Aşgabadyň çagalar bagynyň resmisi körpeleriň iýmitini dükanlara satmakda aýyplanyp ‘tussag edildi’

Türkmenistanda çagalar bagynyň howlusynda oýnaýan körpeler we olara esewan edýän enekeler, terbiýeçiler. Arhiwden alnan surat

Geçen hepde Aşgabadyň polisiýa işgärleri 104-nji çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň hojalyk işler boýunça orunbasaryny tussag etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.

Bu habar Marynyň çagalar baglarynda barlaglaryň geçirilýändigi we körpelere berilýän iýmitiň hiliniň barlanýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Degişli maglumat Marynyň çagalar baglarynda barlaglar geçirilip, körpelere berilýän iýmitiň hili barlanýar

Neşir öz ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp, 8-nji noýabrda çap eden habarynda hojalyk işler boýunça orunbasaryň körpelere berilýän azyk önümlerini dükanlara satmakda aýyplanyp tussag edilendigini mälim etdi.

“Bu azyk harytlarynyň arasynda tüwi, mesge ýagy, goýaldylan süýt we makaron, unaş önümleri hem-de alma bar. Çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň hojalyk işler boýunça orunbasarynyň saklanmagy bilen bagly jenaýat işi gozgaldy. Derňewçiler çagalar bagyna berilýän azyk önümleriniň belli bir böleginiň yzygiderli söwda dükanlaryna satylandygyny anykladylar. Bu wakadan çagalar bagynyň ýolbaşçysy habarly däl ýaly bolup görünýär. Sebäbi ol öz wezipesini dowam etdirýär” diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Neşir bu wakadan soňra şäheriň çagalar baglarynyň köpüsinde barlaglaryň geçirilip başlanandygyny hem habar berýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, bu aýdylanlar barada 104-nji çagalar bagyndan hem kommentariý alyp bilmedi.

Degişli maglumat Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar

Ýöne bu habar Mary welaýatynyň Mary şäherindäki çagalar baglarynda barlaglaryň geçirilýändigi we körpelere berilýän iýmitiň hiliniň barlanýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

5-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri welaýatyň howpsuzlyk we prokuratura işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu barlaglaryň duýdansyz amala aşyrylýandygyny aýtdy.

“Barlagçylar hojalyk müdirlikleriniň ammarlaryna girip, terezide azyk önümlerini ölçeýärler. Aşhana girip naharyň bişirilişini, iýmitiň ýokumlylygyny barlaýarlar. Naharlara goşulýan azyk önümleriniň agramyny hem ölçeýärler” diýip, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň we ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan maryly habarçy gürrüň beripdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň çagalar baglarynda ene-atalardan ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny öýlerinde ýuwup getirmek talap edilýär

Habarçy bu barlaglaryň çagalar baglarynda körpelere berilýän azyk önümleriniň hiliniň pesligi, olaryň öýlerine aç gelýändigi barada ene-atalaryň ençemesiniň welaýat prokuraturasyna ýazan arzalarynyň yzýany geçirilýändigini aýdypdy.

2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy. Şondan bäri ene-atalaryň onlarçasy çagalar baglarynyň tölegleriniň duýdansyz 10 esse gymmatladylandygyna garamazdan, olarda berilýän iýmitiň hiliniň gowulanmaýandygy barada ençeme gezek habar berdiler.

27-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň çagalar baglarynyň ençemesinde täze düzgüniň güýje girizilendigini gürrüň berdi. Bu düzgüne görä, ene-atalardan körpeleriň çagalar baglaryndaky ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny öýlerinde ýuwup getirmek talap edilýär.

Türkmenistanyň çagalar baglaryndaky bu meseleler barada ýuduň media serişdelerinde hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.