Türkmenistanyň derňew gulluklary Milli howpsuzlyk gulluklaryň geçen ýylda sud edilen işgärleriniň işlerine gaýtadan seredýärler. Käbir işler boýunça türme tussaglygynyň möhleti kemeldildi. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň derňew organlaryna we biznes toparlaryna ýakyn çeşmeleriniň aýtmaklaryna görä, işlere gaýtadan seredilmegi öňki içeri işler ministri Iskender Mulikowyň wezipesinden çetleşdirilmegi we soň tussag edilmegi bilen bagly. Şeýle-de, Azatlyk Radiosy täsirli öňki ministriň prezidentiň gazabyna duçar bolmagynyň käbir sebäplerini anyklady.
Häzir gaýtadan seredilýän jenaýat işleriniň arasynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň geçen ýylyň tomsunda sud edilen öňki ýokary wezipeli ofiserleriniň işleri hem bar. Hususan-da, Azatlyga geçen ýylda maglumat beren ygtybarly çeşmelerimiziň sözlerine görä, MHM-niň merkezi derňew edarasynyň öňki işgärleri we maliýe pudaga gözegçilik edýän edarasy barada gürrüň gidýär.
Işine gaýtadan seredilen öňki MHM işgärleriniň biriniň şahsyýeti Azatlyk Radiosyna mälim boldy. Güýç edaralaryna ýakyn çeşmämiziň sözlerine görä, onuň tussaglyk möhleti esli kemeldilipdir we ol Owadandepedäki berk şertli türmeden başga türmä geçirilipdi. Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, onuň özüniň we iş kesilen beýleki kärdeşleriniň bitaraplyk senesi sebäpli geçirilen günä geçişde boşadyljagyna garaşylypdy. Emma olaryň günäsi geçilenleriň sanawlaryna düşüp-düşmändigi nämälim galýar. Bu makalanyň taýýarlanan wagtynda şol adam azatlyga goýberilmändi.
Arkadagyň "şägirdi" Mulikow näme üçin jeza aldy?
Türkmenistanyň güýç strukturalaryna we biznes toparlaryna ýakyn çeşmeler wezipesinde özünden öňki resmilerden has uzak saklanan Iskender Mulikowyň prezidentiň gazabyna duçar bolmagyna sebäp bolan ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler. Şu aýyň başynda Iskender Mulikow korrupsiýa sebäpli türme tussaglygyna höküm edildi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri azatlykdan mahrum edildi (WIDEO)Azatlygyň çeşmeleri 44 ýaşly Mulikowyň ýagdaýynyň yraň atýandygyny we özüniň wezipesinden çekilmek isleýändigini ilkinji gezek 2017-nji ýylyň iýul aýynda habar beripdi, şonda prokuraturanyň we IIM-niň düzüminde nobatdaky arassalaýyşlar geçirilipdi, şol sanda baş prokuror Amanmyrat Hallyýew işden boşadylypdy. Azatlygyň maglumatyna görä, Mulikow şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, işden boşadylmagyny sorapdyr, emma onuň haýyşy ret edilipdir. Prezidentiň Mulikowa bolan aýratyn gatnaşygy we döwlet baştutanynyň töweregindäki täsirli adamyň goldawy muňa sebäp bolupdyr.
Degişli maglumat IIM-niň başlygy Mulikow wezipesinden boşadyldy, harby çini peseldildi, döwlet sylaglaryndan mahrum edildi (WIDEO)
Azatlyga mundan öň ynamly maglumat beren çeşmämiz Mulikowyň tussag edilendigini we onuň tiz wagtda telewizorda toba edişiniň görkeziljekdigini noýabryň ortalarynda habar berdi. Şonda bize bu maglumaty tassyklatmak başartmady, Mulikowyň ykbaly baradaky maglumatlar bolsa gapma-garşydy, şol sanda onuň prezidentiň jezasyndan gutulmagy başaryp, Balkan welaýatyna sürgün edilendigi aýdylypdy. Emma 3-nji dekabrda mälim bolşuna görä, Iskender Mulikow hakykatdan tussag edildi we türme möhletine eýe boldy.
Biziň çeşmämiz prezident Berdimuhamedowyň öňki ministre "hut özüniň terbiýelän we kemala getiren okuwçysy" ýaly seredendigini gürrüň berdi. Şonuň üçin "berk käýinçleriň" we "soňky duýduryşlaryň" rekord sanyna garamazdan, Mulikow 10 ýyllap ministr wezipesinde galypdy. Emma döwlet baştutanynyň öz "şägirdine" bolan gatnaşyk aşgabatly telekeçi Çary Kulow bilen bagly wakadan soň çürt-kesik üýtgedi. Mulikowyň onuň bilen ýakyn gatnaşygy bardy.
Kulow bilen nädogry gatnaşyk
Türkmen biznesiniň iň täsirli wekilleriniň biri hasaplanan Çary Kulowyň tussag edilip, 25 ýyl türmä höküm edilendigi sentýabryň ortalarynda mälim boldy. Resmi maglumata görä, Kulow bikanun telekeçilik işleri üçin sud edilip, jezalandyrylypdyr. Emma Azatlygyň çeşmeleriniň biriniň sözlerine görä, Kulow şu ýylyň iýul aýynda prezident Berdimuhamedowyň birden uzak wagtlyk ýitip, ölendigi hakynda gürrüňleriň ýaýramagyna esas döreden döwründe "özüni nädogry" alyp barandygy üçin jeza çekipdir.
