Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Gözegçiligi gowşadan' Mulikowa ýene bir gezek berk käýinç we soňky duýduryş berildi


Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow
Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji aprelde “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklarda düzgün-nyzamyň ýagdaýyna gözegçiligi gowşadandygy üçin” diýip, Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan etdi.

Adatça bolşy ýaly, metbugat habaryndan minitriň “ýol beren” kemçilikleri aýdyň bolman galýar.

Şeýle-de Mulikowa ýol beren kemçiliklerini gysga wagtda düzetmek üçin soňky gezek duýduryş berildi.

Isgender Mulikowa şu ýyldaky ilkinji berk käýinç we soňky duýduryş ýanwar aýynyň başynda berildi.

Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi Mulikowyň “ýokarsyndaky bulutlaryň öňräkden bäri goýalýandygyny” habar beripdi, emma soň, hususan-da 26-njy fewralda Türkmenabatda “Beýik Ýüpek ýoly” sport ýaryşlaryna badalga berlende, fransuz sportsmeni Žan-Lui Şlesseriň G.Berdimuhamedowa bahasy aýdylmadyk sport maşynyny sowgat bermegi bilen, yzly-yzyna berk käýinç we soňky duýduryş berilýän ministriň “ýokarsyndaky bulutlaryň dargandygy” çaklanyldy.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, bu maşyn sowgady Amal-Hazar awtorallisini gurnamak tabşyrylan Mulikowyň gurnamagynda berildi. Şol bir wagtda ministr täze maşyny ogly Serdar bilen synag eden prezidente ýurduň sport merkeziniň adyndan maşyn sürüjiniň lybaslaryny sowgat berdi.

Hasaplamalara görä, 27-nji aprelde berlen käýinç Mulikowyň 2009-njy ýylyň maýynda, 34 ýaşynda ministr belleneli bäri alan onunjy berk käýinji bolýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, ýanwarda Mulikowa “işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda kemçilik goýberendigi” üçin käýeldi. Ýöne onuň işe bellän resmileriniň nähili terslik edendigi anyklaşdyrylmady.

Azatlygyň çeşmeleriniň geçen ýylyň fewral, maý aýlarynda we soňra beren maglumatlaryna görä, 43 ýaşyndaky Mulikowyň ýokarsyndaky “bulutlar has öň goýalyp başlady” we ol 2017-nji ýylda birnäçe gezek, saglyk ýagdaýyna salgylanyp, işden çekilmäge synandy.

Emma Berdimuhamedow ony işden goýbermedi we hökümetdäki çeşme Mulikowa ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň ykbalynyň garaşýan bolmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy.

Prezidentiň Mulikowdan nägileligi ilkinji gezekgeçen ýylyň maý aýynda turan korrupsiýa galmagalynda has mälim boldy.

Şonda Berdimuhamedowyň Aşgabatda sentýabr aýynda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryna gurply adamlardan serişde toplamak tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligine “gaty gahar edendigi” habar berildi.

Ekspertleriň bellemegine görä, bu oýunlar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisine gabat geldi we türkmen gaznasyna 10 milliarda golaý dollara düşdi.

Şondan bäri Türkmenistanda onlarça resmi korrupsiýada aýyplandy ýa-da umumy sözler bilen iş oňarmazlykda aýyplanyp, wezipesinden boşadyldy.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky öňki içeri işler ministrlerinden tapawutlylykda, I.Mulikow öz wezipesinde has uzak saklandy we ýerli synçylar bu ýagdaýy onuň kakasynyň öz wagtynda Mälikguly Berdimuhamedow bilen dostluk gatnaşyklarynda bolmagy bilen düşündirýärler.

XS
SM
MD
LG