Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegini gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halylary synlaýar. (arhw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halylary synlaýar. (arhw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglylykda gutlag iberdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow muny “taryhy ähmiýetli waka” diýip häsiýetlendirdi.

12-nji dekabrda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi. Bu baradaky degişli teklibi Türkmenistanyň özi hödürläpdi.

Türkmenistanda dürli derejedäki geçirilýän çäreleriň tas ählisinde halylar giňden ulanylýar. Berdimuhamedowyň haly sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” ýaly eserleri hem çykdy.

Şol bir wagtda, ýurtda gölleri döwlet baýdagyny bezän türkmen halyçylygyna bolan yhlasyň ýyl-ýyldan azalýandygy aýdylýar.

Munuň sebäbi Türkmenistanda halyçynyň zähmetine tölenýän hakyň pesligi, daşarky bazarlara çykaryljak halylara basylýan böwet, halynyň bir adamyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmakda ulanylmagy, meýdanda aýak astyna düşelmegi bilen düşündirilýär.

XS
SM
MD
LG