Prezident çäreleriň guralyşyndan, şäher gurluşygyndaky we metbugatdaky kemçiliklerden nägile bolýar

Okyjylar türkmen gazetlerinde "hiç bir özboluşlylygyň ýokdugyny, olaryň bir-birini gaýtalaýandygyny" aýdýarlar.

Ş.Durdylyýew mejlisde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda geçiriljek medeni çärelere, "Ak şäherim Aşgabat" atly ХIХ köpugurly halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti egindeşlerine käýinç, berk käýinç we soňky duýduryş bermegini dowam etdirýär. Nobatdaky käýinçler olaryň öňde duran dabaralara görülýän taýýarlyklar barada beren hasabatlaryndan soň berildi.

Hökümetiň nobatdaky mejlisinde esasan öňde duran medeni-köpçülik çärelerini uly guramaçylyk astynda geçirmek, şol sanda Oraza baýramyny giňden bellemek hakynda maslahat edildi.

Ýerli synçylar Türkmenistanda soňky ýyllarda iň bol zadyň medeni-köpçülik çäresi bolandygyny, adamlaryň kän wagtyny we döwlet serişdelerini “iýýän boş dabara-şowhunlaryň” uludan tutulmagyna dünýäni aljyradan koronowirus pandemiýasyndan abanyp biljek howpuň hem päsgel bermändigini belleýärler.

Degişli maglumat Baş 'çäreçä' çäre görüldi


22-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde Bahargül Abdyýewa hem-de Şamuhammet Durdylyýewe berlen berk käýinçleriň anyk sebäpleri görkezilmeýär.

Durdylyýewe berlen käýinç onuň 11-nji maýda prezidente dikuçarly şäherde gurulýan desgalary görkezmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ol mejlisde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda geçiriljek medeni çärelere, "Ak şäherim Aşgabat" atly XIX köpugurly halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet baştutany şäherde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde “birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigine ünsi çekdi” diýip, TDH anyklaşdyrmazdan, Berdimuhamedowyň Durdylyýewi “hil gözegçiligini gowşatmakda” aýyplandygyny habar berýär.

Mundan biraz öň, 3-nji aprelde geçiren hökümet mejlisinde prezident “dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyrypdy.

Medeniýete we metbugata gözegçilik edýän B.Abdyýewa mundan öň, 2018-nji ýylyň ýanwarynda bu wezipä belleneli bäri, geçen ýylyň iýulynda, we şu ýylyň fewralynda hem käýinç berildi.

Ol öz hasabatynda “Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini halkara bileleşigine” ýetirmekde, milli gymmatlyklary “giňden wagyz etmekde” ýetilen sepgitler barada durup geçdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow 'gymmatlyklara esaslanýan ideologiýa' isleýär, synçylar gymmatlyklaryň ýoýulýandygyny duýdurýarlar


Emma Gurbanguly Berdimuhamedow orunbasarynyň köpçülik çärelerini geçirişinden, ýurduň gazanan üstünliklerini beýan edişinden ýene-de nägile bolana meňzeýär.

“Öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen ähli medeni-köpçülikleýin çäreleriň taýýarlygyna jogapkärçilikli çemeleşilmeli” diýip, prezident Abdyýewa goýberen kemçiliklerini düzetmek üçin soňky duýduryşyny berdi.

Ýöne Abdyýewa berlen berk käýinç bilen soňky duýduryşyň esasy sebäbi köpçülikleýin çäreleriň guralyşy bilen baglymy ýa-da “metbugatdaky kemçilikler” bilen bagly, bu anyk belli bolman galýar.

Degişli maglumat F.Tuhbatullin: Türkmen mediasy habardar etmäge däl, azaşdyrmaga gönükdirilen


Habarda aýdylmagyna görä, ol “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän makalalary çap etmekde we gepleşikleri ýaýlymlara bermekde kemçiliklere ýol beripdir”.

Dünýäde metbugat azatlygy boýunça iň yzdaky orunlarda durýan Türkmenistanda garaşsyz metbugat ýok we, kanunda söz we metbugat azatlygynyň kepillendirilýändigine, döwlet senzurasynyň gadagan edilýändigine garamazdan, prezident döwlet eýeçiligindäki metbugatyň işine hemişe gatyşýar.

Bu ýagdaý, aýdylýan üstünlikleri we milli gymmatlyklary näçe giňden wagyz etseler-de, B.Abdyýewadan öň hem birnäçe wise-premýeriň wezipesinden boşadylmagyna alyp geldi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýerli žurnalistleriň pikiriçe, prezidentiň berýän käýinçleri, berk käýinçleri we soňky duýduryşlary, hatda orunbasarlaryň çalşyrylmagy hem ýagdaýy üýtgetmeýär, ýuwan propaganda näçe güýçlendirilse, media şonça kän diňleýji, görüji we okyjy ýitirýär.

Degişli maglumat "Bloomberg" Türkmenistandaky ýagdaýa gülüp oňmagyň ýeterlik däldigini, sanksiýa zerurlygyny ýaňzydýar


Şeýle-de ýerli synçylar Aşgabadyň gurluşygyna soňky on ýylda milliardlarça dollar möçberinde serişde harçlanandygyny, munuň üstesine Ahalda täze şäheriň gurulýandygyny aýdyp, indi regionlara, etrap, oba ýerlerine gyssagly we uly möçberlerde maýa ýatyrmagyň zerurdygyny, sebäbi mermer gurşalan jaýlar bilen ilaty ekläp bolmaýandygyny öňe sürýärler.

Aşgabat şäheriniň nobatdaky güni Lebapda we Maryda gopan heläkçilikli tebigy hadysalaryň bir aý çemesi soňundan bellenýär.

Harasatda düýpli zyýan çeken hojalyklara döwlet tarapyndan zerur kömekleriň berilmezligi ýurt içinde we daşynda seýrek protest aksiýalarynyň geçirilmegine, prezidentiň işden çekilmegine çagryş edilmegine alyp geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.