Türkmenistanyň Mary we Balkan welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary raýatlaryň zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmak üçin ertirden agşama çenli şäheriň dürli künjeklerini aýlanýandygyny aýdýarlar.
“Mary şäheriniň bankomatlary boş, ýagny şäher boýunça ‘Belent’ söwda merkeziniň öňünde ýerleşýän ‘Türkmenistan’ bankynyň daşynda iki bankomat işleýär. Ol bankomatlaryň hersiniň öňünde nobata duran adamlaryň sany 100-den geçýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçylarymyzyň biri 15-nji noýabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Oba ýaşaýjylary nagt puluň gözleginde Baýramala, Mara barýarlarHabarçy şol bankomatlarda raýatlaryň öz zähmet ýa pensiýa haklaryny bir gezekde doly nagtlaşdyryp bilmeýändigini hem aýtdy.
“Bu iki bankomata karty salanyňda, olaryň biri 400, beýlekisi 200 manatdan berýär” diýip, habarçy belledi.
Onuň sözlerine görä, şäherdäki bankomatlara polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýär we olaryň her biriniň ýanynda azyndan 4 polisiýa işgäriniň durandygyny görse bolýar.
“Şu gün ‘Türkmenbaşy’ bankynyň arka tarapyndaky bankomatlaryň öňünde duran 4 sany polisiýa işgäri baran adamlary yzyna ugradyp durdy. Olar ‘bankomat işleýän däldir, ertir geliň’ diýýärler. Adamlar ‘kartlarymyzy bankomatlara salyp göräýeli’ diýse-de, olara rugsat bermeýärler’ diýip durlar” diýip, habarçy belledi.
Aýdylmagyna görä, bu polisiýa işgärleriniň näme sebäpden bankomatlara garawullyk edýändigibarada resmi düşündiriş ýok. Ýöne olar nobatlaryň surata düşürilmezligi üçin adamlary yzarlaýana çalym edýär.
Degişli maglumat Maryda, Lebapda, Daşoguzda ilat kartlaryna geçirilen pullaryny alyp bilmeýär“Bankomadyň töwereginde bir adam telefonynda gürleşip başlasa, polisiýa işgärleriniň ünsi şol adamda bolýar” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçylarynyň biri şuňa meňzeş ýagdaýlaryň bu welaýatda-da gaýtalanýandygyny habar berýär.
“Welaýatda zähmet we pensiýa haklary gijikdirilip berildi. “Halkbank’, ‘Türkmenbaşy’ we ‘Senagat’ banklaryndaky bankomatlaryň ählisi boş, olarda nagt pul ýok. Adamlar näme etjegini bilmeýär. Bankomatlara pul gelse, olaryň öňünde dessine nobatlar döreýär. Ýöne gelen pul adamlaryň ählisine ýetmeýär” diýip, balkanly habarçy 15-nji noýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, adamlar gündelik rugsat berilýän 800 manat limiti almak üçin öz kartlaryny dört gezek bankomada salmaly we çykarmaly bolýarlar. Raýatlar her gezek bank kartlaryny salanda, diňe 200 manady nagtlaşdyryp bilýärler.
Degişli maglumat Sakarçägede ýeke bankomat işleýär, Lebabyň dermanhanalarynda töleg terminallary işlemeýär, adamlar soraýar: “Plastik kart nämä gerek?”Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar indi iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Ýöne bu bökdençlikler soňky alty aýa golaý wagtyň dowamynda has-da güýçlendi.
Türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligini tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.
Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň bank işgärleriniň bank ulgamy boýunça tejribelerini kämilleşdirmek üçin daşary ýurt bank ekspertleri bilen duşuşýandygy barada habarlar peýda bolýar.
Amerikanyň Wiskonsin uniwersitetiniň maglumatyna görä, 22-nji oktýabrda türkmen delegasiýasyna döwrebap bank ulgamyny döretmäge ýardam bermek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi we Senagat banklarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.