Degişli maglumat Resmi Aşgabat ‘haj parahorlugyny’ boýun aldy, öňki ministriň we beýleki tussaglaryň 'teletobasyny' görkezdi
Azatlyk Radiosynyň maglumatyna görä, Kulow awgust aýynda tussag edilipdir. Şeýle-de, çeşme telekeçiniň tussag edilmeginden soň içeri işler ministri onuň boşadylmagy ugrunda prezidentiň öňünde hut özi tagalla edipdir. Bu Berdimuhamedowyň gaharyny getirip, Kulowyň ýagdaýyny ozalkysyndan has-da agyrlaşdyrypdyr.
Belläp geçsek, Azatlygyň çeşmesi Mulikowyň işden boşadylmagyndan birnäçe hepde öňýany içeri işler ministriniň ykbalynyň çözülendigini habar beripdi. Emma beýleki çeşmeler gapma-garşy maglumat beripdi. Mulikowyň wezipesinden boşadylmagy diňe 1-nji oktýabrda tassyklanypdy.
Azatlyk Radiosyna bu maglumaty we Kulowyň hamala "özüni nädogry alyp barandygy" hakyndaky gürrüňleri başga garaşsyz çeşmelerden tassyklatmak başartmady. Emma Azatlygyň beýleki çeşmeleriniň ählisi Mulikowyň we Kulowyň ýakyn gatnaşykda bolandygyny tassykladylar. Üstesine, olaryň dostlugyndan daşary umumy biznes bähbitleri hem bolupdyr.
Şol bir çeşmäniň aýtmagyna görä, Mulikowyň we Kulowyň bir oturylyşykda bile oturmagynyň suratlary prezidente görkezilipdir. Şol suratlaryň birinde olardan başga şol ýerde prezidentiň goragynyň şol wagtky ýolbaşçysy Meýlis Nobatow we güýç edaralaryň häkimiýet başyndaky ýene iki ýolbaşçysy bar. Çeşme şol ýokary derejeli resmileriň atlaryny agzady, emma Azatlyk şol suratyň nusgasyny alyp bilmänsoň biz olary agzamaýarys.
Mälim bolşuna görä, Nobatow Mulikow bilen bile sud edildi. Bu barada baş prokuror Batyr Atdaýew 3-nji dekabrda Howpsuzlyk geňeşinde yglan etdi. Nobatowyň tussag edilmegi köpler üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy, sebäbi ol soňky wagta çenli prezidentiň goragynyň ýolbaşçysy bolmagynda galýardy. Ýeri gelende aýtsak, baş prokuror Nobatowa telekeçilerden ägirt uly möçberde para almakda günä ýöňkelýändigini yglan edipdi.
MHM-niň işgärleriniň işlerine gaýtadan seredilýär
Azatlygyň çeşmeleri mundan öň Içeri işler ministrligindäki arassalaýyşlaryň Iskender Mulikowyň we ýene bir täsirli resmi Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewiň arasyndaky göreşiň netijesi bolup durýandygy aýdypdy. Olaryň sözlerine görä, Berdiýewiň içeri işler ministrinden gahar etmegine geçen ýylyň tomsunda Mulikowyň gözegçiligi astynda geçirilen derňew işleriniň netijesinde MHM-niň işgäriniň gynamalardan aradan çykmagy sebäp bolupdyr.
Degişli maglumat MHM-niň tussag edilen ýokary wezipeli işgäriniň soraga çekilende ölendigi öňe sürülýärAzatlyk Radiosy geçen ýylyň iýun aýynda MHM-niň birnäçe işgäriniň bikanun walýuta dolanyşyk bilen bagly aýyplamalaryň esasynda tussag edilendigini habar beripdi. Şonda biziň çeşmämiz "tussag edilenleriň arasynda Merkezi banka we Ykdysadyýet ministrligine gözegçilik edýän gullugyň başlygy Şamyrat Rejepowyň, şeýle-de telekeçilere lisenziýalary we rugsady berýän bölümiň başlygy Annaberdi Rahymowyň bardygyny" aýdypdy.
Degişli maglumat 'Gözegçiligi gowşadan' Mulikowa ýene bir gezek berk käýinç we soňky duýduryş berildiÝatlatsak, şonda köpçülikleýin tutha-tutluklar milli howpsuzlyk ministri Döwran Baýramowyň wezipesinden çetleşdirilmegine gabat gelipdi. Şonda çeşmelerimiziň maglumatlaryna görä, MHM-niň derňew edarasynyň birnäçe ýokary wezipeli ofiseri işden boşadylypdyr. Ministr Baýramowyň soňky ykbaly nämälim galýar. Emma, Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, MHM-niň wezipeden mahrum bolan ofiserleri tussag astyna alnypdyr. Olar bilen bilelikde bikanun walýuta söwdasynda aýyplanyp azyndan 10 telekeçi we 20-den gowrak bank işgäri tussag edilipdir.
Şonda Azatlygyň çeşmeleri bikanun walýuta çalyşygyna degişli işleriň ählisiniň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň şol wagtky ýolbaşçysy Iskender Mulikowyň gözegçiliginde alnyp barylandygyny aýdypdy. Şol wagtda oňa polisiýanyň general-leýtenanty diýen ýörite at berlipdi. Azatlyk geçen ýylda tussag edilen MHM-niň bir işgäriniň derňew işleriniň dowamynda gynamalar zerarly heläk bolandygyny habar beripdi.
Şol wakalardan bir ýyldan gowrak wagtyň geçmegi bilen şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Mulikowyň özi uly galmagal bilen işden kowuldy we korrupsiýa bilen baglylykda türmä düşdi. Onuň işden kowulmagy işlere gaýtadan seredilmegine sebäp boldy.
Azatlyk Radiosy bu materialyň taýýarlanan döwründe iki hepdäniň dowamynda çeşmeleriň beren maglumatary bilen baglylykda Türkmenistanyň güýç ministrliklerinde we sud organlarynda kommentariý almaga synanyşdy, ýöne netije bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.