Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew wezipesinden boşadyldy. Bu barada döwlet telewideniýesiniň "Watan" habarlar gepleşigi 12-nji fewralda habar berdi.
Döwlet telewideniýesiniň agşamky habar gepleşiginde prezidentiň degişli permany okaldy. Türkmenistanyň täze milli howpsuzlyk ministri wezipesine ministriň orunbasary polkownik Gurbanmyrat Annaýew bellenildi.
Döwlet mediasy Berdiýewiň başga işe geçirilýändigi sebäpli wezipesinden boşadylandygyny aýdýar, ýöne onuň täze işi barada maglumat bermeýär.
Mundan ozal, prezident Berdimuhamedow 22-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde, şol wagtky milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe "gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän işde goýberen kemçilikleri üçin" "berk käýinç" we "soňky duýduryş" yglan etdi, onuň general-polkownik harby çinini general-maýor derejesine peseltdi, hem-de ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşatdy.
22-nji ýanwarda prezident Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe-de "berk käýinç" we "soňky duýduryş" yglan edipdi, ýöne türkmen telewideniýesiniň 12-nji fewraldaky habaryndan çen tutulsa, ol heniz öz wezipesinde galýar.
Azatlygyň Türkmenistanyň güýç gurluşlaryna ýakyn çeşmesi baryp geçen ýylyň dekabrynda Berdiýewiň we Gündogdyýewiň öz wezipelerindäki günleriniň sanaglydygyny habar beripdi. Ol geçen hepdäniň ahyrynda Azatlygyň korrespondentine anonim şertlerde beren gürrüňinde ýene-de bir gezek Berdiýewiň we Gündogdyýewiň ýakyn wagtlarda wezipelerinden boşadyljakdygyny habar beripdi. Çeşmäniň sözlerine görä, güýç gurluşlaryndaky nobatdaky arassalaýyş işleri geçen ýylyň oktýabrynda başlanan ýokary derejeli wezipeden boşadyşlygyň mantyk-logiki dowamlylygy bolup durýar. Ýatlasak, 2019-njy ýyyň 1-nji oktýabrynda Isgender Mulikow içeri işler ministri wezipesinden boşadylyp, yzýany 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Şol bir çeşme şonda, 44 ýaşly Mulikowyň täsirli biznesmen Çary Kulow bilen ýakyn gatnaşmagyň "öwezini töländigini" öňe sürdi. Kulow, Azatlygyň söhbetdeşiniň sözlerine görä, 2019-njy ýylyň iýulynda prezident birden köp wagtlyk gaýyp bolup, öz ölümi barada myş-myşlara ýol açanda "özüni nädorgy alyp barypdyr".
Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň birnäçe çeşmeleri arassalaýyş işleriniň, kadr çalyşmalaryň şu ýyl meýilleşdirilýän konstitusion reformalaryň yzýany döwlet dolandyrylyşynda boljak üýtgeşmeler bilen ilteşiklidigini aýdýar. Munuň bilen baglylykda çeşmeler güýç gurluşlaryndaky arassaçylykda ýene-de birnäçe güýç ýolbaşçysyna gezegiň ýetjekdigini aýdýarlar.
47 ýaşly Ýaýlym Berdiýew MHM-niň başlygy wezipesini 2018-nji ýylyň 13-nji iýunyndan bäri eýeleýärdi, ýöne ol 2011-2015-nji ýyllar aralygynda-da bu edarany dolandyrdy. Soňra 2015-2018-nji ýyllar aralygynda ol goranmak ministri wezipesini eýeledi.
Türkmenistan ýanwaryň aýagynda güýç gurluşlaryna gözegçiligi güýçlendirdi. Prezident 30-njy ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümini tassyklady, IIM-niň institutynyň öňki rektory Çarymyrat Amanowy Ministrler kabinetinde täze döredilen wise-premýerlik wezipesine we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlygyna belledi.
Ýaýlym Berdiýewiň nähili işe geçirilendigi häzirlikçe nämälimliginde galýar, ýöne ol häzilikçe prezidentiň kemsidiji häsiýetde wezipeden boşadyp, zaldan kowan, aradan iki aý geçenden soň hem döwlet telewideniýesinde göz ýaş döküp, sacy syrygly puşman edýän görnüşde görkezilen Isgeneder Mulikowyň ykbalyna duçar bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär