Soňky iki ýylyň dowamynda Lebap welaýatynda azyndan 14 sany haly fabrigi ýapyldy. Bu ýagdaý haly dokaýan ýüzlerçe aýal-gyzyň işini ýitirmegine sebäp boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Işi duruzylan haly fabrikleri welaýatyň dürli künjeginde, şol sanda Kerki şäherinde we onuň obalarynda, Köýtendag şäherinde we Saýat etrabynyň käbir daýhan birleşiklerinde ýerleşýärdi. Şeýle-de, Darganata haly dokma kärhanasy hem ýapyldy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 26-njy dekabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegini gutladyOnuň sözüne görä, bu haly fabrikleriniň her birinde azyndan 50 halyçy işleýärdi we häzirki wagt işini ýitiren ýüzlerçe aýal-gyz iş tapyp bilmän kösenýär.
“Halyçylaryň käbiri bagty çüwüp, Türkiýä gitmegi başardy. Galanlary ýurduň içinde iş tapmaga synanyşýar. Ýöne iki ýyl bäri işe ýerleşip bilmeýän aýal-gyzlaryň sany sanardan kän” diýip, habarçy belledi.
Habarçy ýapylan haly fabrikleriniň ençemesiniň hususy taraplara satylandygyny we olaryň binalarynyň ýumrulandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:
“Bu fabrikleriň käbirlerine derek täze dükanlaryň guruljakdygy, käbiriniň ornuna bolsa towuk fermalarynyň açyljakdygy aýdylýar” diýip, habarçy belledi.
Azatlyk Radiosyna bu barada degişli türkmen resmilerinden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.
Ýöne bu habar türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen mahalyna gabat geldi.
Bu baradaky karara 9-14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisiniň dowamynda gelindi. Şu aýyň başynda Türkmenistan bu baradaky degişli teklip bilen ýüz tutupdy.
16-njy dejabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu habar bilen baglylykda gutlag iberip, muny “taryhy ähmiýetli waka” diýip häsiýetlendirdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow 'öwülýän we bogulýan' senetçi bolan halyçylara gowy durmuşy wada berdi“Halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Halyçylaryň netijeli işlemekleri we dynç almaklary üçin hem ähli zerur şertler döredilýär” diýip, döwlet baştutany öz gutlagynda belledi.
Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi ýurtda gölleri döwlet baýdagyny we döwlet gerbini bezän türkmen halyçylygyna bolan yhlasyň hem-de ony dokamaga bolan höwesiň ýyl-ýyldan azalýandygyny aýdýar.
Munuň sebäpleriniň ýurtda halyçynyň zähmetine tölenýän hakyň pesligi, halylaryň daşary ýurtlara çykarylmagyna girizilen böwetler we halynyň bir adamyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmakda ulanylmagy bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
Şeýle-de, ýurtda halyny daşary döwletlere çykarmak boýunça girizilen gadagançylyklaryň we çäklendirmeleriň halyçylaryň “elini sowadýandygy” hem bellenilýär.
2016-njy ýylyň 25-nji martynda Berdimuhamedow “Türkmenistanda öndürilýän ýüňi hem-de elde dokalan haly we haly önümlerini daşary ýurtlara ýerlemegi kämilleşdirmek hakyndaky” karara gol çekdi.
Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere Türkmenistanda öndürilýän ýüňi (saryja goýnuň ýazlyk ýüňünden başga) daşary ýurtlara ýerlemäge ygtyýar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.