda çykýan metbugat maglumatlaryna hiç bir düşündiriş bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.